Ulanyjy çekişme:Tazegulbatyrowa
Mowzuk goşSyn barada düşünje
[çeşmäni düzet]Syn- adyndan hem belli bolşy ýaly haýsy-da bolsa bir zada öz pikiriňi, garaýşyňy beýan etmekdir. Edebiýatda syn bir esere, kitaba ýa-da bir şahyryň döredijiligine ýazylýar. Synyň şahsy syn, tankydy syn, publisistik syn ýaly görnüşleri bardyr. Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň okuw meýilnamasyna synyň şahsy syn görnüşi girizildi. Okuwçylar bir esere ýa-da bir kitaba bolan garaýyşlaryny öz söz baýlyklary arkaly beýan edýärler. Syn ýazmak üçin onuň dört sany esasyny bilmelidir: 1. Başy (syn üçin saýlanyp alynan eseriň ady ýazylýar). 2. Giriş (alynan eseriň ýa-da kitabyň kime degişlidigi, çap edilen ýyly we neşirýaty, eseriň sany, terjime edilen dilleri görkezilýär). 3. Mazmun (eser barada garaýyşlar doly beýan edilýär). 4. Netije (eseriň edebiýatda, durmuşda eýeleýän orny, ähmiýeti barada giňişleýin aýdylýar). Synyň söz sany dürli synplara görä üýtgeýändir. Tazegulbatyrowa (gürleşme) 16:37, 17 dekabr 2023 (UTC)