Ulanyjy:Serdar Goçmyradow
Men Serdar Goçmyradow Goçmyradowiç. Ahal welaýatynyñ Babadaýhan etrabynyň Ak altyn obasynda 2008-nji ýylyñ 1-nji maýynda doguldym. Alty ýaşyma çenli enem-atamyň elinde terbiýe aldym. Soňra bolsa, 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Babadaýhan etrabynyň 8-nji orta mekdebi-ne okuwa kabul edildim. Men ilkinji gezek 2017-nji ýylda dokuz ýaşymda köpçülik üçin manyly bolmasa-da kiçiligim üçin öran manyly bolan goşga gadam basdym. Şonda başlangyç mugallymyma ýalňyşlyk bilen düşen goşgy kagyzym meni ýene goşgy ýazmaga ymtyldyrdy. Men şu wagt hem şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
***
1.ÖKDELERE SYLAG
Meniň ähli şatlygym synpda geçerdi
Ýaryşardyke alardyk hemmämiz ýeri
Ýalandan saklardyk ejiz dilleri
Gözümde has ökde dört sanysy
Myrat ,Babajan oglanlardandy
Gyzlardan bolsa,Merjen,Aynurdy
Men tohum ekdim olaňky bagdy
Hersiniñ ýeri mende aýratyn
Söz ýetmez aýtsañ gepde häsýetin
Olar çalt basýar menden gadamyn
Şolarda gördüm bilim ganatyn
***
2.MENIÑ OBAM
Käte pikirlenerdim obam ýagşy
Owadandyr onuň töwerek-daşy
Mydama şatlygyň sesidir içi
Mylaýym şemalyň bardyr kakyşy
Yhlas bilen okaýan çagalary bar
Pagta bilen örtülen gektarlary bar
Gözellere seretme aklyñy alar
Bir-birinden merdana ýigitleri bar
Elbetde üýtgeşik öz dogan ýerim
Şol barada aýtsam titreýär dilim
Siz onuñ adyna Ak-altyn diýiñ
Göýä ganatlanýar bu ýerde bilim
Serdar sen obaña çagyr her kimi
Olar hem görsünler şatlykly güni
Hoş nahar suw bilen doýur myhmany
Goý pikir etmesin gelen gitmegi
Haýsy gapyny aç ýagşy garaýşy
Adamkärçilikli ynsandyr bary
Her öýüň içinde çaganyň sany
Hiç kim menden bolup bilmez bagtly
***
3.TÜRKMENDE
Bütin künjek owadan gizlenip ýerde
Daglaryna seret sen oturup düzde
Haýwanlary gezerler jülgelerinde
Hiç haçan pese düşmez sylag türkmende
Baýlygy uludyr ähli döwletden
Eý ajap döwletim çykma könülden
Ýykarsyň baryny eger göreşseň
Geçmişde sag çykdyň niçe söweşden
Owadan binalary çeker ünsleri
Seýilgähi çagyrýar mydam sizleri
Gülzarlyga bürener Garagum çöli
Aziýanyň merjeni paýtagt şäheri
***
4. ENÄNIÑ GÜL ÝÜZI
Enäniň ýüzüne seredeniňde
Ýaz pasly başlanar güller açanda
Enäniň ýüregi desse biçende
Gül kimin açylar ýüzi gülende
Işe gidenimde arzuw ederin
Öýe baranymda ýüzün görerin
Öýden daşda wagtym harabdyr günüm
Enäni görmänem geçermi günüň
Enäni göremde bahardyr paslym
Enäni görmesem gider owazym
Enäniñ gül ýüzün aglatmasynlar
Eneler aglasa gider meň aslym
***
5.GÜLKÜNÇ WAKALAR
Iki sany piýan başlady urşa
Aýyrmaga bardym men ýanlaryna
Aýyrdym gitdiler gelýär yzyna
Elinde ullakan bir taýak bilen
Nahar bişirmäge oturdy biri
Bişmesede onuñ ysy gelýärdi
Ine ysyn aldy bednebis biri
Eýýäm taýýar otyr eli çemçeli
Kiçikäm oýnardym men kowalaşdym
Eşşidim yzyndan ylgap başladym
Bir ädim galanda oturdy ýere
Üstünden dik aşyp ýere ýapyşdym
***
6.GIJIGEN SÖÝGI
(Aşyk ýigit halyny öz keşbime siñdirdim)
Şeýle bir waka boldy günüň birinde
Oglan garaşyp durdy köçäň ugrunda
Halaýan gyzym bardy onuň oňünde
Maňa garaşýardy şol gyz aslynda
Ýaňky oglan maňa tanyş oglandy
Gyza söýýän diýmek şeýle bir kyndy
Bärik arasynda gözün aýlady
Utanjymy duýup yza aýlandy
Ilki hyýaldyr öýtdim ony gördüm men
Daýhanlaryñ içinde ýañky gyzam bar
Golaý gelip başladym akja gyza men
Elleri toplaýardy täsinje bir gar
Ýanyna baryp onuň ýygýardym pagta
Şeýle bir aljyraýan büdräp takyra
Ýerinden turup bir ýüzüni açaýsa
Ony göremde göýä başym aýlanýa
Näçe günlerden soň gowulaşdy aram
Oň bilen gürleşsem aljyramok biram
Hälki oglan gelipdi pagta ýygmana
Şol biedep gaýdanok gyzyñ ýanyndan
Oglan meñ egnime kakdy bir sapar
Menen oña çalaja edipdim gahar
Ol diýdi:"ýürekde diñe şol gyz bar
Şol gyzyň adyny aýdaýda Serdar"
Men gaýgyrman aýtdym gyzyñ adyny
Ýürekden aýyrdym ýaman pälimi
Utanyp-çekinip diýmedim sözi
Muña men diýýärin gijigen söýgi
***
7.DOST
Gamlanan wagtyňda seniň ýanyňda
Dertlenip otyrkaň dert bermez saňa
Sen gülseň dost bolup begener assa
Gözleme başgany dost diýen yna
Iň gowy dostum sen diýmesin sana
Sebäbi bilýärsiň seniň dostuň ol
Şepe-şepe diýip ýallaky bolsa
Gaçmaly şol adamdan dost däldir ol
Buýruk bermez dostuñ terk etmez seni
Arkaňa öwrülseň gep etmez seni
Tötänden araňa bir adam girse
Syrlaryňy açyp har etmez seni
Dogrymy aýytsam dostsyzlyk dert hem
Durmuş bir ýol bolsa ýoda-da dostlaň
Dogry dosty tapyp bilýän bir adam
Şol ýoluň ugrun üýtgedip bilerem
Adam üçin dost diyenajaýyp bir düýş
Köp dostly ynsan bolmak hem howply bir iş
Şeýle bir dostlar bar janyňdan gowudyr
Kã bir dostlar bolsa diýeniň hem azdyr
***
8.MUGALLYM
Ýumuş berer mähir bilen mugallym
ony ýerine ýetireris bahym
Köp wagtlap bizlere bir zatlar aýdyp
Kellämize salar edep gymmatyn
Diňleýän köpdür ol mugallymy
Diňlemeýänler hem bardyr synpda
Men bolsa ony höwesli diňläp
Öwüt-ündewin halaýan hatda
Mugallym gelende seretdim öňe
Diňledim sapagy gürrüň berende
Pikir edip oturdym galam bile
Mugallym waspyny ýetirdim menä
***
9.AKYLLY BOLGUN
Üýşmeleň wagtynda duzy göreňde
Eliňi uzatma asylly bolgun
Şer gözleýän adam golaý gelende
Gaç onuň ýanyndan akylly bolgun
Ýat adam golaýda gödek gürleme
Her gowy adama syryňy berme
Bar zady görmesin ol iki gözüň
Uzak bolma öýden golaýda bolgun
Arzuwyñ bir bolsun köp zat isleme
Isleýäniň biri kiçi zat toslama
Gamgyn bolsa gizle her wagt ýüzüñ
Köp gürrüñ ynamsyz dogruçyl bolgun
***
10.BOLAR
Hormatyñ ýitirseñ dostuñ ýat bolar
Gazana ýanaşsan garasy ýokar
Sögüşsiz adama uruş geñ bolar
Syýasy dökülen galam kir bolar
Bir adam gülende şeýle şat bolar
Gülkiler gamgyna hemaýat bolar
Gamgyn adamlaryñ içi dar bolar
Olaryñ ýüregi tiz ýaralanar
Alymlar hemmeden köp zady bilýär
Gamgyn bolan adam ýüzün gizleýär
Aşyk ýigit derdin hiç kim bilmeýär
Serini aldyrsa sergezzan bolar
***
11.GÖZEL TEBIGAT
Şäherleriñ tebigaty bolar öran az
Obalara garanyñda tokaýlar hem az
Tebigaty goramak adamyñ borjudyr
Ideg edip köp seretsek göwün bolar saz
Men hem ýaşap geçdim obada bir jaý
Oba tebigaty şeýle bir emaý
Tokaý ýerlerine geçirýärler jaý
Tebigatam bir gün alar bizden ar
Goralyñ tebigaty goralyñ bagy
Tebigaty hormatlan hemmeden gowy
Barymyz dikeldeliñ toplanyp daly
Goralyñ ýene-de gözel tebigaty
***
12.ISRIFÇILIK
Täze-täze edinip alynyp ýörme
Könesi döwülse ony bejer gaýta
Müñ gezek döwülse-de, müñ gezek bejer
Şonda saña sogabam bolýandyr hatda
Bir miwäniñ üstünde çüýrügi bardy
Islemersiñä ony özüñ iýmegi
Islemeýän zadyñy berseñ iliñe
Gazanarsyñ elbetde uly günäni
Nahary köp etmäñ zaýalanar ol
Nahar zaýalamak isriflik bolar
Akar suwy hapalaýsa garagol
Käýegin bolmasa isrifçil bolar
***
13.EZIZIM ENELER MÄHRIBAN GYZLAR
Zenanlar baýramyn ýürekden gutlap
Ezizim eneler mähriban gyzlar
Men goşgy ýazýaryn marta bagyşlap
Ezizim eneler mähriban gyzlar
Mübärek baýramyñyz gutly bolsun
Mart gelende zenanymyz şatlansyn
Ýigitler gutlasyn gyzlar gutlasyn
Ezizim eneler mähriban gyzlar
Seret sen bu gün zenanlarymyza
Şatlykdan paý berýär ähli adama
Sowgatlar bermeli her bir zenana
Ezizim eneler mähriban gyzlar
Ýöresin türkmeniñ bu halaýyk däbi
Şatlyga besledi bütin dünýäni
Bu gün gutlaýaryn ýürekden sizi
Ezizim eneler mähriban gyzlar
***
14.SEN BEÝIK
Gurýarys ençeme synmaz korollyk
Deñize salýarys gämi hem gaýyk
Awlasak-da gözel birnaçe keýik
Älemi ýaradan sen gaty beýik
Bize uly din goýdy şertleri ýenil
Bize synagy onuñ bir uzyn ömür
Şol synagdan geçäýseñ sen edip sabyr
Şonda ýola düşersiñ jennete edil
Onuñ ähli bölegi nurdan örtülen
Onuñ ähli sözüne hormat goýulan
Gurhany okanyñda has golaý gelen
Tutuş älem oguntyk oda dag bolan
Köp adamlar boldy onuñ aşygy
Hiç haçan bolmady mähir duşmany
Synady merhemet edip kapyry
Olara ýarany jehennem saldy
Ol şeýle beýik ,dil ýetirilmez
Onuñ mähriniñ yzy üzülmez
Günäñi geçse ýüzün düşülmez
Onuñ görmeýän ýeri tapylmaz
***
15.MAÑA GEREK DÄL
Ejeñe hyzmat ber kakaña wepa
Bigadyr perzentler maña gerek däl
Dostuñy kemsitme çekdirme jepa
Arkañdan geplejek maña gerek däl
Dost barada waka günüñ birinde
Sylaýardym ony gyl geçmez ara
Şol ebedi synmaz beýik dostluga
Bir sözjük sebäpli sürtüldi gara
Bir giden dost geçdipdi meniñ öñümden
Hemmesiniñ ýalñyşy ýekeje bara
Bir-birini hormatlap guwananyndan
Itenin gowy görýär gerek däl maña
Meniñem ömrümde ynamly adam
Öñümden çykyp gelerle gapymdan
Diýip arzuw etsem çyn ýüregimden
Gelenok ,ýuwaşdan ýapylýar gapam
Söýgi meselä gelsek ,söz açsak şondan
Arzuw edip islesem men ony bir gün
Käşgä şirin sözlije syratly bolsam
Onda diýsemem bolar bolsun owadan
Umuman aýdañda gowy bolsun bar zat
Bolçulykdan boş ýere menä geçjek däl
Adamdan geçip gider her hili halat
Sergezzanyñ durmuşy maña gerek däl
***
16.SETIRLERE SIÑEN DÜÝŞ
Säher bilen tuzzurdy, "ýör gitmeli"
Bir gara geýimli äkitdi meni
Diýdiler-diýdiler "şahyr gel indi"
"Men şahyr däl size kim aýtdy muny"
Başymy bir gapydan egip saldylar
Otaga giremde aýaga galdylar
Bir-bir soraglar berdi hemmesi maña
Jogap berip bilmedim doñup galdyma
Näme diýenim bilmän seredip duryn
Çetde duran diýipdi "gürledä burun"
Ýuwaş-ýuwaşdan dilim gürläp başlady
Soraga jogap däl sorag berip duryn
Gepledim "Siz kimsiñiz" diýdim bir agyz
Biri titiräp durdy göýä bir gabyz
Titiräp duran diýdi" goşgulary ýaz"
Ýazmaga päsgel berýär gorkuly aýaz
Olaryñ hersi bir zadyñ piri
Göýä menden hem synag geçildi
Edep-terbiýä baha belledi
Seretjek boldum yza çekildi
Men goşgy goşdum "Maşgala" diýip
Ol goşgy häzir düşenok ýada
Ahyr diýdiler "geçirdik şuny
Salyñ adamy garañky jaýa"
Men diýip başladym "äkitmäñ meni"
Şol jaýyñ gapysy açyldy weli
Pursadyñ gorkusy açdyrdy gözi
Uludan aldyrdy tisginip demi
***
17.SANSYZ GALARSYÑ
Pikirlendim galamy elime alyp
Eger näme edäýseñ sansyz galarsyñ
Gektaryña seretgin azodyn sepip
Ýogsa dänip ekinden bagsyz galarsyñ
Bäş minutjyk dik durup daşyña seret
Pikir etseñ durmuşyñ özüñe gerek
Okuwdan paýyñy al durmuşa gerek
Soñunda özüñdenem razy bolarsyñ
Öýke diýlen hasrat bardyr adamda
Iki sany adam öýkeli bolsa
Ötünji kişiden öñürti sora
Uzaga çekäýse dostsuz galarsyñ
Hezzet et myhmana öýüñe gelen
Hormat goý her ula ýüzüñe gülen
Sylagyn gepleşseñ kiçiler bilen
Sylagyñ ýitirseñ sansyz galarsyñ
***
18. KLASDAŞLARYM
Mekdebe ilki gün baryp göremde
Oñşuksyz adam men daşdan göreñde
Maña goýan partañyz göz öñünde
Menem size hormat goýdum şol ýerde
Kä wagt edepli kä wagt bezzat
Kä wagtlar bolsa, etmedik hiç zat
Gamlansañ açarlar gülüşip, oýnap
Kä wagt zyñdylar ruçkany üçläp
Iki sany okuwçy klas içinde
Özlerine diýýärdi klasda ökde
Maña köp çekdirdi şol iki pekge
Edebine söz ýok aýdaýsañ gepde
Ýene ökde dört sany bardy synpda
Olaryñ mysaly işleýşin görüp
Geñirgenip galdym olañ ýanynda
Olañam ýalnyşy bardy aslynda
Başga-da köp bara bir-bir sanasam
Otuz üç okuwçy bäş olañ bahasam
Kä biriñ häsýetin aýtmadym şu wagt
Men aýdyp başlasam oýkelär olam
Sananlamdan başga-da gowsy bar ýene
Häsýetini aýtjak däl gaty görmese
Mekdebem soñlanar siz ondan ganyñ
Köñül sizi ýatlasyn klasdaşlarym
***
19.DURMUŞ
Bilesim gelýär meñ durmuş näme
Menzeýärmikä uly äleme
Dogry olarda meñzeşlik uly
Ýöne meñzeşlik her kimde känä
Durmuşda ýaşaýas ählimiz biraz
Her näme diýsegem ýaşamak kyn zat
Onuñ ýarasyny bejermeýär maz
Durmuşa düşünseñ ýakymly owaz
Durmuş güle meñzär uly tikenli
Başarnyksyz şahsa batar tikeni
Tikenini unut gözeldir keşbi
Başarjaña bolar hudaý jenneti
Durmuşyñ içi gazaply söweş
Daşyndan seret mähirli ildeş
Onuñ gymmaty däl altyn-kümüş
Bu şygyr bolsa durmuşa giriş
***
20.ŞAHYRLARYÑ WASPY
Magtymguly bu gün sözüñ ýer tapdy
Boljak zat gözünde misli pir ýaly
Ölüler suratda hereket etdi
Göýä ol ölmändir jany bar ýaly
Şeýdaýy diýr "geler türkmeniñ güni"
Bu gün haýran etdi türkmen dünýäni
Ýene-de diýipdir "ýitmesin dili"
Şol dili öwrenýär türkmeniñ ili
Seýdi diýr "lebaby gidirdik elden"
Lebap indi bizde welaýat boldy
Özbege bermedi ýerini türkmen
Türkmeniñ ahwaly beýige galdy
Türkmen şahyrlary gahryman gerçek
Belki-de ýalñyşlyk bolandyr seýrek
Şahyr arzuwyny nesli ýetirdi
Men şol şahyrlaryñ waspyny etjek
***
21.ÖZÜM ÝAZÝAN
Özüñ ýazañok diýdi menden bir kiçi
Ýüregim para boldy eşdende sözi
Sözi diýen şol adam ýykýardy göwni
Açan bolsam bagyşlañ görüp gapyny
Özüm görsem aýtjak şu sözlerimi
Nädip diýdiñ maña "aldama meni"
Eý meni kemsiden eştgil sen indi
Şol ýaman düşünjäñ köýdürdi meni
Meniñ gözümde sen gowy adam bolduñ
Diýeniñi eşdemde sergezzan bolduñ
Halalmy heý maña iliñ goşgylary
Ýöne şol sözüñ ýüregimde galdy
Keýpim gowuka bozduñ sen güni
Men saña subut ederin şuny
Saña diýjegim bilemok şindi
Diýjek sözüñi bilip diýindi
Ýene gürleýäñmi añrysyn bilmän
Sen nähili adam diýip goýberýäñ
Bar azabymy sen ýykdyñ bir günde
Aýdanymdan soñ bir akylly gürle.
***
22. ÝYLA ÇEKDI
Duşmanyñam öýkesi üç güne çeker
Dostlugymy öýkeler paş edip geçdi
Hudaýam üç günüñ günäsini geçer
Haram ýaşap ýörenim bir ýyla çekdi
Bir ýyl boldy dostsuz gezip ýörenime
Bir ýyl boldy seniñ ýüzüñ görenime
Ýolda-ýüzde görsem salam berenime
Ýekelik hem ýalñyzlyk bir ýyla çekdi
Sen meniñ üçin ötesidiñ dostdan
Men saña dost diýdim sen näme diýdiñ
Şol günüñ wakasy ýadymdan çykman
Men hiç zat iýmedim sen näme iýdiñ
***
23.BILSEÑIZ
Bilseñiz pygamberiñ bilenini
Az gülüp ederdiñiz diýenini
Bilseñiz jãhennemiñ azabyny
Ägä bolup etmezdiñiz günäni
Bilseñiz Kerimem ölmekden gorkýar
Edenin täzeden görmekden gorkýar
Oña ölümden soñ nire garaşýar
Bilseñiz şol ýeri menem gorkuzýar
Bilseñiz kaka deý gorajak ýokdur
Bilseñiz eje deý mähirli ýokdur
Başganyñ edeni bary bir yokdur
Sebäbi başgalañ ynamy ýokdur
Şatlykly günlerde gezgin sen eziz
Ýol ýakynka uzaga gitme sen heniz
Dünýe gadryn bilersiñ ýitse biriñiz
Tende yzy galýar ýarañ bilseñiz
***
24.KAKA HALAL IÝMEK GATY KYN EKEN
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Adamlar çyrpynýar gaýgysy bilen
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Başaramok işläp daňdany bilen
Ýadaw wagtyň diýenleri ýakanok
Halal iýseň hiç kim saňa bakanok
Haram iýsem musulmana gelşenok
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Kiçikäm men işe diýerdim aňsat
Diýerdi kakam "bil edenim bezzat"
Şol wagtyň sözleri öwretmedi zat
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Işläp durkaň gürlemegem gadagan
Halal iýsen köp ýalňyşam bolagan
Öňler ýatamokdym indi uklagan
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Ulalsañ köpelýär öňküden derdiň
Kä wagtlar bolsa gidýärsiň serden
Peýdasy bolmaýar köp alan bäşleň
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
Kakam iýdirmedi bir gezegem kem
Halal ýaşap ýörseñ ýeter gezegem
Haram gazansañ haýa gider eken
Kaka halal iýmek gaty kyn eken
***
25.ŞAHYR
Kerim aga bu gün sözüň çyn boldy
Şahyrlar ýanýa-da sönüp bilenok
Men diýen şahyryň sany köpeldi
Kä biri setire ünsem berenok
Goşgy okaýanyň sany azaldy
Poezýamyz indi hemaýat boldy
Hiç kime ötenok şahyr aýdany
Gadymky ägirtleñ yzlary hany
Heniz adam dirikä bilginiň gadyr
Her eli galamla diýmeginiñ şahyr
Şahyrlaryň işi hem aňsat däl ahyr
Şahyrlar hiç haçan bolmaýarlar bahyl
***
26. DIÝMEGIN
Howp salma hiç haçan adam janyna
Melhem bolar dostuň syrkow halyňa
Şükür etgin mydam gören yagşyňa
Adamlaň hemmesi erbet diýmegin
Maşgalanyň sözünden çykmagynyň hiç
Nahar iýilen wagty barmagynyň giç
Arkaňa öwrülme hiç görkezmegil güýç
Bäş örküçli düýäni ilden gizlegin
Haýbat atma adama düşme üstünden
Galdyrjak bol egseler başyñ azyndan
Dilese dostuňa bergin possunyňam
Gitse gelmeze girseňem geljegin bilgin
***
27.SÖÝGI
Ynsandaky iñ harasatly duýgy
Guradar derýany bag eder güli
Beý diýsem bolmasyn hiç hili gaýgy
Adamyň iň gowy duýgusy söýgi
Söýgi bilen tanyşsan şatlanar alnyň
tanyşmasan gahardan gaplanar kalbyň
Dadyp gör ondan parhy ýok ary balyň
Söýginiň kiçi syry kitapdyr galyñ
Söýgi bilen gözel dünýäniň üsti
Söýginiň üstüne kim aýak basdy
Dünýä çöllük bolsa,söýgidir bagy
azaldar peselder dagy
***
28.BILÝÄN INDI
Tahallusym ýok adym bar diňe
Men bu arzymy aýdýaryn kime
Görkezjek ýolum ýok göryärin ine
Böwetler çykyp dur durmuşda ýene
Ýaşaýyş kyn bilýän men indi
Bu zatlary aýtmak kyn gelýär indi
Goşgynyň setiri her bir bendi
Manysyz bolup görünýär indi
Men şahyr däl ýöne döretjek
Hatalardan milleti habardar etjek
Birde diňlesem birde geplejek
Bilsinler watan üçin
Janymdan geçjek
***
29. PLATONIK SÖÝGI
(Kiçijik poema)
Institut sezony gutaryp barýar
Gutarsa bir ýigit işe gatnaýar
Awtobus gatnasa her gün işine
Ýigit instituty has-da halaýar
Sezon gutardy kanikul yetdi
Işiñ ýoluny tutdy şol ýigit
Her agyr ýola jydamak üçin
Sebäp gözleýär ýene şol ýigit
Ine bir günem sebäbin tapdy
Gyzyksyz günleri şadyýan geçdi
Her gün ýaltanyp tursa ol işe
Awtobus gelmänkä ýoluna bakdy
Awtobus gelende howlugyp münyär
Ýerine geçip seredýär sagyna
Herkim aýnadan bir zat gözleýär
Emma ol seredýär söýen gyzyna
Gyzam aýnadan bir zat gözleýär
Beýleki adamlar ondanam beter
Ýigit ýygydan için gepledýär
"Meniñ söýgimi ol haçan biler"
Indi gözel gyz añyp başlady
Ýigit gözüni gizläp başlady
Göze-göz ýüze-ýüz düşäýse birden
Utanyp dodak etin dişledi
Indi ýigit işine gaty höwesjeñ
Ol gyzy görmese geçmeýär güni
Oglanlar arasynda şeýle bir işjeñ
Göresi gelýärdi şol ajap ýüzi
Gözüni görende ýaşaýardy ol
Käte-de seretse sadyýan bolar
Gözel gyz bir gezek seretdi oña
Eýýäm oglanyñ umydy galar
Işde-de bar işi oña seýretmek
Ýolda-da bar işi oña seýretmek
Belkem göwnüme bolmagy mümkin
Gyzyñam islegi oña seretmek
Ozalynda özüne köp söz berdi
Hiç haçan gyzlara seretmen diýdi
Eýsem şol sözi bermedik bolsa
Söýýän sözün oña diýip bilerdi
Indi ol sözünden dönmek isleýär
Oña söýýän sözün diýmek isleýär
Beýle-de bolmagyn islemesem-de
Hekaýat şeýleräk ýazgyt isleýär
Ol sözüni bugün-erte diýjek bolup ýör
Emma onuñ sözleri birigmezem gör
Her gün diýeýin diýip golaýyna baryp
Utanyp huşuny gidiren bolup ýör
Bir gün jemledi sözün diýjegem bolar
Gyzam şol gün işe gelmedik bolar
Sezon başlaýar diýip gyssanmaçdy ol
Söýgüsi puç oglan Hekaýat bolar
Instut başlady duýgular öçdi
Şol söýen wagtlary ýadyna düşdi
Hiç haçan ýadymdan çykmasyn diýip
Bu hekaýat oglanyñ şygryna geçdi
***
30. ARASSA SÖÝGI
(Liriki poema)
Ümsümlik ýollar hiç kim görnenok
Asla-da dañdan ýolda adam ýok
Şol wagt mekdebe görmegeýje gyz
Barýar kimsäni görmek islänok
Çünki ünsleri çekmek islänok
Gyzjagaz bolup ýör sapagy bilen
Gülýärle üstünden añrydan gelen
Dereje alandyryn öýdýär özüne
Şol gyzy göz ýaşa sezewar eden
Şol pursat Kerimiñ ýüregin dilen
Göýä adamdan gaçýardy mydam
Bolmajak işlere basmaýar gadam
Durmuş sada hem ýuwaş gyzlara
Jogabyn ýazmaga bermeýär galam
Käte bir edepsiz diýmeýär ynsan
Içinde arzuw besleýän kerim
Her gezek ony gaçyrýar elin
Onuñ bolşuna ýalñyş düşünip
Golaý gelende gyz gaçýarla welin
Seniñ şol derdiñi kim biler Kerim
Ol eýýäm çykypdyr synpa ir gelse
Wah Kerim Aýjanyñ yzyndan ýetse
Yzyndan ýetjek bolmazam welin
Bir Kerim Aýjanyñ derdini bilse
Şol sada ýürege syn edip görse
Synpda işlense gönükme mysal
Aýjandan sorasa eli saññyldar
Sorag soramana çekinip Aýjan
Ýeke özi işläp çözerdi amal
Kerimi ot basyp gyzýardy damar
Kerimem Aýjanyñ gözüne ildi
Aýjan muny oña belli etmedi
Göýä añan ýaly onuñ duýgysyn
Aýjany her demde göresi geldi
Aýjan hem Kerimiñ söýgüsin bildi
Syrlary paş bolup bu juwan ýürek
Elbetde adama utançda gerek
Emma has aşa bularyñ barysy
Bir-birege bakyp bilmän biderek
Olaryñ ýagdaýy bolýar janserek
Aýjanyñ ýanynda tutulardy diliñ
Kerim asla gorkak däl muny bir biliñ
Kerimiñ söýgüsi bolsa-da asman
Görmedigi galmady ejiz ýüregiñ
Belkem rugsady ýokdur ýeke beýigiñ
Aýlar-günler takatsyz geçip gitdile
Kerim zordan söýgüsin geçirdi dile
Aýjan aljyrady bolmady sözläp
Kerimden duýgusyn bilmedi gizläp
Ýöne dymdy jogap bermedi sesläp
Aýjan iki munt doñdy azyndan
Birdenem gaçdy onuñ ýanyndan
Kerim seslendi onuñ yzyndan
"Aýjan"diýen söz çykdy agzyndan
Peýda bolmady soñky sözünden
Entegem jogaba garaşýar Kerim
Soragyñ üstünden aý geçdi welin
Aýjanam gözleýär Nirdekä Kerim
Oña diýjek sözümi tapamok heniz
Kerimem ýene-de garaşdy salym
Kerimiñ wagty bar ertisä çenli
Erte bolsa ýene ertir diýerdi
Ahyry kerim ýetmezini bildi
Aýjanyñ ýanyna täzeden geldi
'Meñ kalbymyñ diñe göreni sendi"
Diýip gaýtalady söýgi sözlerin
Aýjan duýgusyny nädip gizlesin
Aýjan bu gezek mert durdy gaty
Göýä okady söýgüli haty
Soñunda datdy ýürekler bagty
Indi kerim seredýär gözel ýaryna
Aýby ýok gyza dälde ýara garana
Bir-birege berdiler ýagty wadany
Agdardylar pil bilen geçmiş wakany
Çünki wadalar bezär söýgi adany
Her ynsan ýürekde söýgi besleýär
Söýülmek arassa ýürek isleýär
Söýgi atly ertekä ynanmasamda
Halkyñ owazasy şeýle seslenýär
Halk hyzmatynda ýürek beslenýär
***
31.ÖTENIÑ GALAR
Neslimiz bilmesin eden günämiz
Bilse hemişelik ýigrenip galar
Mertlikde tanalyp galsyn adymyz
Bizden soñkylaram görelde alar
Akylsyz adama aýdanyñ puçdyr
Gürlegen ynsanyñ goragy dişdir
Bolup geçen zada "waheý-de" giçdir
Özüñi gynap öteniñ galar
Kitabyñ gadryny okaýan biler
Garyplyk adamyñ bilini ezer
Hoş gylyk ynsanyñ aslyny bezär
Bisypat men diýip geçeniñ galar
Okap alym bolupsyñ ýetdiñ beýige
Açyşlaryñ sanalar belkem ilerde
Seretmedik bolarsyñ çagajyk gelse
Betgylyk bolup öteniñ galar
Garyp diýip araña almadyk bolduñ
Pes diýip oýuna salmadyk bolduñ
Ol esger boldy sen näme bolduñ
Jennetden adyñy pozanyñ galar
Kredit almak günäli işdir
Göýä Allaha söweş açmakdyr
Mömine haram neşe içmekdir
Jehennem ýoluny tapanyñ galar
***
32.ÖZÜME GELSEM
Hiç haçan gaýgyrman ursun hak meni
Ynsanlaryñ üstünden biderek gülsem
Ýöne salmasyn kimsäge agyr derdini
Ynjan bolup nalap gargynybersem
Hudaýam görüp dur synar her kimi
Şeýle-de beripdir uly gerdeni
Dertsiz ýaratmady söýen merdini
Menem şol mert bolup söýülip ölsem
Dünýä maly mydam dünýäde galar
Janyñy tabşyrsañ eliñden alar
Sogabam galmaz ýere çyrşalar
Sözlämde hemişe ýalan sözlesem
Ganym bolsañ birine eliñ döwüler
Ýalan sözli adamyñ dodagy kesiler
Tobasyny bozanlañ günün kim biler
Jähennemiñ suratyn göz bilen görseñ
Edenlerim ýatlaman durup bilemok
Geçmişimi göremde aklym çatanok
Tagalla jennete salsa-da bilemok
Taplanyp günäden özüme gelsem
***
33.BAŞARMAK GEREK
Ulalasym gelenok kiçelmek gerek
Okuwy gutarmak gorkunç meniñ üçin
Geçip barýan wagty saratmak gerek
Eden ýalñyşlarymy düzetmek üçin
Arany kesipdirin birmahal dostum
Ýalñyşypdyryn maña juda sen gerek
Ötünç soramak kyn eken megerem
Uludan dem alyp kiçelmek gerek
Bolýa bolubersin pikirem etjek däl
Geçse geçibersin biziñ günlerimiz
Ýöne ölmek hiç adaty zat däl
Ýaşap ýörsek ebedi mydam hemmämiz
Çagajyklar diýýärler "ulaljak bizä"
Uly bolmak añsat hem hezildir öýdüp
Gojalaryñam sabry öwrüldi küdä
Arzuw edýär "ýerimiz çalyşsak " diýip
Bir çene baransoñ uzakly ýaşyñ
Men kitap okajak diýen bolarsyñ
Emma ýetdirmeýär öñkije huşuñ
Her zady wagtynda ýetirmek gerek
Ömür geçip barýar akar suwlar dek
Giñ pikir dürs akyl hem sowat gerek
Hersiniñ wagtynda bolup bilseñ berk
Görelde bolarsyñ Magtymguly dek
***
34.KERIM GURBANNEPESOW'A
Mämmet Seýidow ýaly şahyr ýok eken
Şygyrlarynda baglanyşyk şeýle bir bekän
Eserlerinde çuññur many mazmun kän
Hekaýalar suw ýaly şygyrdan akan
Bu günem mekdepden öwrenip gelýän
Beki Seýtäkow-a düşünip gelýãn
Aman Kekilowyñ şygryny okap
Kerim şahyrdanam ýol aljak bolýan
Kerim aganyñ suratyny çagajyk görse
Diýerdi menden sora şuny tanasyñ gelse
Ony bilýän adam kän bilmeýän kimse
Gadry barha ulalar ýyllarymyz geçse
Kerim aga şygyrda täze ýol açdy
Ýeñilräk ýollardan hemişe gaçdy
Edebiýatda äpet ýer tutan bolsa
Ýürekde synmajak yz bolup geçdi
Kerim agañ edenin kim edip biler
Köp adam bahasyn kemeldip biler
Meniñ goşgym heniz okalmasa-da
Onuñ şygryn okap doýanok iller
***
35.BAGYŞLAÑ MENI
Kiçijik bezzatdym aldy eline
Mekdep diýen ýerde berdi terbiýe
Höwes ýokdy bir gram mende bilime
Şol höwesi oýardy mugallym ine
Men gaty bilimsiz boýnumy alýan
Sapak başlanda synpa gijigip barýan
Mugallyma añsat däl men ony bilýän
Şonuñ üçin bu gün sag bolsun aýdýan
Taýýarlyga indi meni hem goşdy
Bu ýerde meñ halym kellesi boşdy
Mugallymyñ sabry çeninden aşdy
Sypaýy sözleri bir ýan taşlady
Taşlady diýsem ýalñyş düşünmäñ
Diýmedi paýyşy hiç haçan bilmän
Nädip dursun ol gahary gelmän
Añsat zady-da almaýar kelläm
Deñ duşlamdan utanyp tizden okadym
Mugallymyñ öñünde şeýdip bekedim
Işden hem-de oýundan arany kesdim
Entegem gözlere görnenok keşbim
Maña goltga berdi ägirt mugallym
Ýadymdan çykarmy beren goldagyñyz
Bägül mugallyma ýazdy galamym
Bir çagañ ýüreginde boldy ornuñyz
Bir wagtam egsilmez bize ynamyñyz
Bagyşlañ bäsleşikde egdim başyñyz
Bir mendenem tamañyz wah alaýsañyz
Belki miwe berer bu ýyl Serdaryñyz
Hernäme diýseñem unutmaryn sizi
Hatda ýürekde galar mugallym sesi
Arzuw edýärdim size ýer getirmegi
Begendirip bilmedim bagyşlañ meni
***
36.ÝÄ RABB
Bizi goramaga kömek ugradan
Şükürler bolsun eý meni ýaradan
Ýogsa-da ähli zat gitsin aradan
Saña salam iberjek şu gün galamdan
Eger-de perdäni çekseñ aradan
Jemalyña jydarmykam ýaradan
Senden başga ýokdur güýçli ylahym
Sen goradyñ bizi ähli garadan
Hiç haçan senden ýüz öwürmäli biz
Çalmaly etme sen goşatarda saz
Näçe sejde etseñ şonça-da hem az
Seniñ tarypyña söz ýetenok rabb
Ony pikir etmeýen bil ki ýamandyr
Jennetiñ nygmatyndan mahrum galandyr
Jehennemiñ ýoluna petek alandyr
Bizi ýamanlardan eýleme sen rabb
Janymyzy süýjetme gitsin ugruñda
Rahat ýaşap ýörüs biz seniñ baryñda
Şükür etsek elmydam her bir aýyñda
Orun barmyka bize jennetiñde rabb
Atlanyp gelseler gara göz bile
Günümiz bulansa ýaman söz bile
Nebsimi alsalar dürli saz bile
Mãtäçdir bu guluñ ýardamyña rabb
Çyn musulman bolsañ ýüpek bir geýme
Resululla diýdi haramy iýme
Serdar aýdar hiç kredite girme
Girenleñ günäsin geçewer ýä rabb
***
37.ILIÑ GYZY HEM ÖZ DOGANYÑDYR
(Durmuşy Poema)
Tomsuñ ortaky aýyndadyk biz
Meniñ aýtjagyma göz ýetiriñ siz
Aýlanmaga çykdyk gijäň ýarysy
Daşarda oglanlaryñ barysy
Stolda dostum bilen oturdyk
Bolan wakalary dile getirdik
Eden gürrüñimiz juda assady
Hatda hiç kim bilmesin diýdi
Ýene-de aýtjak menä size şuny
Näme bolarka dostumyñ güni
Ilki bilen söz menden başlady
Serdar:"Dos bu ýyl gyş irräk başlady"
Dostum birdenem maña seretdi
Dosty:"Serdar şu gyz-a meni eretdi"
Serdar:"Goý dost beýle-de gürrüñ bolarmy"
Dosty:"Serdar wah eştseñ ýürek urgymy"
Serdar:"Beýle zat aýypdyr iliñ gyzy ol"
Dosty"Dos hakyky söýgä sen bir şaýat bol"
Serdar:"Köp ýyl boldumy gyzy göreniñe"
Dosty"Görenimi bilemok 3 ýyl söýenime"
Serdar:"Diýmek söýginiñ oduna düşdüñ"
Dosty:"Käşgä düşsedim men eýýäm bişdim
Serdar men her gün aýdaýyn diýýän
Gyzyñ ýüregni bileýin diýýän
Şeýle bir utanýan elim titreýär
Gürlejek bolamda damak petleýär
Mukaddes sözi bir diýip bilsem
Söýginiñ oduny öçürip bilsem
Jogabyñ parhy ýok (ýok ýa-da bolýa)
Bu dert meniñ içimi gutaryp barýa"
Serdar:"Arzyñy başdan maña aýdan bolsadyñ
Ejir çekip ýörman wah maña gelsediñ
Gyza maña juda ýakyndyr dostum
Ýöne iki günlik arany kesdim
Bir partada oturyp mysal işleýäs
Biziñ ýaly barmyka bilmek isleýãs
Men sözüñ oña aýdyp bereýin
Ýogsa-da sizi tanyş edeýin"
Dosty:"Ikinji diýeniñ makul geldi has
Ýok diýse gynanyp tutardym men ýas"
Serdar:"Boldy men ertir sözüm tutaryn
We seniñ bilen tanyş ederin"
Ertesi gün Serdar gyzy görmedi
Sebäp gyz mekdebe şol gün gelmedi
Serdar hatasyna kynrak düşündi
"Dostumy ýalñyşdan çekeýin" diýdi
Serdar:"Edýän işimiz ulurak ýalñyş
Dost beýtmäli ondan tizräk çetleş
Beýle işlere ýol bermeýär din
Din ulgamyna edýärdim men syn"
Dosty:"Bolýa beýle bolsa taşlaly işi
Bolasym gelmeýär men erbet kişi
Söýgimi ýürege gömerin menem
Ýalñyşdan öwürdiñ sag bolaý senem"
Näçe aý geçdi onuñ üstünden
Dostum çykardy käte öýünden
Soñ bildik gyzyñ ýary bar eken
Oña başgasy gerek däl eken
Dostumyñ islegi bolardy belki
Bolmady sebäbi söýgi päk däldi
Dostum utanyp gezip ýör indi
Çünki özüniñ ýalñyşyn bildi
Mende-de ýalñyş bardy başynda
Bu ýöne eser çyn däl aslynda
Bir ýalñyşyñ nirä eltip biljegni
Görkezmek isledim biliñ siz şuny
Her ilde zenan maşgala bardyr
Iliñ gyzy hem öz doganyñdyr
***
38.HAÝYŞYM SENDEN
Eger Watan meni çagyrsa bir gün
Esger bolup gorasam Watany her gün
Gynanma özge ýurtda bolaýsam sürgün
Watan üçin jan käbäm haýyşym senden
"Obamyzyñ melegi" diýip söýeñde
Telewizordan serhetçini göreñde
"Näme edýärkä" diýip pikir edeñde
Gözüñ ýaşlanmasyn haýyşym senden
Döwletimi goraýan begenýärin men
Meniñ üçin hijem aladalanma sen
Soldatlar elmydama wagtynda geler
Gelemde aglama haýyşym senden
Çagañ diñe iki ýyllyk görenok seni
Sen bolsa işe hem dözmediñ ony
Iki ýaşly çagadym ulaldym ýañy
Käbäm menden razy bol haýyşym senden
***
39.BAGDAMYSYÑ SEN
Eý rebbim oýlanýan seniñ ugruñda
Ýöne tapamok seni bagdamysyñ sen
Ýokaryk bakýar ynsan doga edende
Ýa-da bizden daş bolan aýdamysyñ sen
Ýä rebbim kömek ber dünýäde biz bar
Garyplar nämüçin ýer-ýüzde aglar
Sen diýdiñ ýanyma gelenler çaglar
Eý Kadyr aýt bize çagdamysyñ sen
Setirler tarypyñ tapyp bilmeýär
Seni görjek adam dünýä gelmeýär
Niçün bizden gözel ýüzüñ gizleýäñ
Bizi synamak üçin gizlimisiñ sen
Şatlygymy paýlaşjak mydam señ bilen
Eý kaýýum bir gezek gürleş meñ bilen
Seni görmek nesip etjekmi bize
Jemalyñy bir gezek görkezmediñ sen
Aşyk seniñ nuruña ähli adamzat
Bize görkez özüñden ýeke alamat
Meni başyma goýup etme salamat
Doglandan ölinçäm goraweri sen
Bir zat atsam agzyma tagamy geler
Elim degse gyzgyna ýylysy geler
Biziñ etjeklermiz diñe sen biler
Ýogsa-da bize erk edijimisiñ sen.
***
40. BOLÝAR
Ýetim çagajyklar düşäýse ýada
Olaryñ göz-ýaşy damagyma dolýar
Ýene-de bir zada garşy dünýäde
Kişini kemsiden şadyýan bolýar
Nämüçin bolmaýar dogruja husus
Sebäbi hakykat o dünýä mahsus
Biri däl ynansyn ählije alys
Hudaý ahlaklyny jennete salýar
Bir kişi aldansa söýen ýaryndan
Çykýaram ýyl geçse onuñ añyndan
Emma ony görse ynjaýar kalby
Çuñ ýara ýürekde gizlenip galýar
Hyrsy dünýä gyzyp puldan doýanlar
Işçiniñ hakyny gañryp alanlar
Öteniñde size gynançly habar
Jehennem gazaby sizlere bolýar
***
41.BILMELI
Eger biri mertligni görkezjek bolsa
Ilki bilen hudaýdan gorkup gezmeli
Onsoñam ulumsylyk gelişmez oña
Edep-ekramy akyl-huşy bilmeli
Öwünse däli köñül bäs gelip bilmän
Ynjatsañ ejizleri äsgerip bilmän
Dile alsañ kiçijik ýagşylyk diýmän
Ýola çykyp men namart diýip bilmeli
Diñe özüm diýme başgalar hem bar
Köpçülikde içiñ bolaýmasyn dar
Gybat söz eýleme her-kimde söz bar
Erkeklik lybasyn geýip bilmeli
Ejizlejek bolsañ söýgä aýak basma
Dostuñy bahalara aldanyp satma
Dogry sözli adama myjabat ýapma
Ýamandan yrakda durup bilmeli
Söýgini gözleme ýalñyş ýerlerde
Allahdan söýgüli zat ýok bizlerde
Şonda-da söýgini tapsañ gyzlarda
Mert durup men söýýän diýip bilmeli
Iliñ gyzy diýmän gyýa bakmagy
Haram zady naharyña gatmagy
Özüñ neşe içip neşe satmagy
Şahsyýetiñe kiçilik bilmeli
Serdar diýdi allah saña bolar söwüt
Bu aýdanym ýöne däl hakyky öwüt
Döwletiñ islänoga senden bir salgyt
Şol döwleti jandan söýüp bilmeli
***
42.GEREK
On bäş ýaşdan soñ bolmaýandyr hakylly
Hakyl üste ene süýt bulamak gerek
Her kömek beren ynsan bolmaz dahylly
Işiñ başyndan tutup tabşyrmak gerek
Erbet bolmak añsat bir giden ýol bar
Toplumy söz bilen bir-birege gar
Emma gowy boljak diýäýseñ eger
Kyrk ýyl ynsanlara ýagşylyk gerek
Dostsuzlyk ýagşydyr allah dost bolar
Ar-namys işidir erkek baş bolar
Duşmanyñ depãñde gyzgyn daş bolar
Ýaraşyga hergiz synanşyk gerek
Dogry söze ýaparlar dürli myjabat
Ýamanlykdan nyşandyr gyza garamak
Bilmezler alarlar bir äpet garamat
Magşarda jogabyñy düz etmek gerek
Bil ki ir-giç ýagşa beriler dereje
Erbetni gyzyl ot guýarlar göreje
Kysmat diýip berseler egsik alaja
Kysmaty berene razylyk gerek
Men Serdar şahyr däl nesihat ýazýan
Hawwa men alym däl okuwçy bolýan
Magtymgulyny yzlap doly okaýan
Sylaglap şygryndan nusgamy alýan
43.MESIRGEMEGIN
Ilki seni bildim ýanyña geldim
Ozal senden ýardam dilänem mendim
Diñe Alla diýip namaza durdym
Sen meniñ derdime dermany berdiñ
Men senden soradym bir ertirligim
Sen maña diydin mesirgemegin
Iydim ertirligim syrdym tabagym
Gunorta yenede yanyna geldim
Diledikçe aldym aldykca diledim
Sen mana diydin mesirgemegil
Sonra bermegiñ dowam etdirdiñ
Menden bolsa dine doga alyardyn
Yaltanyp basladym ise gitmage
Dilimem baranok doga etmage
Ulyny hormatlap kici soymage
Meslik gelip iman gitdi gocmage
Sen sondada kesmediñ kerem nygmatyn
Menem senden aldymda zekat bermedim
Garyp guluna saldym agyr salgydym
Yone heniz irrak puldan doymadym
Sen gaharlandyn ses ugratdyn depeden
Eý meniñ ýaman gulum kop kop gep eden
Nirde onki mesirgemen diyip ant icen
Indi payyn alarsyn gahar gazapdan
Serdar señ adyñ boldy indi günäkär
Öz günäñe bolmady hiç kim sebäpkär
Señem günäñi geçer ol hemaýatkär
Gönüde hemaýatkär menem jogapkar
44.Şol ynsanlaryñ öñünde başymy egýän
Döwür üýtgäpdir üýtgäpdir ynsanlaram
Öñ şygra sylag hormat goýýardylaram
Ilki sylag soñ hormat galypdyr indi
Şol beýik Ynsan lar aklyma geldi
Ilki Magtymguly dünýäde belli
Ýegeni-de beýik şahyr Zelili
Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi
Şol beýik Ynsanlar aklyma geldi
Mende yz goýandyr şahyr Kemine
Abdylla dost diýip boldy Şabende
Şeýdaýy elipbiý aldy eline
Şolaryñ eseri gözüme ildi
Magrupy dessanyñ edebi miras
Yşk mülkiniñ şasy ol Mollanepes
Hoja Ahmet welin her kimden agras
Şolaryñ ýanynda bolasym geldi
Allah Resulyny ýatlaman bolmaz
Şahymerdan güýjiñ akyla sygmaz
Omar deý hiç kimse adalat bilmez
Şol beýik ynsanlar ýürege siñdi
Nähak gitdi ölüme Aba Serdarym
Adama 40 borç berip gitdi Azadym
Bilal düzdi durkuny belent azanyñ
Şol sesden gana-gana diñläsim geldi
Teke türkmen Görogla menä çyn diýýan
Seljuklyda ylmyñ bar eý Omar Haýýam
Eý dünýa sen bularyñ baryny iýýäñ
Şol dünýäde kemsiz bolasym geldi
Serdar çagyrgyn her gün Möwlamy
Köp okap az algyn ele galamy
Kem etme sylagy ýa-da hormaty
Şeýleräk ynsan bolmaly indi
45.Ötüp git
Gülmegin hiç haçan mömin üstünden
Çaga nusga alar öz kakasyndan
Parhy ýok ulumsyñ ol mekejinden
Nesil bilip galsyn sowat berip git
Amanat zadyny eýlemegin rast
Kynçylyk dörese enä gulak as
Üstüñden gülseler bolma göwni pes
Duşmanyñ höwesin özüñ bozup git
Seredip otursañ kändir ol aryf
Aryfdan ýakyndyr daşdaky alys
Gursagyñda bolsun kiçijik höwes
Ýöne aryf dälde adam bolup git
Sada bolmagyn döwür sadany iýer
Sadaga huýsuz häsýetini berer
Sada-da döwran ahyrýetde geler
Kyýamata jennet ýolun goýup git
Ýol goýup git yzyñdan ýöresin biri
Öz Aslyny bilmeýen täç eder ili
Özüñi belent tutmak gowy dälem weli
Alla dergähinde belent bolup git
Gussa saçma özüñden iliñe tarap
Daş iliñem harlygy berýändir azap
Şonda-da ili ezip edäýseñ harap
Dowzahyñ alowunda ýanyp-köýüp git
Zekat depderçesinde adyñ bar bolsun
Ýaradan jennet berer päliñ ak bolsa
Hudaýa kiçijik sylagyñ bar bolsa
Ahlakly, mertebeli, nusga bolup git
Aryflyk adamyñ daşyndan belli
Ýumşak häsiýetli hem mertebeli
Ýöne bu dünýäde gynama tili
Allahyñ öñünde Aryf bolup git.
Adatdan daşary güýç gelse saña
Etmeliñi aýtjak gulak assaña
Peýda berme dosta hemem dogana
Kadyr kelamyna belet bolup git
46.Şeýleräk goşgyny haýyş etdiler
Goşgymy okady iki gözel gyz
Bir synpda bileje okaýardyk biz
Menden haýyş etdi ýañky iki gyz
"Bizi wasp edip goşgy düzseñiz "
Men ilki "ýok" diýdim olañ ýüzüne
Soñ biynjalyk boldum diýen sözüme
Şol söz ýaman boldy meniñ gözüme
Wasp etjek diýip söz berdim özüme
Gaty gören bolsañyz bagyşlañ meni
Elimden geldigiçe aýdaryn sizi
Sizden haýyşym ýatdan çykarmañ meni
Bu öwrenje şahyry hem ejiz dili
Biriniñ adyna Gülçemen diýiñ
Ikinjisine hem Maral diýeliñ
Ilki birinjisini tanap göreliñ
Soñra ikinjisine geçjekle welin
Gülçemeni wasp edip başladym indi
Sözlerime diýäýmäñ söýgi sözleri
Görmegeýdir onuñ mele gözleri
Türkmen zenany dek şirin sözleri
Geçeliñ Maral diýen uzynja gyza
Gaýgysyzy öñünde çökdürdi dyza
Tans etmez ömürem hiç hili saza
Bu-da onuñ gymmaty ýaraşar gyza
Ikisi-de owadan şeýle görmegeý
Bize başartmaz olañ yzyn eýgereý
Söz ýoga iki gyza başga-da diýer
Olañ gülküsi klasy tebigy bezär
Goşguda ýalan ýok hakdyr barysy
Ereder olaryñ türkmen lybasy
Olañam suraty owadan weli
Bir Ogulşada deñeçer ikisi
Hawwa ilki-başda aýtmadym ony
Ýöne olam diýdi "taryp et meni"
Ine menem taryp edýärin seni
Bu gözler päk ýürek bir sende gördi
Onuñ boýy kiçi ýöne kemlik däl
Bu gyzyñ syraty Maraldan pes däl
Bermeli edilse gözellige bal
Ogulşadam ýeri almajak gyz däl
Maralyñky pes boldy duýdym men şuny
Maraljan gynanmagyn sen örän gowy
Oñe çykarman seni yza zyñmasam
Goýarsyñ öýdýärin ýürekde nury
Gülçemen, ogulşat sizde-de görk bar
Size men diýjekdim al-ýañak gyzlar
Bu sözümi dowam edäýsem eger
Maralyñ tarypy ýene puç bolar
Aýdan zatlarymy ýalñyş añlamañ
Bilip-bilmän manylary çykarmañ
Aslynda waspyñyz gutarmady wah
Ýigide gelişmez geplemek gyzdan
Boldy gürlejek däl gürlesem batýan
Sizi taryp edip syrymy aýdýan
Şaýat boluñ sizi goşgyma gatýan
Sizem maña diýiñ "men razy bolýan"
47.BEÝIK USSADYM
Men saña guwanýan beýik ussadym
Seniñ sözleriñden tapdym çyragym
Şygryýetiñ aldy meniñ nazarym
Sen döretdiñ zehinde akyl bazaryn
Men saña guwanýan beýik ussadym
Eşretli ösüşe başlangyç berdiñ
Hormat edip Gahryman Arkadagym
Dünýäniñ öñünde dikdi heýkeliñ
Men saña guwanýan beýik Pyragym
Şygryñ okan taşlar ýaman endigin
Syryny topladyñ alem-jahanyñ
Alym-da ediner senden geregin
Saña guwanýaryn eý beýik atam
Bu nesliñ sen diýip basýandyr gadam
Senden sözläp başlar nesihat sylan
Dünýäden päk öter öwdüñi alan
Magtymguly size laýyk nesil bolsam
Şygyrlañdan öwüt-nesihat alsam
Pesihat eýlemän ýerine salsam
Beýik atam gerisinde san bolsam
Öwlat ogly magtym meniñ aslymdyr
Ähli türkmen halky seniñ nesliñdir
Şygyrlaryñ meniñ köküm besländir
Belki köñül seniñ öwdüñ isländir
Ussadym men seni şygryma saldym
Sen bütin dünýäme nesihat bolduñ
Saña ussat diýýär ähli ýer-ýüzem
Bu goşgy Serdardan ussada salam
48.Umylty söýgi
Men şu gün söýgini täzeden gördüm
Eýsem söýgi diýip kime at berdim
Şol köne kitaby täzeden dördüm
Sen maña ýaşaýyş höwesin berdiñ
Eý hudaý eradañ nähili uly
Söýgi diýenim hem Allanyñ guly
Tanamadym ilki göremde doly
Ýüregim kiçijik duýgudan doly
Gulluga gitmänkäm soradym saña
Sen bolsa, jogapsyz garadyñ maña
Döneýin men seniñ serwi boýuña
Näme üçin jogap bermediñ maña
Gitmegime meniñ bir gün galypdy
Maña şonda senden jogap gelipdi
Seniñ gaýgy-gamyñ göze ilipdi
Meniñ aklym şonda bilmän gidipdi
Ilkinji gezek söýýän diýipdiñ maña
Men bolsa, doñup galypdym şonda
Senden garaşarmyñ diýip soradym
Enaýy seredip gitdiñ yzyña
Iki ýyl gullugym agyrdy gaty
Gullugyñ özi däl aýralyk ýiti
Seni ýatlap ýatdan çykardym işi
Demblym şonda döwüpdi dişi
Gyssanýardym gaty seni görmäge
Wagtym ýokdy meniñ saña bermäge
Iñ erbedem bilemokdym men seniñ
Gidip-gitmejegiñ durmuş gurmaga
Ine-de alty aý wagtym galypdy
Sabyr daşy çenden öñe geçipdi
Saña bujagaz el hat iberipdi
Senden hem birje söz maña gelmedi
Wagtym dolup tizden öýüme geldim
Sen welin şol günler obada däldiñ
Men bolsa, özüme gelerle diýdim
Iki aý geçensoñ ahyry bildim
Şäher taraplarda durmuş gurupsyñ
Maña bermedik eliñ ýada beripsiñ
Indi biri saña ärlik edýändir
Şol ýigide baky gelin bolupsyñ
Men göýä doýupdym ajy durmuşdan
Sypatym erbetdi gara baýguşdan
Aýlan-çaýlañ diýip gitdim bazara
Ýetip gelýärsiñ günorta alysdan
Ýüregim parady öýmeli başyñ
Şonda-da sypaýy wah seniñ bolşuñ
Görküñe-görk goşar sülmüräp gelşiñ
Ine ýada düşýär maña söz berşiñ
Gabat geldim maña birje baksana
Seslendim men oña wah Aýjanyma
Ýöne degmedim men gelin ilde-dä
Şonda-da gözleri aýaklarymda
Ol maña men oña gözümiz düşdi
Aýjanyñ sumkasy elinden gaçdy
Ýüregim çalt urup aýak guruşdy
Ýürekler ynjydan pyçak salyşdy
Gözümi aýyrman seredip durdym
Göýä öz beýnimde senarýo gurdum
Yzyma seredip gitjegem boldum
Emma ol "dur Kerim" diýende durdum
Düşündirjek bolup başlany hem şoldy
Meñ sonda gaharym batlyrak geldi
Ol uruşdan gaýdyp gelmen öýdüpdir
Indi meniñ gözümde bitarap boldy.
49.Däl eken
Köýdi gül ömrüm diýip gynanýar alym
Köýen jennet ekeni, ömür däl eken
Wagtyny beripdir ylym işlerine
Onuñ ünsüni çeken sogap däl eken
Ýalan söz günädir diýýär bir goja
Ol ýalan sözläp dur ertesi gije
Sen günä diýdiñã jogap ber birje
döwürde hiç bir söz ýalan däl eken.
Ýene bir mesele ady günädir
Bir ädim dowzahyñ golaý ýeridir
Günäkär adamlañ menem biridir
Jennetiñ gapysy açyk däl eken
Serdar sen tanagyn agy-garany
Ýedi ölçäp kesip bergin bahany
Aýtmagyn paýyş söz ala ýalany
Kyýamat geregiñ görküñ däl eken
50.Hoşum Gidipdir
Sag tarapa seretdim doñdum şol ýerde
Adamlara gözellik şondan gelipdir
Keşbi geçdi içimden hoş boldum birde
Şol gözel huşumy alyp gidipdir
Keşbi gözüñize gelmezem ilki
Başdan tananyñyz bolaram belki
Maña galsa ähli ýürekler şoñky
Özini patyşa yglan edipdir
Geregimi berýär sorap biläýsem
Käşgâ menem gözüne bir iläýsem
Onuñ söýgüsini alyp biläýsem
Köpleri özüne aşyk edipdir
Tanamadym henizem dogrymy aýtsam
Bar keýpim bozulýar öýüñden gaýtsam
Señ hoşamaý sözleriñ eşidip gansam
Ýadym boşap başymdan beýin gidipdir.
Serdar sen bersene gözeliñ adyn
Görkezseñ şol hüýriñ tapyljak ýerin
Ady togsan dokuz, özi señ ýanyñ
Her wagt ol saña kömek beripdir