Wawilow Sergeý Iwanowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wawilow Sergeý Iwanowiç [12(24).3.1891, Moskwa -15.1.1951, şol ýerde] – sowet fizigi, döwlet we jemgyýetçilik işgäri, SSSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi (1932), habarçy agzasy (1931). 1914-nji ýylda Moskwa uniwersitetini gutarýar. 1918-32-nji ýyllarda MGU-da fizika dersini okadýar (1929 ýyldan professor). 1932-nji ýyldan SSSR Ylymlar akademiýasynyň Fizika institutynyň müdüri. 1945-nji ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine saýlanýar. SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (1946 we 1950). Fizika ylmynda bitirilen görnükli işler üçin her ýylda gowşurylýan Wawilow adyndaky altyn medal (1951) döredildi. Wawilowyň Stoksuň kanunyny umumylaşdyrdy we oňa düzediş berýän kanun döretdi. Onuň ýolbaşçylygynda lýuminessensiýany praktiki taýdan peýdalanmak meseleleri we “gündiz” ýagtylygyny berýän çyralary öndürmegiň tehnologiýasy işlenip düzülýär. 1934-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda P.A. Çerenkow radioaktiw maddalaryň γ we β şöhlelenmeleriniň täsiri astynda arassa suwuklaryň ýagtylanmagyny açýar. “Ýagtylygyň mikrostrukturasy” kitabynda (1950) Wawilow öz işleriniň jemini jemleýär we optikanyň mikrooptika diýilip at berlen täze ugrunyň esasyny goýýar. Wawilow çyzykly däl optikany döredijileriň biridir. Ol fizikleriň köpsanly mekdebini döretdi. Wawilow tebigat bilimleriniň filosofiýasyna we ylmyň taryhyna uly üns berýär. Ol Lenin ordeniniň 2-si we Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglanýar. Wawilow 1943, 1946-njy ýyllarda we 1951-nji ýylda (aradan çykandan soň) SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp bolýar. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Fiziki problemalar institutyna we Leningraddaky Döwlet optiki instituta Wawilowyň ady dakyldy.