Mazmuna geçiň

Ulanyjy:Aydiva

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
                            Nädip kitap okamagy çagalara söýdürmeli?
 Çagaňyzyň kitaplar bilen arasy gowy dälmi? Elektronikanyň ösen döwründe kitaplary söýdürmek biraz kyn bolup biler,ýöne,başarmak kyn däldir.Sesli kitaplary okamak,owadan kitaphana ýada rahat bir ýer bular diňeje birnäçesi.Has köp maglumat  bilesiňiz gelýän bolsa ,size maslahatlar...
   Dünýä belli Argentinaly ýazyjy  Jorj Luis Borges:"Men hemişe jennetiň kitaphanadygyny göz öňüne getirýädim"- diýdipdir.Şeýle-de bolsa telefonlar, wideolar, oyunlary, planşetlar we başgada köp gurallar bilen tehnologiýa gyzykly we reňkli dünýäsi  bilen çagalaryň ünsüni özüne çekýär.Hakykatdanam,ýaşlara  bu dünýäden daşlaşyp,kitap okamak aňsat däl.Sebäbi häzirki wagtda kitaphanalaryň ýerine kompyuterlerde jenneti gözleýärler.ABŞ-nyň öňde baryjy platformalarynyň biri bolan "Edutopiýa",ene-atalaryň we terbiýeçileriň çagalara kitap söýmegi düşündirýär.
 Çagalaryňyza kitaplary sesli okap beriň!Mundan çagaňyz şeýle bir lezzet alar,şeýle bir gyzyklanma döräp başlar welin özüňizem geň galarsyňyz.Soňra okan ýerleriňiz barada gyzykly soraglar beriň!Olara kitaplar barada aydyň,kitap okamagyň peýdalaryny düşündiriň.Kitabyň durmuşdaky iň gowy dostdygyny aydyň!Dünýäni bilesiň gelse kitabyň üstüne çyk diýiň ýagny kitaby okaň şonda geçmişem bilersiň, şu günem bilersiň,geljegem görseň,diýiň.
   Çagaňyzyň gyzyklanýan temalary barada kitaplary gözläň.We şo temalar barada kitaplary almaga  niýetleniň!Ýöne birzada üns beriň çagaňyz ýaşyna görä,ýagny kiçi  bolsa gorkmaz ýaly kitaplary alyň!
    Wagtal-wagtal ýaryşlar geçiriň.Oyunlar guraň,oyunlarda ýeňijä baýraklar beriň.Muny başardygyňyzdan köpräk etjek boluň.
    Çagaňyza ýaşlykdan öwredip başlasaňyz gyzyldan gymmatly wagtyny ynanyň şeýle bir gowy zatlara sarp etmäge niýetlener welin, özüňizem geň galarsyňyz.Azajygam bolsa kömegim degendir diýip umyt edýän.
   Makalamy okanyňyz üçinem köp köp sag boluň.