Ulanyjy çekişme:Görsebasar

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýazgylyç Aşyrow[çeşmäni düzet]

Ýazgylyç Aşyrow 1959-njy ýylyň 17-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherçesinde dogulýar. Ol Gökdepäniň 28-nji orta mekdebinde okaýar we Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde tejribeli mugallym Baýram Bekmyradowyň synpynda akkordeon hünari boýunça başlangyç saz bilimini alýar.

Ýazgylyç Aşyrow 11976=njy ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat instituna okuwa girip, ilki höwesjeň orkestriň dirižýory bölüminde, soňra bolsa kompozitorçylyk bölüminde professor Weli Muhadowyň synpynda okaýar we 1985-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Ý.Aşyrowyň döredijilinde simfoniki we wokal žanrlary görnükli orny eýeleyär. Onuň simfoniki orkestr üçin "Çarh" atly eseri (1986 ý.) ilkinji gezek 1990-njy ýyldda döwlet simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy, dirižýory Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow.

Ý.Aşyrow Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden 5 romansdan ybarat "Meňli" atly wokal toplumynda (1984 ý.) beýik şahyryň yşky lirikasyna degişli dürli häsiýetleri, duýgulary bermegi başarypdyr. Ý.Aşyrowyň dürli ýyllarda döreden eserlerinde kompozitoryň özboluşly saz dünýasine aralaşmak mümkindir.

Ý.Aşyrow dürli ýyllarda ýurdumyzyň sazçylyk mekdeplerinde, türkmen telewideniýesinde we radiosynda, Kompozitorlar birleşiginde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda işledi. Ol häzir Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym bolup işleýär.

Eserleri:Simfoniki orkestr üçin poema (1985), simfoniki orkestr üçin "Çarh" atly eseri (1986), kirişli saz gurallary üçin kwartet (1983), fortepiano üçin wariasiýalar (1982), Magtymguly Pyragynyň goşgularyna 3 sany a'capella hory (1983), 5 romansdan ybarat "Meňli" (1984) wokal toplumy, Gurbandurdy Zeliliniň goşgularyna wokal toplumy (1983), fortepiano üçin 2 prelýudiýa (1981), skripka we fortepiano üçin pýesa, skripka we alt üçin 2 sany duet (1981). Dürli häsiýetli aýdymlaryň we romanslaryň 50 golaýy we başgalar.