Watanym – Öýüm Meniň!

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

      Öýler. Nurana öýler. Adamlary bagt ýoluna ataryp, ak ýol arzuw edýän öýler. Siziñ adamzat üçin, umuman ähli janly-jandarlar üçin nähili gymmatly zerurlykdygyñyzy bir bilsediñiz. Garlawajam, bürgüdem höwürtgesiz — öýsüz ýaşamaýar. Olar hanja uçup gitselerem şol höwürtgä dolanyp gelyärler. Biziñ hemmämiz öýde önüp ösüp, öýde-de kemala gelyäris, ýene-de özbaşymyza täze öýe gadam basýarys. Öyler bizi bir-birege duşurýar, ysnyşdyrýar, ýyly gujagynda sallançakda deý ezizläp saklaýar. Siz göwünlere teselli, ýüreklere ynjalyk berýáñiz, öýler! Öýden işe gidýäris, işden öýe gelýäris. Çünki öýde biziñ yakyn hossarlarymyz bar, ezizlerimiz bar. Ol ýerde bize mähriban ýüzler garaşýar. Öýe gelip biziñ kalbymyz aram tapýar, rahatlanýas, bütin dünýäni özümiziñki ýaly duýup dyçg alýarys. Megerem, şonuñ üçin bolsa gerek, başga biriniñ öýüne baranymyzda «özüñi öz öyüñizde ýaly duý» diýýärler. Hakykatdan hem öz öýüñde ýatyp, öz öýüñden örmek ynsan üçin iñ uly bagt. Adamlaryñ hemmesi öz eziz öýlerini owadandan owadan, ähli amatlyklaryny üpjün etjek bolup bütin örüni sarp edýárler. Ähli tapanlaryny garynja ýaly mährini siñdiren öýüne daşaýarlar. Öýüñ her bir zadyndan lezzet alyp, oña mähriňi berip, eziz saklamaga çalyşýarlar. Hatda öýüñ ýodalary-yoly-da, gyrasy-da gözüñe yssy görünýär.

       Türkmen halky ýöne ýere «Bir garypja çatmam bar, arkaýynja ýatmam bar» diýmändir. Adam kiçiräk hem bolsa öz öýüniň bolmagyny arzuw edýär. Çünki öý – ömür, öý – bagt, öý – ýylylyk hem ýagtylyk. Adamyň öýi şol adamyň içki dünýäsini-de açyp görkezýär, onuň nähili mähribanlygyny, açykgöwünli hem myhmansöýerligini, arassalagyny hem päkligini görkezýär, galyberse-de öý onuň daşynyň galasy bolup durýar. Öýi biz bezeýäs, öýi biziň myhmanlarymyz bezeýär. Öý nätanyşy tanyşdyrýar, tanyşy ysnyşdyrýar. Türkmende “Öýüň abadan bolsun!” diýen alkyş bar. Öýüň abadan bolsa, hemme zadyň abadan bolmaly.

       Adam mukaddes hasaplanýan zatlaryny ýüzüne sylýar. Edil ata Watanyň ýyly topragyny, tamdyrdan ýaňy çykan gyzgyn çöregi , täze dogan Aýy, täze edinilen gelni, keramata deňelýän saçagyny ýüzüne sylyşy ýaly, täze salnan jaýy hem ýüzüne sylýar. “Bize-de Hudaý ýetirsin” diýýär. Çünki öý her bir ynsanyň arzuwy, maksady hem guwanjy. Türkmen halkymyzyň gadymdan bäri öýüň mukaddesligine baş egip girilsin hem çykylanda baş egip çykylsyn diýip, ak öýüniň gapysyny pesräk etmegi hem öýüne goýýan belent hormatyny görkezýär. Halkymyz, hatda boş öýe-de taňry salamyny berip girýär.

       Türkmen Watanyny – öýüni özünden ileri tutýar. “Öňürti öýüňi düzet, soň sözüňi” diýen ajaýyp nakyl hem ýöne ýere dörän däldir. Durmuşda her bir ene-atanyň çagasyna at dakmak, terbiýe bermek, bilim bermek bilen birlikde ony öýli-işikli etmek hem elýetmez arzuwy, mukaddes borjy bolup durýar. Şu arzuwyna ýeten ene-ata özüni bagtly hem arkaýyn duýýar, durmuşy lezzetli geçýär.

       “Watan nireden başlanýar?” diýen aýdym bar.

       Ine, şu sowala hem her birimiz öýüň töründe asuda üwrelip duran mukaddes sallançakdan diýip jogap bereris. Men käte giň jaýda oýaly-ukuly ýatyrkam, çagalygyma dolanýaryn-da, hallan atýan sallançagyma münýärin. Ol menin kiçijik Watanym! Ol menin Watan topragynda ýöremegi, ylgamagy öwreden sallançak mekdebim, ene hüwdüsini ilki diňlän ýerim! Meniň kiçijik öýüm – sallançagym, meni ulaldyp, Jeýhun bilen bahry Hazar arasyndaky Watan sallançagynyň perzendine öwürdi. Elbetde, sallançak biziň ene gujagyndan soňky kiçijik watanymyz. Islendik türkmen öýüne barsaň, ilki bilen ýagşy umyt bilen gurlup, özboluşly nagyşlanan sallançaga gözüň düşýär. Halkymyzda ýaňy dünýä inen çaga şol mukaddes sallançaga salynýar, huwwalanýar, arzylanýar, üwrelýär. Kalby päk çagajyk ýadyrgasa ýa ýadasa, diňe şol sallançagynda ynjalýar, rahat uklaýar. Diýmek, öý adamyň ilkinji Watany. Şonuň üçinem öý diýmek Watan diýmek. Ýörjen-ýörjen ädimläp, özümizi bilip ulalan, gözümizi açyp gören sallançagymyz, mähriban öýümiz biziň Watanymyzyň gönezligi, onuň başlanýan ýeri, gözbaşy. Şonuň üçinem mukaddes öýümize guwanmak – Watanymyza guwanmak. Öýümiziň berekedi – Watanymyzyň berekedi. Watanymyzyň berekedi – öýümiziň berekedi.

       Hakykatdan hem, özbaşyňa öýüň bolmasa, durmuşyň manysy bolmaýar. Özbaşyňa öýli bolmak ol seniň bütin ykbalyň, bütin ömrüňe dahylly gymmatlygyň. Seniň durmuşadaky şatlygyň, gaýgyň, aladaň, rysgal-döwletiň, berekediň, durmuşyň lezzeti, kalbyň aramy, garaz köp zatlaryň mähriban öýüň bilen bagly. Muňa diňe az pursatlygam bolsa öýüňden alysda bolanyňda has gowy göz ýetirýärsiň.

       Halkymyzda “Ogul ýurda çeker, är dogan ýerine” diýilşi ýaly adam nirede bolsa-da, ata Watanyny küýseýär, ondan ylham alýar. Çünki Watanyň duzy, watançylyk duýgusy, sallançagyňdan bat alan mukaddes öýüňe, ene-ataňa bolan hormatyň seni özüne çekýär, adaty bolmadyk güýç berýär, ylham berýär, seni ýeňşe ruhlandyrýar. Nirede bolsaňam öý – Watan küýsegi senden aýrylmaz. Şonuň üçinem biz hemişe öýden sähel daşlaşsak ýa-da işden, okuwdan, hatda täsirli gezelençden soňam “çaltrak öýe ýetäýsem” diýip öýümize – Watanymyza howlugýarys. Bu babatda könelerimizem aýdypdyr-a: “Her kimiň öz jaýy özüne Müsür” ýa-da “Öýüm bar – ülkäm bar, daýym bar – dünýäm bar, atym bar – kuwwatym bar” diýip.

Amangurban Kuwadow,

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň – talyby