Ulanyjy:Hydyrova5364
Abu Ali ibn Sina (980-1037) musulman dünyasinde we Gunbatar yurtlarynda antik dowrun medeni mirasyny galkyndyrmakda we yayratmakda, sonun yaly-da oz dowrunin sertlerinde gornukli tebigy acyslary etmekde iññän uly orun eyelapdir. Ol filosofiki, tebigy bilimler, matematika, geografiya, esasan-da lukmancylyk ylymlaryny osdurmekden we wagyz etmekden basgada medeniyete degisli meseleleri islap duzmekde hem dunya meshur šahsdyr. Onun ylmy açyslarynda, medesina, matematika, geografiya degishli ylmy islerinde filosofiki-jemgyyatcilik islerinde, sungat, poeziya, hukuk, ahlak garayyslarynda ozaly bilen sahsyyetin mazmunlayyn guyjinin, ynsanyn ruhy babatdan kemala gelmeginde sol ylymlaryn orny acylyp gorkezilyar. Ibn Sinanyn pikirine gora, adam-bu jemgyyetcilik sahs bolup ol jemgyyatden dasarda yasap bilmez. Adamyn haywandan tapawudy hem hut sundan, onun jemgyyetde yasayandygyndan ybaratdyr. Medeni gymmatlyklar yekelikde, bir adamyn zahmeti netijesinde diredilip bilinmeyar. Medeniyeti doretmek ucin adamlaryn ozara hyzmatdaslygy, ylalasygy, kopculik bilen aragatnasygy hokmandyr. Akyldar bu pikiri seyle jemleyar: "Adam oz šahsy talaplaryny beyleki adamlar bn aragatnasyk etmezden kanagatlandyryp bilmez". Ibn sina dil bilimi, onun gelip cykysy, dilin pikirlenis bilen baglylygy baradaky mesele bilen hem adamlaryn arasynda cykys edip mohum medeni isi amala asyryar. Ol dilin medeni ornuny seyle kesgitleyar:"Dil dusunmek we dusundirmek, kabul etmek, doretmek we ondurmek ucin formirlenendir". Ibn Sinanyn soygi medeniyetine degisli taglymatlary hem gyzyklydyr. Ol "Soygi hakda traktat" atly kitabynda soygunin gozel duygudygyny sonun bilen bir wagtda hupbatly, asyk-magsugy bimarlygyda alyp gelyan hadysadygyny belleyar. Soygi bimarlygyndan saplanmagyn usulynyn hem hut soyginin ozi arkaly amala asyrylyandygy barada dushundiryar. Soygi keselinin ozi fiziki kesel daldir, cunki soygi keselinin emele gelmegi kuysemek, yurek gysmak, gam-gussa, hasrat bilen bagly. Shu babatdan bu kesel asyk-magsuklaryn wysala, maksatlaryna yetmegi arkaly šypa tapyar.