Wikipediýa:Contributing to Wikipedia

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

== [Abu Seýit Abylhaýyr – Mäne baba](967–1049) == http://www.yaprakpress.com/htm/turkmen/mane-baba.htm


Mäne babanyň doly ady Abu Seýit Fazlylla Ahmet bin Muhammet bin Ybraýym bolupdyr. Il arasyndaky ýörgünli ady Abu Seýit Abylhaýyr Mäneýidir. Mäne baba onuň lakamydyr. Ol 967-nji ýylda häzirki Kaka etrabynyň (orta asyrlardaky Abiwert, Bawert) Mäne obasynda dünýä inýär. Onuň ata-babasy tebipçilik bilen meşgullanypdyr. Abu Sagydyň kakasyna Abu Haýyr diýipdirler.

Abu Seýit ýaş wagty gijelerine öýünden çykyp, guýa girip, asmana seredip, Hudaýa mynajat eder eken. Okuwda aýratyn zehinliligi bilen tapawutlanypdyr. Ol obasynda başlangyç bilim alandan soň, Marydaky medresede on ýyllap okaýar we öz döwrüniň dini pelsepe ylmyna eýe bolup, Saragsa barýar. Saragsda pir Abul Fazyla mürit bolýar. Ýedi ýyldan soň pirinden pirlik hyrkasyny geýip, ak pata alyp, obasyna dolanýar.

Mänede Abu Seýit bilim berýär, halkyň arasynda, metjitlerde dini we ahlak mowzuklarda wagyz-nesihat edýär. Onuň iki ogly bolýar. Bir gezek Abu Seýit: “Men ýerde otyrkam uçup bilýärin, asmanda gezip ýörkäm ýerde suwa düşüp bilýärin” diýip men-menlik edýär. Şonda ogullarynyň ulusy ýogalýar. Abu Seýit üç günläp oglunyň guburyny gujaklap, aglap ýatýar. Şonda guburdan ses gelýär: “Amula, pir Aly Apbasyň ýanyna bar, toba et we mürit bol”.

Abu Seýit Amula (häzirki Türkmenabada) gidýär. Üç ýyllap pir Aly Apbasyň müridi bolýar. Aly Apbas oňa ikinji gezek hyrka geýdirýär we täzeden pirlik patasyny berýär. Şondan soň Abu Seýit hiç wagt men-menlik etmändir we adamzadyň mertebesini beýgeltmek, olaryň dost-doganlygyny, agzybirligini gazanmak ugrunda iş alyp barypdyr.

Şol döwürde Orta Aziýa, Eýran, Hindistan we Rumustan soltan Mahmyt Gaznalynyň elinde bolupdyr. Mahmyt Gaznaly Abu Seýidi köşge çagyrypdyr. Emma Abu Seýit barmandyr. Haçan-da Mahmyt Gaznaly ýogalandan soň, onuň ogly Masud Gaznaly şa bolanda, Seljuk türkmenlerine çakdanaşa çydamsyz azap berip ugrapdyr. Munuň bilenem çäklenmän, uly goşun toplap, olaryň üstüne ýöriş edipdir. Şonda seljuk türkmenleriniň ýaş serkerdeleri Togrul beg bilen Çagry beg “Nätmeli?” diýen sowal bilen Mäne babanyň ýanyna maslahata barypdyrlar. “Indi söweşmeli–diýip, Mäne baba sözüni dowam etdiripdir. –Bilýän, Siziň goşunyňyz san taýdan az. Gep sanda däl. Arkaňyzda Alla bar. Ýeňişem, geljegem Siziňkidir” diýip, Mäne baba olara ak pata beripdir.

1040-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 24-inde Daňdanakan söweşinde seljuk türkmenleri oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan Masud şany we onuň goşunyny çym-pytrak edip ýeňýär. Şu döwürden başlabam Pamir daglaryndan Gara deňze çenli, Syrderýadan Ortaýer deňzine çenli hökümdarlyk eden seljuk türkmenleriniň döwri başlanýar.

Emma Abu Seýit Mänede galypdyr. Şygyr döredipdir. Ylymly-bilimli adamlar bilen duşuşypdyr. Bir gezek ol belli alym Abu Aly ibn Sina bilen duşuşypdyr.

Abu Seýit Mäne babanyň goşgulary sada, düşnükli, çeper, örän many-mazmunly häsiýete eýedir. Onuň edebi mirasy biziň döwrümize dolulygyna gelip ýetmese-de, uly şahyr bolandygy döwürdeşleriniň we soňky ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlaryň ýazgylarynda duş gelýär. Birnäçe ýazarlaryň işlerine salgylanmak bilen köp alymlar Masguly Merwezi, Abu Seýit Mäne baba ýaly şahyrlaryň atlaryny türkmen edebiýatynyň wekilleri hökmünde agzap geçýärler. Olaryň goşgularynyň halk arasynda saklanyp galmanlygynyň birnäçe sebäpleri bar. Birinjiden, olar goşgularyny arap-pars dillerinde ýazypdyrlar. Ikinjiden, Mäne baba medeni merkezlerden daşda, öz obasynda ýaşapdyr. Şol ýerde hem 1049-njy ýylda aradan çykýar. Ol 83 ýyl we dört aý ýaşaýar. Jemi 1000 (müň) aý ýaşapdyr. 1000 aý ýaşan adama bolsa “Şyhpany” diýipdirler.

Mäne babadan bir ogul–Abu Tahyr galýar. Ol köp ýyllap Mälik şanyň köşgünde ulamalyk edýär.


Rubagylar


Gel, gel, her kes bolsaň, gel,

Kapyrmyň, gäwürmiň, butparazmyň, gel,

Bu gapy näumytlaň gapysy däldir,

Ýüz gezek tobany syndyrsaňam, gel.


  • * *


Gözlerimden uky ornun sil aldy,

Kalbym seni görmek üçin suw oldy.

Diýýärler “uklagyl, düýşde görersiň”,

Uky nirde, ýürek-bagrym owuldy.


  • * *


Haweranyň topragynda bar olmaz,

Kişi meň işime giriftar olmaz.

Seň jemalyň, haýru-yhsanyň üçin,

Ýüz-müň jany gurban bersem, ar olmaz.


  • * *


Töwerekde selme, erşi-de argaç,

Ýol ugry miweli, miwesiz agaç,

Gök ýüzünde petreýän ak ýyldyz,

Söwer ýara salamymy aýdyp öç.


  • * *


Minnet çekmezligi Hakdan dilegin,

Aýagna toz bolup, her bir telegiň,

Doga bilen işimiz ýol almasa,

Üç talagyn biýrin çarhypelegiň.


  • * *


Hijran ody bagrym birýan eýledi,

Gam tupany çeşmim girýan eýledi.

Bu köne dünýäniň hary-tikeni,

Oda-suwa salyp haýran eýledi.




Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Başkent» bilim merkeziniň neşirleri. Aşgabat 2005.