Wikipediýa:Tutorial

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

== Omar Haýýam == (1040-1123)Edebiýat

http://www.yaprakpress.com/htm/turkmen/omar-hayyam.htm Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygynda Seljuk türkmenleriniň Gaznalylary kül-peýkun edip, Horasanda tagta çykan ýyllarynda Ybraýym çadyrçynyň ogly boldy. Oňa Kyýaseddin Abulfath Omar Haýýam diýip at goýdular. Soňra ylymda we şygyr äleminde ol Omar Haýýam hökmünde meşhur boldy.

Omar Haýýam ýaşlygyndan ylma-bilime örän höwesli bolupdyr. Ýigrimi ýaşyndaka “Matematiki şekiller” diýen kitabyny ýazýar we bu kitap bilen ylymly adamlaryň arasynda tanalýar. Şeýle-de bolsa öz döwrüniň ylym ojaklary hasaplanan Buharada, soňra Yspyhanda bilimini artdyrýar. Ýaş alyma Seljuk türkmenleriniň hökümdary Mälik şa howandarlyk edýär we Yspyhanda obserwatoriýa açyp berýär. Omar Haýýam töweregine ýaş alymlary jemläp, astronomiýany, matematikany öwredýär. Ol 1079-njy ýylda dünýäde iň anyk we kämil kalendary işläp düzýär.

Omar Haýýam astronomiýa, matematika, pelsepe ylmy, saz we beýleki ugurlar boýunça gymmatly eserleri döretdi. Onuň beýik alymlygyna uly sarpa goýýan alymlar oňa “Alymlaryň atasy” diýen belent ady dakdylar.

Omar Haýýam dünýä meşhur şahyrdyr. Ol rubagy žanrynyň deňsiz-taýsyz ussadydyr. Onuň rubagylary çeperçiligi, tematiki özboluşlylygy, halkylygy, many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyr rubagylarynda ynsan mertebesini belende galdyrýar, söýgini, gözelligi hakyky durmuşy wasp edýär. Terkidünýäligi we göwnüçökgünligi ýazgarýar. Ýalançylyga, hilä we mekirlige, eden-etdilige garşy göreşýär. Göräýmäge ol meýi wasp edýän ýaly bolup dur. Aslynda şahyr içeni serhoş edýän meýi orta asyryň gaflat ukusynda ýatan adamlaryň serini oýarmak üçin ylham meýini içmegini ündeýär. Şeýdibem, durmuşy bolşy ýaly görmegi talap edýär.

Şahyryň rubagylarynda many-mazmunyň çuňlugy bilen bir hatarda, erkinlik we erkin pikir ýöretmek, aýyl-saýyl obrazlary döretmek, diliň baýlygyndan ussatlyk bilen peýdalanmak aýratynlygy bar. Şonuň üçinem oňa “Şahyrlaryň şasy” diýibem at dakdylar.

Seljuk türkmenleriniň hökümdarynyň baş weziri, şahyryň ýaşlyk ýoldaşy Nyzam al-Mülk haýynlyk bilen daşary ýurt içalylary tarapyndan öldürilenden soň, Omar Haýýam haja gitmek bahanasy bilen Yspyhandan gidýär. Ol haj zyýaratyny berjaý edip gelensoň, ömrüniň 20-25 ýylyny Nyşapurda ýaşap geçirýär. 1123-nji ýylda şol ýerde hem aradan çykýar.


Rubagylar


Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, Zyýadadyr onuň akyly, huşy; Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr bezegi, zynaty, gaşy.

  • * *

Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy, Söýme, bet kişini, ger tapsaň ýagşy, Il-halka özüňi söýdürjek bolsaň, Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.

  • * *

Her kim iki günde ýetse bir nana, Döwük gapdan suw tapdyrsa ynsana, Neçüýn hyzmat eder özi dek kişä, Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?

  • * *

Ýas tutdy zamana, men mundan göçdüm, Çünki ýüz göwherden bir göwher seçdim. Haýp, ýüz-müň inçe manyly sözi Ilde bilim az diýp, aýtman geçdim.

  • * *

Dost tutun sen aňly hem dogry kesden, Müň agaç daşda dur gylygy pesden, Iç , eger bilimli zäher berse-de, Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.

  • * *

Men syrly dünýäden gelen bürgütdim, Bir orun bolar diýp boş niýet etdim. Bu ýerde tapmamsoň syryma syrdaş, Öň giren gapymdan çykdym-da gitdim.

  • * *

Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni, Gazap odun ýakyp, berme nogsany. Eger sen hemişe dynçlyk isleseň, Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany.

  • * *

Çyn aşyklar bakmaz görnüşe, ýüze, Dowzahy–behişdi hiç ilmez göze. Ýassansa per ýassyk ýa gara daşy, Ýüň, ýüpek geýse hem parhsyz diýr bize.

  • * *

Yşk Allaň hökmüdir, bela hem bolsa, Kim bu hökme sögse hatadyr, bilse, Erte hasap almak neçüýn bendeden, Ýagşy-ýaman–bary Taňrydan gelse?

  • * *

Tebigat her güli çykarsa ýerden, Ýene guma garyp, ýok edýär birden. Toprak bulut bolup asmana galsa, Aşyklaryň gany ýagar ýokardan.

  • * *

Dostumdyr–keseki eýlese wepa, Ýagymdyr–ýakynym ger berse jepa. Bal–eger ýakmasa, zäherdir maňa, Dermandyr–zäherden tapaýsam şypa.

  • * *

Jahana ýetsedi mendäki kuwwat, Bu harap düzgüni ederdim berbat. Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä, Adamlar islegne ýeterdi aňsat.

  • * *

Seniň yşgyň ýüki däldir maňa ar, Bilmez muny nadan, yşkdan bihabar. Mertlere dermandyr yşgyň şeraby, Namart adam ömür beýle bagta zar.

  • * *

Aýy ýyla dönse, ökünmez adam, Gapdalynda bolsa aý ýüzli ýary. Sözüniň üstünde tapylýan adam, Mertleriň merdidir, ärleriň äri.



Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Başkent» bilim merkeziniň neşirleri. Aşgabat 2005.