Ulanyjy:Ylyas Pirjanow
Täze haly kärhanasy açyldy
[düzet | çeşmäni düzet]28.05.2022
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň täze haly kärhanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Türkmen halysynyň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilen bu dabara oňa gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy. «Altyn gum» hususy kärhanasynyň bina eden bu döwrebap kärhananyň tutýan meýdany 648 inedördül metre, ýanaşyk ýerleri bilen umumy tutýan meýdany bolsa, 2800 inedördül metre barabardyr. Çeper elli halyçylaryň 100-siniň zähmet çekjek bu haly kärhanasynda täze döwrebap haly dokalýan enjamlaryň 12-si oturdyldy. Bu bolsa birbada dürli ölçegdäki 12 sany halyny dokamaklyga mümkinçilik berer. Ýanaşyk ýerleri abadanldyrylan täze binada halyçylaryň dynç almaklary we naharlanmaklary üçin hem oňaýly şertler döredilipdir.
Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, ýaşuly nesliň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ussat halyçylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabarany ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi. Dabaranyň geçirilýän ýerinde haly we haly önümleriniň, haly dokamaklyk üçin zerur bolan gurallaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän giň gerimli sergi guraldy.
Halaç «Çeper» halyçylyk kärhanasy ýurdumyzda iň iri halyçylyk kärhanasydyr. Bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň 2 müň 300-den gowragy zähmet çekýär.
Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky karary bolsa, milli mirasymyza, çeper elli zenanlarymyzyň asyrlar boýy çeken zähmetine dünýä derejesinde goýulýan belent sarpadyr.
Häzirki wagtda halkymyzyň medeni özboluşlylygyny şöhlelendirýän halyçylyk sungatynyň ösmegi üçin giň mümkinçiliker döredilýär.
Halajyň «Çeper» halyçylyk kärhanasynda adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen uly halylaryň, buýurmalar esasynda binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşdäki halylar dokalýar.
Kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary – horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümler hem dokalýar. Täze haly kärhanasynyň işe girizilmegi bolsa, kärhananyň öndürijilik kuwwatyny we döredijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrar.
Çeşme: www.turkmenistan.gov.tm.
"Turkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazeti