Futbol boýunça dünýä çempionaty-1930

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Urugwaý-1930 sahypasyndan gönükdirildi)
FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-1930
1-nji
GYŞGAÇA
Kabul edýän ýurt:Urugwaý
Senesi:13 iýul - 30 iýul.
Toparlaryň sany:13
Meýydança(lar):1 (3)
SOŇKY WEZIPELER
Çempion: Urugwaý
Ikinji orunda: Argentina
Üçunji orunda: ABŞ
Dördünji orunda: Ýugoslawiýa
STATISTIKA
Oýunlar:18
Maksatlary:70 (3.89)
Gatnaşmak:590.549 (32.808 oýun bilen)
Netijeli hüjümçi: Gwilýermo Stabile (8 gol)
Indiki
1934

1904-nji ýyl­da FI­FA-nyň dö­re­dil­me­gin­den baş­ga­ça aý­dy­lan­da, fut­bo­lyň res­mi­leş­me­gin­den 26 ýyl soň, il­kin­ji Dün­ýä çem­pio­na­ty Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň Urug­waý döw­le­tin­de ge­çi­ril­ýär.


FI­FA-nyň iň köp wagt­lap pre­zi­den­ti bo­lan (1921-1954) Fran­si­ýa­ly Žýul Ri­me Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gur­a­mak üçin en­çe­me ta­gal­la ba­ry­ny edip­di we onuň bu ar­zu­wy ahy­ry1930-njy ýyl­da ha­syl bol­ýar. 1928-nji ýy­lyň 26-njy ma­ýyn­da Ams­ter­dam­da bo­lup ge­çen FI­FA-nyň kong­re­sin­den soň, il­kin­ji Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gur­a­mak­lyk ba­ra­da ka­rara gelin­ýär. Bir ýyl soň Bar­se­lo­na­da ge­çen ýyg­na­ny­şyk­da bu çä­rä­ni gura­mak Urug­waý döw­le­ti­ne yna­nyl­ýar. Il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­jek bu çä­rä­ni tej­ri­be et­mek üçin Urug­waý­dan baş­ga-da Is­pa­ni­ýa­dyr Ita­li­ýa, Gol­lan­di­ýa hem-de Şwe­si­ýa da­laş­gär bol­ýar. Ýö­ne çä­rä­ni gu­raý­jy­lar Urug­wa­ýyň tek­lip­le­ri bi­len yla­laş­ýar. Çem­pio­nat üçin ýö­ri­te sta­dio­nyň gu­rul­jak­dy­gy­nyň wa­da­sy­nyň be­ril­me­gi, şol san­da ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry çem­pio­na­ta gat­naş­jak äh­li ýur­duň çyk­da­jy­la­ry­nyň özleri tarapyndan tölenjekdigini aýt­ma­gy gu­raý­jy­lar üçin diý­seň amat­ly pur­sat bol­ýar. Üs­te­si­ne-de, Urug­wa­ýyň 1924-nji we 1928-nji ýyllar­da­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­ma­gy, şol nuk­daý­na­zar­dan fut­bo­lyň şol wagt­ky li­de­ri­niň Urug­waý bol­ma­gy FI­FA üçin ýe­ter­lik se­bäpler bo­lup dur­ýar.

GATNAŞANLAR[düzet | çeşmäni düzet]

Çem­pio­na­tyň baş­la­ma­gy­na 2 aý ga­lan­da-da Ýew­ro­pa­dan haý­sy döw­let­le­riň gat­naş­jak­dy­gy nä­bel­li­di. Ýö­ne Žýul Ri­me­niň şah­sy ta­gal­la­la­ryn­dan soň, 4 ýur­duň ýy­gyn­dy to­pa­ry bu ýa­ry­şa gat­naş­ma­ga ra­zy­lyk bolýar. Şol wagt­lar yk­dy­sa­dy çök­gün­ligi baş­dan ge­çir­ýän Ýew­ro­pa yk­ly­myn­dan di­ňe 4 döw­let um­ma­nyň aňyr­sy­na geç­ýär. Ýag­ny Fran­si­ýa­dyr Bel­gi­ýa, Ýu­gos­la­wi­ýa we Ru­my­ni­ýa­dan baş­ga hiç bir döw­let dür­li se­bäp­le­re (yk­dy­sa­dy ýet­mez­çi­lik, um­man­dan geç­me­giň kyn­ly­gy hem-de ýo­lag­çy­ly­gyň uzak wagt al­ma­gy) gö­rä bu ýa­ry­şa gat­naş­ma­ýar. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Ýew­ro­pa­dan 4, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan 7, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan-da 2 to­par je­mi, 13 mil­li ýy­gyn­dy çy­kyş ed­ýär. To­par­lar 4 to­par­ça­da çy­kyş edip, 1-nji to­par­ça­da 4, beý­le­ki­le­rin­de 3 ýy­gyn­dy öza­ra güýç sy­na­nyş­ma­ly edil­ýär. Ýer eýe­si Urug­waý, Ar­gen­ti­na, Bra­zi­li­ýa we ABŞ esa­sy fa­wo­rit­ler hök­mün­de bi­jä gat­naş­ýar.

DUŞUŞYKLAR BARADA[düzet | çeşmäni düzet]

1930-njy ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­da baş­lan çem­pio­na­tyň il­kin­ji iki oý­ny şol birwagt­da bat al­ýar. Il­kin­ji du­şu­şyk­lar­da Fran­si­ýa Mek­si­ka­ny 4–1, ABŞ Bel­gi­ýa­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Şon­da fran­si­ýa­ly Lu­si­en Lo­ren Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji pök­gi­ni öz ady­na ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­ýar (19-njy mi­nut­da).

6 MINUT ÖŇ GUTARDY[düzet | çeşmäni düzet]

1-nji to­par­ça­da 4 ýy­gyn­dy çy­kyş edip, iň ýat­da ga­lan oýun Ar­gen­ti­na bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da bol­ýar. Se­bä­bi bra­zi­li­ýa­ly emin Al­mei­da Re­go ýal­ňyş­lyk bi­len du­şu­şy­gy wag­tyn­dan 6 mi­nut öň gu­tar­ýar. Üs­te­si­ne-de, şol wagt 1–0 ha­sa­byn­da utu­lyp bar­ýan Fran­si­ýa­nyň hü­jü­mi do­wam ed­ýär­di.

1-NJI TOPAR[düzet | çeşmäni düzet]

Der­rew FI­FA-nyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry egin-eşik­le­ri­ni çal­şan fut­bol­çy­la­ry tä­ze­den meý­dan­ça çy­kar­ýar we oý­nuň ga­lan 6 mi­nu­dy ta­mam­lan­ýar. To­par­ça­da­ky äh­li oý­nu­ny-da ýe­ňip 6 oç­ko top­lan Ar­gen­ti­na ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­ýar (Şol dö­wür­ler her ýeň­şe 2 oç­ko be­ril­ýär­di).

2-NJI TOPAR[düzet | çeşmäni düzet]

2-nji to­par­ça­nyň il­kin­ji oýnun­da ýa­rym fi­na­la çyk­jak to­par kes­git­len­di di­ýip aýt­sa bo­lar. Şon­da Ýu­gos­la­wi­ýa Bra­zi­li­ýa­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. Soň­ra iki to­par hem Bo­li­wi­ýa­ny 4–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Şeý­le­lik­de 4 oç­ko top­lan Ýu­gos­la­wi­ýa ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar.

3-NJI TOPAR[düzet | çeşmäni düzet]

3-nji to­par­ça­da ýer eýe­si urug­waý­ly­lar üçin ýa­rym fi­na­la çyk­mak kyn düş­me­ýär. Olar il­ki Pe­ru­ny 1–0, soň­ra Ru­my­ni­ýa­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär­ler.

4-NJI TOPAR[düzet | çeşmäni düzet]

4-nji to­par­ça­da ABŞ-nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry hem bel­gi­ýa­ly, hem-de pa­rag­waý­ly fut­bol­çy­la­ry 3–0 ha­sa­byn­da utup, ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Ola­ryň 2-nji oýun­da 3 pök­gi­ni-de öz ady­na ýaz­dy­ran Bert Pa­ta­nau­de Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da “het-trik” eden il­kin­ji fut­bol­çy bol­ýar. Şon­dan 2 gün soň 1-nji to­par­ça­da Ar­gen­ti­na­nyň Mek­si­ka­ny 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen du­şu­şy­gyn­da Sta­bi­le hem 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar.

TOPARDAKY OÝUNLARDAN SOŇKY DUŞUŞYKLAR[düzet | çeşmäni düzet]

Her to­par­ça­ny li­der bo­lup ta­mam­lan­lar — Ar­gen­ti­na, Ýu­gos­la­wi­ýa, Urug­waý hem-­de ABŞ ýa­rym fi­nala çy­kmagy başarýar. Ýa­rym fi­nal­da Ar­gen­ti­na ABŞ-ny, Urug­waý bol­sa Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 6–1 ha­sa­byn­da utup, fi­na­lda çykyş etmäge hukuk gazan­ýar.

ÝARYM FINAL: ARGENTINA-ABŞ[düzet | çeşmäni düzet]

Il­kin­ji ýa­rym fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len ABŞ du­şuş­ýar. Ar­gen­tin­ler 1-nji ýa­rym­da 1–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­ýar­.

Soň­lu­gy bi­len esa­sy oýun­çy­sy Treý­si­niň şi­kes al­ma­gyn­dan soň ABŞ 2-nji ýa­rym­da 5 pök­gi­ni to­ru­na goý­ber­ýär.

ÝARYM FINAL: URUGWAÝ-ÝUGOSLAWIÝA[düzet | çeşmäni düzet]

Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da Ýew­ro­pa­nyň we­ki­li Ýu­gos­la­wi­ýa 4-nji mi­nut­da öňe saý­lan­ýar. Soň­ra 1 pök­gi­si ha­sa­ba alyn­ma­n ruh­dan dü­şen ýu­gos­law­lar 6 to­pa çä­re ta­pyp bil­me­ýär. Oýun­da Ped­ro Sea çem­pio­na­tyň 3-nji “het-tri­gi­ni” öz ady­na ýaz­dyr­ýar.

FINAL[düzet | çeşmäni düzet]

Il­kin­ji Dün­ýä çem­pio­ny­ny kes­git­le­jek fi­nal oý­ny 30-njy iýul­da Mon­te­wi­deo­da­ky “Sen­te­na­rio” sta­dio­nyn­da, Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň iki we­ki­li, ýer eýe­si Urug­waý bi­len Ar­gen­ti­na­nyň ara­syn­da oý­nal­ýar. 93 müň ada­myň to­ma­şa eden oý­nu­na bel­gi­ýa­ly Jon Lan­je­nus emin­lik edýär.

Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­my ar­gen­tin­le­riň to­py bi­len oý­nalýar. Oý­nuň 12-nji mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­rin­den Do­ra­do ha­sa­by açýar. 20-nji mi­nut­da Peu­sel­le­niň ha­sa­by deň­le­me­gin­den soň, Sta­bi­le 37-nji mi­nut­da ar­gen­tin­le­ri öňe saý­laýar. Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my urug­waý­ly­la­ryň to­py bi­len oý­na­lyp, Sea (59), Iriar­te (69) hem-­de Kast­ronyň (89) pök­gü­le­ri esa­syn­da ýer eýe­le­ri 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zanýar. Şeýlelikde, her topar öz topy bilen ýeňiş gazanýar (2–1, 0–3) we netijede Urugwaý ilkinji Dünýä Kubogynyň eýesi bolýar.

3-NJI ORUN[düzet | çeşmäni düzet]

3-nji ýer üçin du­şu­şyk ge­çi­ril­män, ýa­rym fi­nal­da utu­lan iki to­pa­ryň çem­pio­nat­da­ky oýun­la­ry­na se­re­dil­di we ABŞ 3-nji ýe­ri eýe­le­di.

GYZYKLY MAGLUMATLAR[düzet | çeşmäni düzet]

  • Çem­pio­na­ta gat­na­şan Ru­my­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň dü­zü­mi

ýur­duň şa­sy Ka­rol II ta­ra­pyn­dan saý­lan­dy.

  • 1-nji to­par­ça­da­ky Ar­gen­ti­na bi­len Çi­li­niň ara­syn­da­ky oýun­da

her to­pa­ryň tä­lim­çi­le­ri Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ýaş tä­lim­çi­ler bol­dy (Hu­an Ho­se Tra­mu­to­la 27 ýaş, Gýor­gi Orth 29 ýaş).

1000 jan­kö­ýer­li, “Par­kue Sent­ral” – 20000, “Sen­te­na­rio” – 90000) oý­na­lyp, iň az san­ly sta­di­on­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat hök­mün­de ta­ry­ha gir­di.

  • Fi­nal oý­nu­nyň ge­çi­ri­len, 90 müň ada­ma ni­ýet­le­nen “Sen­te­na­rio

(100-nji ýyl di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar) sta­dio­ny çem­pio­nat üçin, şol san­da ýur­duň ga­raş­syz bo­la­ny­na 100 ýy­lyň dol­ma­gy se­bäp­li ge­çi­ril­jek çä­re­ler üçin ýö­ri­te gu­rul­dy. “Sen­te­na­rio” sta­dio­ny­nyň gur­lu­şy­gy do­ly ta­mam­lan­man­dy­gy üçin çem­pio­na­tyň baş­la­nyn­dan 5 gün ge­çen soň ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

  • 3-nji to­par­ça­da­ky Ru­my­ni­ýa bi­len Pe­ru­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şy­ga

ba­ry-ýo­gy 300 adam to­ma­şa et­di.

  • Fi­nal oý­nu­nyň er­te­si gü­ni bo­lan 31-nji iýul Urug­waý­da mil­li dynç

gü­ni diý­lip yg­lan edil­di.

  • Il­kin­ji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­mek üçin saý­la­ma oýun­la­ry

ge­çi­ril­me­di. Gat­na­şan 13 mil­li ýy­gyn­dy ýö­ri­te ça­ky­lyk bo­ýun­ça bu ýer­de çy­kyş et­di.

  • Çem­pio­na­ta je­mi 15 emin (baş emin, gap­dal emin) gat­naş­dy (Bel­gi­ýa­dan

2, Fran­si­ýa­dyr Ru­my­ni­ýa­dan hem-de Mek­si­ka­dan 1, ga­la­ny-da Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň we­kil­le­ri bo­lup, ola­ryň 6-sy Urug­waý­dan).

  • Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şan ýurt­la­ryň Urug­wa­ýa bar­ýan­ça haý­sy

to­par­ça­da çy­kyş et­jek­di­gi bel­li edil­män­di. Bi­je­ler äh­li to­par Urug­wa­ýa ge­le­nin­den soň çe­kil­di.

  • Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji pök­gi­ni fran­si­ýa­ly

Lu­si­en Lo­ren to­ra sal­dy (Fran­si­ýa–Mek­si­ka: 4–1). Dünýä çempionatlarynda 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syndan ilkinji pök­gini mek­si­ka­ly Ma­nu­el Ro­sas der­we­zä gi­riz­di (Ar­gen­ti­na–Mek­si­ka: 6–3). Öz to­ru­na gi­ri­zi­len il­kin­ji top hem mek­si­ka­ly Ma­nu­el Ro­sa­sa de­giş­li bo­lup, ol to­pa­ry­nyň Çi­li bi­len ge­çi­ren oý­nun­da şu wa­ka­ny ba­şyn­dan ge­çir­di (Çi­li–Mek­si­ka: 3–0).

  • 1930-njy ýyl­da­ky il­kin­ji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çem­pi­on bo­lan oýun­çy­lar­dan

iň soň­ku­sy Er­nes­to Mas­ke­ro­ni 1984-nji ýy­lyň 3-nji iýu­lyn­da 76 ýa­şyn­da ara­dan çyk­ýar.

  • Şol çem­pio­na­ta gat­na­şan fut­bol­çy­la­ryň iň soň­ku­sy ar­gen­ti­na­ly

Fran­sis­ko Wa­ral­lo 2010-njy ýy­lyň 30-njy aw­gus­tyn­da ýag­ny çem­pio­na­tyn­dan 80 ýyl soň, 100 ýa­şyn­da dün­ýä­den gaýd­ýar.

  • Çem­pio­na­tyň iň köp pök­gi ge­çi­ren fut­bol­çy­sy Sta­bi­le il­kin­ji

oýun­lar­da esa­sy dü­züm­de oý­na­dyl­ma­ýar. To­pa­ryň esa­sy hü­jüm­çi­si uni­wer­si­tet sy­nag­la­ry üçin Urug­waý­dan öz ýur­dy Ar­gen­ti­na do­lan­ýar. Şon­dan soň tä­lim­çi “ha­ny sen hem oý­nap gör diý­ýär” we ony meý­dan­ça çy­kar­ýar. Ol hem şon­dan soň 3 oýun­da 8 pök­gi­ni der­we­zä gi­riz­ýär.

Rekordlar[düzet | çeşmäni düzet]

-Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji pökgi duşuşygyň 19-njy minutynda Meksika toparynyň derwezesine Fransuz hüjümçisi Lýusen Loran tarapyndan geçirildi.

-Şol oýunda beýleki bir Fransuz futbolçy Andre Maşino taryhda ilkinji gezek iki pökgini bir oýunda geçirmegi başardy.(double)

-ABŞ bilen Belgiýanyň toparlarynyň duşuşygynda Amerikaly Bert Peýtnaud ilkinji gezek üç pökgini bir oýunda geçirmegi başardy (hat trick).

-Fransiýa-Çili duşuşygynda Urugwaýly emin Anibal Tehada ilkinji 11 metrlik jerime urgusyny (penaltyny) belledi. Framsiýaly derwezeban Gilýermo Saawedranyň urgusyny gaytarmagy başardy.

-Çili bilen Meksikanyň duşuşygynda Meksikaly Manuel Rosas 51-nji minutda ilkinji gezek öz derwezesine pökgini geçirdi. Ol Argentina bilen geçirilen oýunda 11 metrlik jerimäni gol bilen tamamlan ilkinji oýunçy boldy.