Ýozef fon Aýhendorf

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ýozef fon Aýhendorf

Ýozef fon Aýhendorf

(1788-1857)

Nemes romantizminiň beýik ýazyjy-şahyry Ýozef Karl Benedikt fon Aýhendorf dworýanlaryň maşgalasynda, Lýubowitz galasynda dünýä inipdir. 1801-1805-nji ýyllarda ol Breslau şäheriniň katoliki gimnaziýasynda okaýar, soňra Galle şäheriniň uniwersitetinde, Geýdelberg uniwersitetinde, Wena uniwersitetinde hukugy öwrenýär. 1813-1815-nji ýyllarda Aýhendorf Watan goragyna çykyp, Napoleona garşy söweşlere gatnaşýar. Uruşdan soň ol birnäçe ýyllap harby guramalarda işleýär, ýurduň jemgyýetçilik we syýasy meselelerine işjeň gatnaşýar. Emma ýaşlykdan ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelen Aýhendorf ýazyjylygy özüniň esasy borjy hasaplapdyr. Onuň «Güýz jadysy» atly ilkinji iri eseri 1808-nji ýylda çap edilipdir. Ýazyjynyň «Syzgy we hakykat»(1815) we «Mermer heýkel»(1819) ýaly kyssa eserleri okyjylar we tankytçylar tarapyndan örän gyzgyn garşy alnypdyr. Emma hakyky şöhraty ýazyja diňe «Ýaltanyň ýatlamalary»(1826) nowellasy getiripdir. Aýhendorfyň «Ýok ýerden turan galmagal»(1833), «Şahyr we onuň ýoldaşlary»(1834), «Dürande galasy»(1836), «Garamaňlaý», «Talaň» (1839) , «Garadan gaýtmaz»(1841) ýaly powestdir nowellalaryny eýýäm bütin dünýä okyjylary uly gyzyklanma bilen garşylaýarlar. Aýhendorfyň bu kyssa eserleri häzir hem özüniň döwrebaplygyny ýitirmän, elden düşürilmän okalýar.

Mundan ötri, ýazyjy şygryýet dünýäsinde hem ägirt uly miras goýupdyr. Onuň «Ýulian»(1853) we «Lusiý»(1857) eposlary romantizm žanrynda döredilen iň ajaýyp eserleriň hatarynda bolup, XIX asyr nemes ýazyjylaryna uly täsir ýetiripdir. Şygyrlary bolsa F.Mendelson, R.Ştrauss, R.Şuman, H.Wolf ýaly beýik kompozitorlar tarapyndan saza goýulypdyr.

Öz döwrüniň iň şöhratly ýazyjylarynyň biri bolan Aýhendorf 1857-nji ýylda, Ýokarky Sileziýanyň Naýse şäherinde aradan çykypdyr.