Ulanyjy:Naz gul nazar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Adam anatomiýasy adam bedeniniň gurluşyny we görnüşini, ösüşini we gelip çykyşyny öwrenýän ylymdyr. Anatomiýa adamyň bedeniniň we onuň bölekleriniň daşky görnüşlerini, aýratyn agzalaryny, olaryň gurluşyny, mikroskopiki gurluşyny, adamyň gelip çykyşyny öwredýär. Şeýle-de anatomiýanyň meselelerine ewolýusiýa hadysasynda adamyň ösüşiniň esasy döwürlerini bilmeklik, onuň bedeniniň daşky gurşaw şertlerinde uýgunlaşmagy, ýaşyň dürli döwürlerinde bedeniň we aýratyn agzalaryň gurluş aýratynlyklary girýär. Adamyň aňyna tabyn bolan sözleýiş, döredijilik, akyl ýetiriş döräpdir. Adam haýwanlardan hil taýdan özüniň durmuş şertleri, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň toplumy, jemgyýetçilik taryhy tejribesi arkaly tapawutlanýar. Adamy zähmet we talaplar taplaýar, olaryň ösüşi biologiki gurluş aýratynlyklaryna, biologiki hadysanyň üýtgemegine getiripdir. Biologiki üýtgemeler bilen birwagtda maddy we ruhy medeniýetiň ösüşi bolup geçýär.

Anatomiýa janly-jandarlara, aýratyn hem ýokary oňurgalylara, süýdem- dirijilere mahsus bolan biologiýa kanunlaryny hasaba alyp, adamyň gurluşyny öwrenýär. Adamyň bedeniniň gurluşynda ýaş, jyns we şahsy aýratynlyklaryny tapawutlandyrýar. Çagalyk, ýetginjeklik, hatda kämillik ýaşda-da beden özüniň ýetişenligini gazanmaýar, dokuma elementleriniň kämilleşmegi dowam edýär. Kämillik ýaşly adamlarda bedeniň gurluşy az-kem durnukly, ýöne şu döwürde ýaşaýşyň durmuş şertleri we daşky gurşawyň täsiri bilen baglylykda agzalarda tä- zeden gurulmaklyk bolup geçýär. Adam bedeniniň gurluş, görnüş aýratynlyklaryny, ýerine ýetirýän işleriniň barlagyny geçirmän oňa düşünmek mümkin däl, edil şunuň ýaly, dürli agzalaryň ýerine ýetirýän işleriniň aýratynlyklaryny olaryň gurluşyna düşünmän göz öňune getirmek kyndyr.

Anatomiýa adam bedenini bütewilikde öwrenýär. Adam bedeni köp sanly agzalardan, ägirt köp mukdarda öýjüklerden ybarat bolan, ýöne bu bölümleriň jemi bolman, bütewi sazlaşykly janly bedendir. Şonuň üçin hem agzalary bir-biri bilen baglanyşyksyz, nerw we damar ulgamlarynyň birleşdiriji roly bolmazdan seretmek mümkin däldir.

Anatomiýa janly bedeniň gurluş kanunlaryny bilmek üçin, jesetde bedeniň gurluşyny öwredýär. Anatomiýa barlaglarynyň esasy usullary kesmek, açyp görmek (grek. anatome – kesmek, bölmek), şeýle-de bedeniň, aýratyn ýa-da topar agzalaryny seretmek, gözden geçirmek (makroskopik anatomiýa) bolup durýar.

Mikroskopyň kömegi arkaly agzalaryň inçe gurluşyny öwrenýän mikroskopik anatomiýadan aýratynlykda, makroskopik anatomiýa bedeni, aýratyn agzalary we olaryň dürli derejedäki bölümlerini abzalsyz göz bilen görmek ýa-da uly bolmadyk ulaltmany berýän abzalyň (lupanyň) kömegi arkaly öwrenmekdir. Mikroskopyň döremegi bilen anatomiýadan gistologiýa (grek. histos – dokuma) – dokumalar hakyndaky ylym we sitologiýa (grek. cytos – öýjük) öýjügiň gurluşy we işi baradaky ylym bölünip aýryldy.

Häzirki zaman tehniki barlag serişdeleri anatomiýada giňden ulanylýar. Skeletiň, içki agzalaryň gurluşyny, gan we limfa damarlaryň ýerleşişini we görnüşini rentgen şöhlelerini ulanyp öwrenýärler. Içi boş agzalaryň köpüsiniň içki örtükleri (hassahanada) endoskopiya usuly bilen barlanýar. Adamyň bedeniniň daşky şekilini we gatnaşygyny öwrenmek üçin antropometrik usullary ulanylýar.

Adamyň bedeniniň gurluşyny ulgamlar boýunça (süňk, muskul, iýmit siňdiriş we ş.m.) öwrenmeklik ulgam anatomiýasy diýilýän ady aldy.

Ulgam anatomiýasy «kadaly» bolanda sagdyn adamyň, hatda keseliň ýa-da ösüşiniň bozulmagy netijesinde dokumalary we agzalary üýtgemän galan ýagdaýyndaky gurluşyny öwredýär. Şunlukda kadaly (lat. normalis – kadaly, dogry) diýip, sagdyn bedeniň işlerini üpjün edýän adamyň şeýle gurluşyny hasap etmek bolar. Şol bir wagtda köp ýa-da az sanly adamlarda kadaly görkezijiler (agramy, boýy, bedeniniň görnüşi, gurluş aýratynlyklary we başg.) şahsy gurluş häsiýeti (anatomiýasy) netijesinde elmydama uly we kiçi görkezijileriň aralygynda bolup biler. Nesil ýagdaýlary – adam bedenine hemişelik täsir edýän daşky gurşawyň ýagdaýlary diýlip kesgitlenilýär. Sagdyn adamyň bedeniniň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygy kadaly ( ziologik) şertlerde deňagramly ýagdaýda bolýar. G.I. Saregorodsewiň kesgitlemesine görä, «kada» – bu bedeniň optimal ýaşaýyş şertlerini üpjün edýän, daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmagyň aýratyn görnüşidir. Soňky wagtlarda ýygy ulanylýan «şertli kada» adalgasy bu düşünjäniň otnositel ykrar edilmegidir.

Adam bedeniniň görnüşinde we gurluşynda şahsy üýtgeýişleriň barlygy üçin bedeniň gurluş wariantlary (wariasiýalary, lat.variatio – özgermeleriň, varians– wariant) hakynda aýtmak bolar, olar kadaly diýlip kabul edilip, ýöne has ýygy ýag- daýlarda duş gelýän görnüşinde aňladylýar.

Kadadan has güýçli ýüze çykan durnukly doga ýetmezçilikler – anomaliýalar (grek anomaliýa–nädogrulyk) diýlip atlandyrylýar. Käbir nädogry ösüşler adamyň daşky görnüşini üytgetmeýär (ýüregiň, ähli ýa-da aýratyn içki agzalaryň sagda ýerleşmegi), beýlekileri ýiti bildirip, daşky keşbi üýtgedýär. Şeýle nädogry ösüşleri (anomaliýalary) – doga maýyplyk (kelleçanagyň, ahyrlaryň ösüp ýetişmezligi) diýlip atlandyrylýar. Doga maýyplygy teratologiýa (teratos – doga maýyp) ylmy öwrenýär.

Adamyň bedeniniň gurluşyny, sebitler boýunça agzalaryň ýerleşişini we olaryň bir-birine, skelete özara gatnaşygyny topografik (hirurgik) anatomiýa öwrenýär.

Häzirki zaman anatomiýasy funksional (iş) diýlip atlandyrylýar, ol adamyň bedeniniň gurluşyny onuň işi bilen baglanyşdyrýar. Süňküň täzeden gurluş mehanizmine oňa täsir edýän muskulyň işini hasaba almazdan düşünip bolmaýar, şeýle-de gan damarlarynyň anatomiýasyny gemodinamikasyz bilip bolmaýar.

Agzalaryň gurluşyna we işine adamyň bedeniniň gelip çykyşyny hasaba alyp seredilýär. Adamyň bedeniniň gurluşy–haýwanat dünýäsiniň dowamly tebigatdaky ösüşiniň netijesidir. Anatomiýada adamyň logenezdäki (nesliň ösüşi, grek. phylon – nesil, genesis – döretmek) ösüşine düşünmek üçin palentologiýanyň, ata-babalarymyzyň gazylyp alnan süňkleriniň galyndylarynyň maglumatlary peý- dalanylýar. Adamyň bedenini öwrenmäge deňeşdiriji anatomiýanyň maglumatlary kömek edýär, ol ewolýusiýanyň dürli döwürlerinde haýwanyň bedeniniň gurluşyny barlaýar we deňeşdirýär.

Adam şahsynyň ontogenezdäki (grek. on, eýelik düşüm, ontos – ýaşaýan) ösüşine düşünmek örän wajypdyr. Onda birnäçe döwürler bar. Göwredäki çaganyň ösmegini (prenatal döwür) embriologiýa, doglandan soň (postnatal döwür; lat. Natus – doglan) ýaş anatomiýasy öwrenýär. Adamyň ömrüniň dowamynyň uzalýanlygy bilen baglylykda, gartaşan we garry ýaşly adamlaryň garramagyny öwrenýän ylym – gerontologiýa ýaş anatomiýasynda bölünip aýryldy.

Ulgam anatomiýasy kesel bilen üýtgemedik, sagdyn gurluşly bedeni öwrenýär. Agzalary we dokumalary öwrenýän patalogik anatomiýadan tapawutlylykda, ol kadaly anatomiýa diýlip atlandyrylýar. Her bir adama özüniň şahsy gurluş aýratynlygy mahsusdyr. Şonuň üçin ulgam (kadaly) anatomiýasy şahsy üýtgeýşi, sagdyn adamyň bedeniniň gurluşyny, has köp duş gelýän adaty däl we adaty şekillerini yzarlaýar. Bedeniň uzynlygyna we gurluşyň beyleki antropometrik alamatlaryna laýyklykda anatomiýada adam bedeniniň aşakdaky gurluş görnüşleri berilýär: dolihomorf (dolichos – uzyn) – oňa dar we inçe göwre, uzyn ahyrlar – (hor – astenik), brahiomorf (grek. brachys – gysga) gysga, giň göwre, gysga ahyrlar, aralyk görnüş – mezomorf (grek. mesos – orta) «ideal» kadaly adama (normostenik) has mahsusdyr.

Adamyň bedeniniň gurluş aýratynlyklary her bir şahsa ene-atasyndan geçýän nesil alamatlary bilen kesgitlenilýär, şeýle-de şol adama daşky gurşawyň (iýmit, howa we geografik ýagdaýlar, fiziki agram) täsirleri häsiýetlidir. Adam ýeke biologik gurşawda ýaşaman, eýsem, jemgyýetde özara gatnaşyk ýagdaýlarynda bolup, ol köpçüligiň, durmuş ýagdaýlarynyň täsirlerini hem synagdan geçirýär. Şonun üçin anatomiýa ylmynda adam diňe biologik obýekt görnüşinde öwrenilmän, eýsem ähli tarapdan öwrenilýär.

Şeýlelikde, anatomiýanyň meseleleri adam bedeniniň gurluşyny, ulgamlar boýunça onuň görnüşini, agzalarynyň işlerini öwrenmek bolup durýar. Şonda her bir adam şahsynyň häsiýetli sypatlary ünsden düşürilmeýär. Şol bir wagtda anatomiýa adamyň bedenine täsir edýän, onuň gurluşyny kesgitleýän sebäpleri we ýagdaýlary düşündirýär.

Adam bedeniniň gurluş aýratynlyklaryny derňäp, her agzany barlap, anatomiýa bitewi bedeni çuňňur öwrenýär.

Bedeniň sebitlerini, agzalaryny we olaryň bölümlerini, dürli düşünjeleri bellemek üçin anatomiýada latyn dilinde ýörite adalgalar ulanylýar, olaryň sanawy anatomik nomenklatura (Nomina Anatomica) diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Parižde anatomlaryň Halkara kongresinde (1955) kabul edilen latyn dilindäki Halkara anatomiýa nomenklaturasyny ulanýarlar we ol «Pariž anatomik nomenklatura» (Parisiana Nomina Anatomica – PNA) adyny aldy. Pariž anatomik nomenklaturasyna gabat gelýän rus adalgalarynyň sanawy 1974-nji ýylda anatomlaryň, gistologlaryň we embriologlaryň Bütinsoýuz gurultaýynda (Daşkentde) tassyklanyldy.

1955-nji ýyla çenli anatomiýada we lukmançylykda 1895-nji ýylda Bazelde (Şweýsariýa) geçirilen Anatomik kongresde kabul edilen, anatomiýa adalgalarynyň sanawlary ulanylyp, ol «Bazel anatomiýa nomenklaturasy (BNA)» diýlip atlandyryldy.