Turpan balyk

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Turpan balyk —Teňňebalykşekilliler otrýady. Teňňebalyklar maşgalasy.

Ýagdaýy[düzet | çeşmäni düzet]

Derejesi III (VU) Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn aşaky görnüş.

Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Görnüşiň ýitirilmegi ýurduň ihtiofaunasynyň görnüş dürlüliginiň kemelmegine kemelmegine getirer.

Umumy[düzet | çeşmäni düzet]

Adaty Turpan balyga garanyňda has gararak reňkde. Gapdalyndan seredeniňde, arkasy ýaýşekilli, žabra gapagynyň yz ýanynda, kükrek ýüzgüçleriniň düýbünde gara tegmiller mese-mälim görünýär. Teňňeleri uly. Olaryň her biriniň yzky gyralary gara nokat zolak bilen gaýalan. Uzynlygy - 25一26 sm.

Ýaýraýşy[düzet | çeşmäni düzet]

Etrek, Sumbar, Çendir derýalary. Türkmenistandan daşarda - Zakawkaziýada we Eýranda bar[1一6].

Ýaşaýan ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Derýa balygy. Arassa kisloroda baý, çalt akýan, düýbi çagylly-daşly derýalary halaýar.

Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy[düzet | çeşmäni düzet]

XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sany köpdi. Sumbar derýajygynda 1991-nji we 1997-nji ýyllarda ýek-tüki tutuldy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda derýalarda gabat gelmedi[2,6,7].

Esasy çäklendirilen sebäpleri[düzet | çeşmäni düzet]

Derýalaryň akymynyň kadalaşdyrylmagy we hapalanmagy

Biologiýasynyň aýratynlygy: Urkaçy balyklar üçünji we erkek balyklar一ikinji ýylda jyns taýdan ösüp ýetişýär. Haýwanlar (gurçuklar, mör-möjekleriň liçinkalary, ownuk balyklar, gurbagalar) käte ösümlikler bilen iýmitlenýär. Önümçilik ähmiýeti ýok, höwesjeň balykçylar tutýar[1,2,6,7] ==Köpeldilşi==

Barlag geçirilmedi.

Gorag üçin görlen çäreler[düzet | çeşmäni düzet]

Işlenip düzülmedi.

Gorag üçin zerur çäreler[düzet | çeşmäni düzet]

Derýa suwlaryny hojalyk, medeni durmuş we dynç alyş maksatlary üçin rejeli peýdalanmaly, olaryň akymynyň möçberini durnuklaşdyrmaly.

Barlaglar boýunça teklipler[düzet | çeşmäni düzet]

Ýaýraýşyny we biologiýasyny öwrenmeli. Sumbar, Çendir we Etrek derýalarynyň gidrologik kadasyna gözegçilik etmeli. Etrek derýasynyň we onuň aşaky akymynyň ekoulgamyny dikeltmeli.

Düzüji: F. M. Şakirowa.

Maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

1. Berg 1934. 2. Berg 1949. 3. Laptew 1934. 4. Starostin 1992. 5. Nikolskiý 1971. 6. Aliýew, Suwhanowa, Şakirowa 1988. 7. Salnikow 2008.