Ylymly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

«Ylymly» näme?[düzet | çeşmäni düzet]

«Ylymly» – bu türkmen dilinde ylym-bilime, okuw-terbiýeçilik işine, şeýle hem şahsy, maşgala we sosial kämillige degişli maglumatlary öz içine alýan ensiklopedik internet sahypasy. Saýtyň eýeçiligi belli bir şahsa degişli bolman, islendik kişi meýletin ýagdaýda onuň işine ýardam berip bilýär.

«Ylymlynyň» geçmişi we şu güni[düzet | çeşmäni düzet]

Saýt 2018-nji ýylyň maý aýynda ylymly.tk domeni bilen hereket edip başlady. Soňra has giň gerimli hyzmatlary köpçülige ýetirmek maksady bilen hosting üýtgedileni sebäpli, 2019-njy ýylyň fewral aýynda ylymly.com salgysyna göçürildi.

Maksady näme?[düzet | çeşmäni düzet]

Diňe bir Türkmenistandaky däl-de, bütin dünýädäki türkmenleri ylmy täzelikler, kitaplar, makalalar, peýdaly we gyzykly maglumatlar, şol sanda okuwçylar, talyplar hem-de mugallymlar köpçüligi üçin niýetlenen dürli dersler boýunça maglumatlar, audio-wideo materiallar, okuw kitaplary, çeper eserler, pedagogiki we metodiki gollanmalar, kompýuter programmalary we şulara meňzeşler bilen üpjün etmek arkaly ylym-bilimimizi kämilleşdirmek we ýurdumyzda ylym-bilim ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere goşant goşmak.

Nähili mümkinçilikler bar?[düzet | çeşmäni düzet]

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyp hödürlenen okuw kitaplary we olardaky temalardan peýdalanmak;
  • dürli bilim edaralarynda okadylýan dersler bilen baglanyşykly goşmaça, gyzykly we peýdaly ýazgylary okamak;
  • okuw prosesinde ýüze çykýan, şeýle hem mugallymlary, okuwçylary we talyplary gyzyklandyrýan meseleler dogrusynda pikir alyşmak;
  • çeper we beýleki kitaplar, gollanmalar, oýunlar, gönükmeler, görkezme esbaplar, audio we wideo ýazgylary almak;
  • okuw dersleri boýunça test görnüşindäki 10-15 soragly synag tabşyryp, öz bilim derejäňizi barlamak;
  • saýta işjeň gatnaşmak arkaly, ýagny onda ylym-bilim derejämizi kämilleşdirmäge ýardam berjek ýazgylaryňyzy, terjimeleriňizi, maslahatlaryňyzy we tejribeleriňizi paýlaşyp, çykarylýan ýazgylara teswir ýazmak we günde saýtymyza girmek bilen bal we dereje gazanmak;
  • kompýutere we ykjam enjamlara gurnamak üçin peýdaly programmalar hem-de yzygiderli NOD32 antiwirus programmasynyň iň soňky bazasyny ýükläp almak;
  • we şulara meňzeş mümkinçilikler ýörite siziň üçin taýýarlanar.

Ulanmagyň düzgünleri[düzet | çeşmäni düzet]

  • Saýtyň çäginde jemgyýetçilik ahlak kadalaryny saklamaly. Olar ýazýan teswirlerimizde we belliklerimizde, şeýle hem özara gürrüňlerimizde we hatlarymyzda biziň ýörelgämiz bolmalydyr. Hiç hili äsgermezçilige we paýyş sözleriň aýdylmagyna ýol bermeli däl. Saýtda syýasy we dini, ylaýta-da adam bedenine we ruhy sagdynlygyna zyýan ýetirýän islendik zat gadagandyr.

Saýta agza bolman ulanyp bolýarmy?

  • Hawa. Emma teswir ýazyp, synag tabşyryp, ýaryşa gatnaşyp, ýazgy paýlaşyp bilmek üçin siz hökmany suratda saýtymyza agza bolmaly we şahsy hasabyňyzy döretmeli bolarsyňyz.

Habarlaşmak üçin[düzet | çeşmäni düzet]

Saýt göwnüňizden turar diýen umyt bilen…

ADMINISTRASIÝA