Wikipediýa:Kategoriýalar boýunça gözleg

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Amyderýa döwlet goraghanasy Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek maksady bilen döredildi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Seýdi etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň häzirki meýdany (akwatoriýany goşmak bilen) - 49,5 müň ga. Goraghananyň garamagynda Kelif döwlet aw zakaznigi bar. Ol 1970-nji ýylda döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektar. Zakaznigiň haýyrly ýerleri guşlaryň höwürtgelemegine, gyşlamagyna we olaryň 200-den gowrak görnüşiniň göçüş döwri düşlemegine uly ýardam edýär. Goraghanada jülgeli we arnaly tokaýlyklar, gyrymsy agaç ösümlikleri bilen örtülen we ýarymörtülen ulgam-depeli çägeler, aklaň çägeler, şorluklar gowy görkezilendir. Goraghananyň çägine Amyderýanyň suw ýüzüniň bölegi hem girýär. Şeýle-de bu ýerde sil suwundan ýygnalýan wagtlaýyn suw howdanlary hem bar. Goraghananyň bölekleri Turan pesliginiň Demirgazyk landşaft raýonynyň çöl zolagynda ýerleşýär we yssy, gurak howasy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghana golaý ýerlerde howanyň ortaça temperaturasy ýyl boýunça +10° dan demirgazyga, +15° günorta çenli bolup, absolýut minimumy - 31° we maksimumy +45° bolýar. Iýul aýynyň ortaça temperaturasy +29°, ýanwaryňky 0,40 bolýar. Gar örtügi 5-8 sm. galyňlykda örän seýrek bolýar we 10 günden köp durmaýar. Şemalyň ýagdaýy ýylyň bütin dowamynda ýokarlygy bilen häsiýetlendirilýär, tozanly tupan ýylyň dowamynda 19-20 gün, kä wagtlar ondan hem köp bolýar. Goraghana döredileni bäri ýokary derejeli ösümlikleriň 200-e golaý görnüşi aýan edildi. Tokaý florasy garyplygy bilen tapawutlanyp, bu ýerde bary-ýogy ösümlikleriň 86 görnüşi anyklanyldy, olaryň diňe 15 görnüşi adatydyr. Olara deregiň iki görnüşi - pette we toraňňy, igde, jungar söwüdi, ýylgyn, çemiş, buýan, adaty gamyş, hyşa, kendir, şorçaýyr degişlidir. Däneliler, çylşyrymlygülliler we ýylgynlar dürli görnüş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerdäki tokaýlygyň gyrymsy agaçlary we iri otlary geçip bolmajak jeňňellikleri döredýärler. Çöl bölekleriniň ösümlik dünýäsi tokaýlara garanda baýdyr. Görnüş baýlygy boýunça birinji ýeri Merkezi Aziýanyň çöl ýerlerine mahsus bolan selmeler eýeleýär.

Hojaýew Baýram Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti