Wan Gog Win­sen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Wan Gog Win­sen
Wan Gog Win­sen

Käri Suratkeş
Doglan senesi 30-njy mar­t, 1853
Ölen senesi 29-nji iýul, 1890


Wan Gog Win­sent gol­land su­rat­ke­şi. Ol 1853-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da ço­la ýer­de ýer­le­şen Grot-Zýun­dert at­ly oba­da ruhany maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. 1869 – 1876-njy ýyl­lar­da Gaa­ge, Brýus­sel, Lon­dan we Pa­riž­dä­ki çe­per­çi­lik – söw­da şe­re­ke­ti­niň del­la­ly bo­lup, hyz­mat edip­dir.

Ol 1876-njy ýyl­dan baş­lap, Ang­li­ýa­da mu­gal­lym bo­lup, işe baş­la­ýar. 1878 - 1879-njy ýylda Bo­ri­naž­da mag­dan­çy­la­ryň agyr dur­mu­şyn­dan ha­bar­ly bol­ýar. Ola­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gy but­ha­na hä­ki­mi­ýet­le­ri bi­len Wan Go­gyň ara­sy­na ag­za­la­lyk düş­me­gi­ne alyp bar­ýar. XIX as­yryň 80-nji ýyl­la­ry sun­gat bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar, Brýus­sel­dä­ki (1880-1881 ý.) we Ant­wer­pen­dä­ki (1885 - 1886 ý.) çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy bi­len gat­na­şyk sak­la­ýar. Ol 1881- 1885-nji ýyl­lar­da Gol­lan­di­ýa­da ga­ryp dü­şen adam­la­ry – Bo­ri­na­žyň mag­dan­çy­la­ry­nyň, hü­när­men­le­riniň, ba­lyk­çy­la­rynyň, daýhan­la­rynyň su­rat­la­ry­ny ussatlyk bi­len çe­kip­dir. Eý­ýäm otuz ýa­şyn­da­ka özü­ni sun­ga­ta ba­gyş­la­ma­gy ka­rar edip­dir. Ol gy­nanç­ly, tu­kat äheň­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ýö­ne­keý adam­la­ryň dur­mu­şy­ny su­rat­lan­dyr­ýan bir­gi­den kar­ti­na­ny dö­re­dip­dir. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 1885-nji ýyl­da çe­ken “Daý­han” we “Kar­toş­ka­nyň ho­ran­la­ry” at­ly işi has gö­ze il­ýär. Su­rat­keş dö­re­di­ji­li­gi­niň baş­lan­gyç tap­gy­ryn­da dür­li mow­zuk­la­ra ýüz­len­ýär, olar­da adam şe­kil­le­ri, how­dan­lar, ýol­lar we beý­le­ki­ler bar. Bu kar­ti­na­lar­da f­ran­suz su­rat­ke­şi we gra­fi­gi Ž.F. Mil­le­niň tä­sir­le­ri du­ýul­ýar. Wan Gog 1886-njy ýyl­da Pa­riž­de ýa­şap baş­la­ýar we dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri ony bel­li su­rat­keş­ler Tu­luz Lot­re­ke, P. Go­ge­ne, K. Pi­sap­po da­gy bi­len gat­na­şyk sak­la­ma­ga alyp bar­ýar. Ola­ryň ýar­da­my bi­len onuň su­rat pa­lit­ra­syn­da ýag­ty äheň­ler peý­da bo­lup, ýag­ty­lyk we reňk­ler kar­ti­na­da has mö­hüm rol oý­nap baş­la­ýar. Su­rat­keş Ž. Se­ra­nyň su­rat­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len goş­ma­ça reňk­le­riň aý­ra­tyn çal­gy­la­ry bi­len iş­le­mä­ge baş­la­ýar, em­ma ba­sym reň­kiň ýö­ne­keý we ýag­ty gör­nü­şi­ne geç­ýär. Ol bu ugur­da E. Ber­nar­dan we L. An­ke­te­na­dan gö­rel­de al­ýar. Onuň “Se­na­nyň üs­tün­däki köp­ri”, “Ka­ka Tan­ga­nyň port­re­ti” ýa­ly iş­le­ri (1887ý) şu dö­wür­de dö­re­ýär. Wan Gog 1888- ýy­lyň few­ra­lyn­da Fran­si­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Ar­la gid­ýär. Ol bu ýer­de göw­nü­ňi gö­ter­ýän ýag­ty reňk­ler­de ýur­duň gü­nor­ta­sy­nyň peý­za­žy­ny dö­red­ýär. (“ Orak or­ma”, “La-kro­nyň jül­ge­si”, “Sent- Ma­ri­niň ba­lyk ga­ýy­gy”, “Ar­le­dä­ki gy­zyl üzüm­lik” (1888 ý) we beý­le­ki­ler. Ol özü­niň joş­gun­ly hul­ky bi­len ada­ty zat­la­ry hem jan­lan­dyr­ýar. (“ Wan Go­guň Ar­le­dä­ki ýa­tal­ga ja­ýy”, 1888 ý ). Ol kä­ma­hal­lar özü­ni ýal­ňyz-ten­ha duý­ýar we göw­nü­çök­gün­li­ge düş­ýär. (Ar­le­dä­ki gi­çe­ki ka­fe”, 1888 ý) . Su­rat­ke­şiň ýa­ny­na okt­ýabr aýyn­da Go­gen gel­ýär. Wan Gog onuň uza­ga çek­me­dik tä­si­ri as­tyn­da “Tans dä­li­zi” kar­ti­na­sy­ny dö­red­ýär. Olar umu­my dil ta­py­şyp bil­män aý­ry­lyş­ma­ly bol­ýar­lar. Reňk­ler Wan Go­guň iş­le­rin­de has hem ýi­ti­le­şip baş­la­ýar, imp­res­sio­nis­tik öwüş­gin­li kar­ti­na­lar ama­ly taý­dan bir reňk­li kar­ti­na­lar bi­len or­nu­ny ça­lyş­ýar. Olar­da aňyr­sy – bär­si gö­rün­me­ýän de­ňiz, çyl­gam-çyl­gam giň meý­dan – şol bir wagt­da reňk we pred­me­tiň for­ma­sy. Wan Gog di­ňe gün­di­ziň ýag­ty­ly­gy di­ýip hem at­lan­dy­ryp bol­ma­ýan ýag­ty­ly­ga ýüz­len­ýär – on­da adat­dan da­şa­ry güýç­le­riň gü­man­syz öwüş­gin­le­ri we äheň­le­ri bar. Su­rat­keş adam­za­dyň has dog­ry ga­raý­şy­ny göz­le­ýär we ru­hu­nyň çak­da­na­şa teş­ne­li­gi we hy­ju­wy imp­res­sio­niz­miň umu­my akym­la­ryn­dan bö­lü­nip gaýd­ýar. Dö­re­di­ji­lik dart­gyn­ly­ly­gy we ýa­kyp- ýan­dy­ryp bar­ýan Gü­nüň aşa­gyn­da­ky uzak wag­ta çek­ýän et­ýud­la­ry Wan Go­guň dur­mu­şy­nyň soň­ky ýyl­la­ryn­da ru­hy ke­se­li­niň agyr­laş­ma­gy­na alyp ba­rýar. 1889 - 1890 ýyl­lar­da Ar­le­dä­ki ke­sel­ha­na­da ýat­ýar, Sen-Re­mi we Ower-sýur-Uaz ke­sel­ha­na­la­ryn­da ge­çi­rip, 1890-njy ýy­lyň 29-njy iýu­lyn­da aradan çykypdyr. Öm­rü­niň soň­ky iki ýy­ly has agyr we tu­kat geç­ýär. (“Ebe­di­li­giň der­we­ze­si”, “Ser­wi agaç­la­ry we ýyl­dyz­lara sary ýol”, “Owe­re­de ýa­gyş­dan soň­ky peý­zaž” 1890 ý.) Su­rat­ke­şiň dö­re­di­ji­lik dur­mu­şy uzak do­wam et­män­dir - on ýyl tö­we­re­gi, ýö­ne şu döw­rüň için­de çen bi­len 2200 sa­ny eser dö­re­dip ýe­ti­şip­dir.

Suratlar[düzet | çeşmäni düzet]

Daşarky çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]