Mazmuna geçiň

Ulanyjy çekişme:Muhammeddin

Page contents not supported in other languages.
Mowzuk goş
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Çola ýeriň adamy

[çeşmäni düzet]

Cola ýeriň adamy

 Biz obamyzyň ýerleshýän ýeri, gadymy döwürde  giden tokaýlyk we batgalyk bolan. Biz oglankak bu ýerde,köp köller bardy, emma häzirki döwürde bu ýeriň hemmesi ekerançylyk meýdany bolup gitdi. Ýöne shondada birazrak ýer shol öňkiligine galdy we il içinde bu ýeriň ady ,,çola ýere öwrüldi. 
 Ine shu ,, çola ýer diýilýän ýerde bir hojalyk,hemmelerden aýry çykyp, bir entek wagtlap bir özleri ýashadylar. Bu öýüň garrysy gün-güzeranyny  shu ,,çola ýeriň girdeýjisinden görýärdi. Ýazyna dynman bu ýerden ot-çöp çopleýärdi, gyshyna bolsa bu ýerde malyny we goýunlaryny bakýardy. Biz hem kiçijik wagtymyzda çopan bolanlygymyz sebäpli, bu garryny görýärdik, emma hiç wagt biz bu adam bilen, ýüzbe-ýüz bolmadyk.
 Sheýdip waght geçip gitdi. Ulaldyk, ýigit ýetdik. Haçan ýigit ýeten wagtymyzda bu garrynyň özi aradan çykdy we halk arasyna bolsa onuň ogly geldi. Garrynyň bu ogly ,, çola ýeri tashlap oba göçüp geldi, emma uzak gitmän, ol öz garry atasyna meňzäp ,,çola ýere gatnap bashlady. Wagtal-wagtal biziň ishimizem  shu ,,çola ýere düshär we biz bu ýigidi bu ýerde görüp, ýakyndan tanap bashladyk. 
   Bizden tapawutlylykda, bu ýigit shu,, çola ýerde hemishe. Daň bilen gidip oturandyr, elinde ýa pili bardyr ýada kätmeni. Kawagtlar bolsa malyny we goýunlaryny sürüp barýandyr. Yzyna gaýdanda bolsa tüm garaňkylykda dolanýar. Mashynyň çyrasynyň ýagtysyna biri görünýändir,  kim diýip oýlansaň shol  ,,çola ýeriň adamydyr. 
 Eger ,, çola ýeriň adamyny surtalandyrmaly bolsa ol sheýleräk.- Inçe, shilliň, ejiz, hor, ýüzi, saçy güne ýanan, gözi patrak, agzy suwjaryp duran, burnynyň üsti ýaldyrap dur, gözleri shully, geýimleri kir. Gepleship otyrsaň akyly-hushy ýerinde, hatda öwüt-nesihat hem berýär, kemçiligiňi hem aýydýar, emma edýän hereketine baha bermeli bolsa ,, samsygrak.
 Atasy öleninden soň iki ýylar geçip gitdi. Il içinde özüňiz bilýäňiz, sheýel sözler bolýar. Hamala hemme garrylar, pully küýzäni ölmezinden ozal, ýere gömüp gidýärler. Wagt geçip bu ýigit hem sheýle ýagdaýa düshdi. Hamala onuň atasy, içi doly altyn teňňeli humy, shol çola ýer diýilýän ýere gömüp gidenmishin.  Oguly bolsa, atasynyň gömüp giden, bu küýzesini ýer gazyp gözleýärmishin. Elbetde bu güläýmeli ýagdaý. Ýöne birden bu gülmeli diýýän ýalanyň teýinde hakykat ýatan bolsa näme etjek. Edil shu ýagdaý hem ,,çola ýeriň adamy bilen bolup geçdi. 
 Ol atasynyň gömüp giden humyny gözläp bashlady. Munyň üçin ol çola ýeriň ep-esli böleginde yz galdyrdy. Onuň gazan ýerleri bolsa bir görseň, tilki-shagalyň hinine, bir görseňem körsyçanlaryň gazan hinine meňzäp,çola ýerde yz galdyrdy. Biz onuň gazan ýerlerini anyk gördük we elbetde bu halata öz ýanymyzdan güldük. Sheýdip ýene iki ýyl geçip gitdi. Çola ýeriň adamy bolsa shol aýydýan ýere dynygsyz gatnady. Hatda gyshyň aňzak sowygynda, hemmeleriziň gyzgyn jaýdan çykmaýan wagtynda hem ol shol ýerde durdy.
  Haçan onuň perzentli bolan wagtynda, onuň ýaňy aýagy ýer tutan çagasy hem, çola ýeriň adamy diýýänimiziň yzyna düshüp, gatnap bashlady.
 Ynha hiç kim ynanmaz, bir gün ol altyny tapdy. Humyň içi gadymy altyn teňňelerden dolydy. Onuň bu humy tapyshy hem üýütgeshik boldy, aýdyshlaryna görä. Iki ýyllap ýer gazan bu ýigit, altyny tapmandan soň, uzak ýerde ýashamana giden agasyna, özüniň altyny tapmaýanyny emma hakykatdanda atasy oňa bir hum altyny galdyrandygyny bilýändigini, habar edip aýytdy. ,,Gelde maňa altyny tapyp ber, sen bu altyny bilýän bolmaly, çünki sen maňa garanda ullakan, hemde atamyň yzyna düshüp, onuň nämeler edendigini sen gördüň.
 Agasy geldi. Iki aga-ini altyny gözläp, çola ýere gitdiler. Bir entek wagt çola ýerde entänlerinden soň agasynyň kellesine gelmeli  pikir geldi. Ol inisine aýytdy:-- Atam bu ýerde bir çertek gurdy. Ol shol çertegiň,dört öresiiň kybla tarapyndakysynyyň teýine bir zatlar gömdi hemde ol maňa sheýle diýdi:- 
 -Bu ýerde saňa däl, iniňe degishli zat bar. Haçan ol ulalyp, shu zady sorasa, sen oňa tapyp berersiň diýipdi. 
 Shundan soň olar, eýýäm özi ýok bolup giden, emma sudyry galan çertegi gözläp bashladylar we gözleseň taparsyň diýen nakyla eýerip, iki aga-ini bu çertegi tapdylar we aýdylan kybla tarapdaky öräniň teýini gazdylar. Bir metr çuňlykdan geçip, piliň ujy gaty zada  ,,shark edip degdi we yz ýanyndan, elbetde humyň özi göründi. Meýdana çykardylar. Humy açdylar. Görseler hakykatdanda bir topar tükenmez altyn. Ýüzüne keramatly sözler ýazylan. Göterip oba, öýlerine getirdiler. Mashgala bolup, ýene bir hatar humdaky altynlary gördüler, sanadylar. Çagalary bolsa, altyn teňňeleri  gysymlap oýnadylar.
 Çola ýeriň adamynyň altyn tapanyny sholbada oba eshitdi. Köp adam altyny görmäne geldi. Men hem eshiitdim. Emma barmmadym. Özümçe ,, aý, bir demirdirdä diýdim. 
 Ine onsoň bir hum altyn tapan çola ýeriň adamy köçeden ýöräp bashlady, obanyň märekelerine bardy. Ony gören adam, oňa sorag berdi. -Altyny näme etjek, nämä sarp etjek. Birde-ýarym adam ,, altynyňy sat' hem diýdi. Çola ýeriň adamy bolsa, bu sözlere ,, ýyrsh-ýyrsh etdi.
  ,,Mashyn aljak diýdi. Jogap ýaman däl. Häzirki döwürde hemmäniň edýän ishi. Hemmeler oňa üstünlik diledi. Emma wagt geçiberdi. Çola ýeriň adamy mashyn almady. Adamlar ýene sorady. Mashyn almadyňa, näme boldy. Çola ýeriň adamy bu soraglara ýene ,, ýyrsh-ýyrsh etdi.  
 Onsoň ,,täze jaý saljak diýdi.  Adamlar ýene goldadylar. Jaý salmak hem hemmäniň edýän ishi. Emma wagt geçdi. Çola ýeriň adamy jaý hem salmady. 
 Bir gün adamlar ýene soradylar. Jaý salmadyňa?. Çola ýeriň adamy ýene ,,ýyrs-ýyrs etdi.  ,,Çagalary okatjak. Adamlar ýene goldadylar, çünki hemmäniň edýän ishi. 
 Sheýdip altynyň gelenine eýýäm iki ýyl geçdi. Emma ,, çola ýeriň adamy tapan altynyny hiç ýerde, hiç zada ulanmady. Onuň geýimide üýütgemedi, bolushyda. Shol kirli geýiminde ýene çola ýere gatnap ýöräberdi. Elinde ýa palta, ýa pil. Iki-üç sany hor sygyry. Ölümtik goýynlary, bürmek basyp giden. Ýarygije öýüne gaýdyp gelýär. Çagalary hem yzynda.
 Bir gün obanyň adamlarynyň hemmesi bir ýana ýöredi. Çola ýeriň adamynyň öýüne tarap. Edil ,,çola ýeriň adamynyň  ,,ýyrsh-ýyrsh edishi ýaly indi ol tarapa barýan adamlar ,, ýyrsh-ýyrsh etdiler we onuň öýünden gaýdyp barýan adamlar hem. Aýallar hem sheýle etdiler.
  ,,Çola ýeriň adamy tapan bir hum altyny obanyň adamlaryna, paýlap bermegi niýet edipdir. Adamlar sheýle diýdiler. Öz diýenlerine özleri hem geň galdylar. Beýle edýän adam ýok. Emma altyndan ýetdik paýyny almana gitdiler. Çola ýeriň adamy bolsa ilki bilen hasaplapdyr. Obanyň adamlaryna näçeden ýetjek, onuň paýlajak altynlary. Dört sany altyn teňňeden. Hemmeler bardylar. Emma men barmadym. ,,Aý, men aýytdym, bir hum altyn onuň ykbalyny üýütgetmedi, dört sany teňňe meniň ykbalymy nämä üýütgeder. 
 Ine, men hem obanyň märekelrine bardym. Hemmeler gürrüň etdiler. Çola ýeriň adamyndan alan altynlary barada. Menden hem soradylar. ,,Aldyňmy diýip. Men näme diýjegimi bilmän durdym. Aldym diýsem,ýalançy. Almadym diýsem, näme üçin almadyň. Ilki men bu adamlara, maňa altyn gerek däl diýdim.
Emma wagt geçip özüme, näme üçin saňa altyn gerek däl. Sen özüňi ulumsy tutýaň, ýogsa altyn saňa gerek. Ikirjeňlenip, iň soňunda gitdim. Altyndan, öz paýymy almana. Bardym. Çola ýeriň adamy meni görüp, geň galyp durdy we iň soňunda maňa degishli altyny çykaryp berdi. Men sag bol aýytdymda ýola düshdüm. Ýolda altyny kisämden çykardym. Teňňani iki ýana agdaryp gördüm. Altyn maňa gowy täsir etdi öýüdýän. Özüme ,,indi meniň hem altynym bar diýdim. Ernim gozgandy jaýyndan. Bir-iki minutdan men hem hemmeler ýaly ,,ýyrsh-ýyrsh etdim.