Mazmuna geçiň

Ulanyjy çekişme:Gulshat Gurd

Page contents not supported in other languages.
Mowzuk goş
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Biografiýa

[çeşmäni düzet]

Döwlet Annageldiýew Kakamyradowiç 1981-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Aşgabatda dünýä indi. Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebinde okady. 1997-nji ýylda mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girdi. 2001-nji ýylda instituty tamamlandan soň, goşun gullugyna gitdi. Türkmenistanyň Lebap we Balkan welaýatlarynda gulluk etdi. 2003-nji ýylda goşunda gulluk edensoň, Watan radioýaýlymyna işe çagyryldy. Bir ýyldan gowrak wagtyñ dowamynda Watan radioýaýlymynda tejribe geçdi we şondan soň işe alyndy. Türkmenistanyň Halk artisti Ogulbagt Çaryýewanyň halypalyk etmeginde radiogepleşikleri alyp bardy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk artisti Juma Ýazmyradowyň ýolbaşçylygynda radio gepleşikleriniň we radiooýunlarynlaryň ýazgylaryna gatnaşdy. Birnäçe wagtdan soň, Altyn Asyr teleýaýlymynda, ilki Säher salamy gepleşigini, soñra bolsa Watan habarlar gepleşigini alyp bardy. Şol bir wagtyň özünde " Tv4 Türkmenistan" teleýaýlymynda redaktor bolup işläp, ýaýlyma gidýän gepleşikleri seslendirdi. 2005-nji ýyldan başlap, tele we radio ýaýlymlaryndaky işleri bilen bir hatarda döwlet çärelerini we konsertlerini alyp barmagy başlady. Jennifer Lopez, Tarkan, Filip Kirkorow, Ani Lorak, Jon Newman we beşga-da ençeme meşgur ýyldyzlaryň gatnaşmagynda konsertleri alyp bardy. Bu işleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň kinostudiýasynyñ taýýarlan dokumental filmlerine we çeper filmlerine-de ses berdi. Türkmenistanyñ medeniýet we sungat ussatlary bilen bilelikde ABŞ, Russiýa, Hytaý halk respublikasy, Italiýa, Türkiýe, Ukraina, Belarus, Özbegistan, Gazagystan ýaly dünýäniň dürli ýurtlarynda konsertleri we dabaralary alyp bardy. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi diÿilip yglan edildi. 2013-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ada eýe boldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň taryhynda iň uly halkara sport çäresiniň - IMAG2017 - ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça aziýa oýunlarynyñ açylyş we ýapylyş dabaralaryny alyp bardy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen "Watana bolan söýgüsi üçin" medal gowşuryldy. 2004-nji ýylyň oktýabr aýynda öýlendi. 2006-nji we 2011-nji ýyllarda doglan iki gyzy bar.

Çeşmeler

[çeşmäni düzet]