Mazmuna geçiň

Transmaşholding

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Transmaşholding
Döredilen ýyly2002
Merkezleri
Websitetmholding.ru

Transmaşholding – demir ýol we şäheriň relsli ulagy üçin gozgalýan düzüminiň iri işläp taýýarlaýjysy we öndürijisi[1][2].

Holdingiň merkezi edarasy Moskwada ýerleşýär.

“Transmaşholding” 2002-nji ýylda ozalky Sowet Soýuzynyň zawodlaryny gaýtadan işe goýbermek bilen meşgullanýan, demir ýol tehnikasyna ýöriteleşen maýa goýum-senagat kompaniýasy.

TMH-niň düzümine ilkinjiler bolup Brýanskyň, Nowoçerkasskyň, Demihowonyň, Tweriň we Penzanyň kärhanalary girdi[3].

2024-nji ýylda “Transmaşholdingiň” düzümine 10-dan köp önümçilik we ýygnaýjy meýdançalary, demir ýol tehnikasyna hyzmat etmek we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça iri ulgam hem-de inženerçilik merkezleriniň ulgamy girýärdi[4].

Senagat toparynyň işgärleriniň umumy sany – 130 000 adam[5].

Alyp barýan işi

[düzet | çeşmäni düzet]

“Transmaşholdin” dürli görnüşli hereket edýän düzümi işläp taýýarlamak, öndürmek we oňa toplumlaýyn hyzmat etmek, şeýle hem hereketi dolandyrmagyň sanly ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen meşgullanýar.

Holdingiň düzümine girýän kärhanalar lokomotiwde çekilýän ýolagçy wagonlaryny, metro wagonlaryny, teplowozlary we elektrowozlary, elektro- we dizel bilen hereket edýän otlulary, dizel hereketlendirijilerini, dürli üpjünleýjileri öndürýär[6].

TMH-niň ähli önümleri – bu kompaniýanyň öz işläp düzen önümleri bolup durýar.

TMH dürli ýyllarda Russiýanyň ulag maşyn gurluşygynyň taryhynda möhüm çelgilere öwrülen hereket edýän düzümiň nusgalarynyň önümçiligini döretdi we gurady. Sowet Soýuzyndan soňra Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek esasy ýük teplowozlary 2TE70 we 2TE25K (2004). Sowet Soýuzyndan soňra Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik tokda işleýän esasy ýük elektrowozy 2ES4K (2006). Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek sinhron däl çekiji geçirijili 2TE25A (2006). Russiýanyuň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek ýokary tizlikli iki ulgamly ýolagçy elektrowozy EP20 (2011). Sowet Soýuzyndan soňky ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek mod. 61-4465, 61-4465.01, 61-4472, 61-4473 (2013) modelli iki gatly ýolagçy wagonlary. Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda iň kuwwatly üýtgeýän tokda işleýän esasy ýük elektrowozy 4ES5K (2014). Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek bir gatly we iki gatly ýolagçy wagonlary-tirkegleri (2019–2020). Sowet Soýuzyndan soňra Russiýanyň ulag maşyngurluşygynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik tokda işleýän manýowrly elektrowoz EMKA2 (2023)[7].

“Transmaşholding” Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň metropolitenleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Hususan-da, “Metrowagonmaş” zawody Moskwanyň metropoliteni üçin “Moskwa” maşgalasyna degişli otlulary öndürýär. 2024-nji ýylyň ahyryna MWM “Moskwa-2024” tapgyrly otlulary üpjün etmek bilen meşgullanýar (81-775.2/776.2/777.2)[8].

Sankt-Peterburgyň metropoliteni üçin TMH “Baltiýes” kysymly otlulary öndürýär (81-725.1/726.1/727.1)[9].

Şeýle hem Minsk metropolitenine üpjün etmeleri amala aşyrýar, şol ýere TMH “Minsk-2024” atly otlulary iberýär (81-765.7/766.7).

“Transmaşholdingiň” ýene-de bir uly taslamasy – şäheriçi we şäherýaka ýolagçy gatnatmalary üçin niýetlenen “Iwolga” elektrikli otly (EG2Tw / EGE2Tw). Elektrikli otlular Tweriň wagon gurluşyk zawodynda öndürilýär. Otly düzümi Moskwanyň merkezi diametrleri üçin ýörite işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda elektrikli otlularyň 4 nesli çykaryldy[10].

“Transmaşholdingiň” önümleriniň üpjün edilýän çäkleri 30-a golaý ýurdy öz içine alýar[11].

Kompaniýanyň halkara sylaglary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • A'Design Award 2024 “Moskwa 2024” metro otlusy üçin[12]
  • Good Design 2022 TEM23 lokomotiwi üçin[13]
  • IF Design Award 2022 gijeki ýolagçy otlusynyň içki bezegi üçin[14]
  • IF Design Award 2021 DNK brendiň konsepsiýasy üçin[15]
  • Red Dot: Best of the Best 2021 “Moskwa-2020” metro otlusy üçin[16]
  • IRJ Innovations Showcase 2020 howany zyýansyzlandyrmak we pes galmagally howanyň ýagdaýyna gözegçilik ediş ulgamy üçin[17]

Ykdysady görkezijiler

[düzet | çeşmäni düzet]
  • 2023-nji ýylda önümleri we hyzmatlary ýerlemekden alnan girdeji – 412 mlrd rubl, 2024-nji ýyl üçin meýilnama – 502 mlrd rubl.[18]
  • 2023-nji ýylyň jemleri boýunça TMH toparynyň girdejisinde eksport taslamalarynyň paýy 8,5%-e barabar boldy (35 mlrd rubl).
  • 2024-nji ýyl üçin meýilnama – 12% (61 mlrd rubl).[19]
  • 2023-nji ýylda lokomotiwleriň 974 bölegi ýerlenildi. 2024-nji ýylda 1062 bölegi öndürmek meýilleşdirilýär, bu 9%-e golaý köpdür.[20]
  • 2023-nji ýylda elektrikli otlularyň 693 wagony ýerlenildi. 2024-nji ýylda olaryň öndürilişini 22%, 891 wagona çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
  • 2023-nji ýylda lokomotiwde çekilýän ýolagçy otlularynyň önümçiligi 957 wagona barabar boldy, 2024-nji ýylda 12%, 854 wagona çenli azalmagyna garaşylýar.[21]
  • 2023-nji ýylda 503 metro wagony ýerlenildi. 2024-nji ýylda olaryň öndürilişini 5%, 529 wagona çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.[22]
  • 2023-nji ýylda dizel hereketlendirijileriniň 100 birligi ýerlenildi. 2024-nji ýyla ýerlemegiň ep-esli ösüşi – 178 hereketlendirijä çenli meýilleşdirildi, bu bolsa, 78% artyşy emele getirýär.[23]

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "АО "Трансмашхолдинг" Годовая консолидированная финансовая отчетность по МСФО или иным международно признанным стандартам, 2021 год". Интерфакс-ЦРКИ. 2022-03-14. Retrieved 2022-09-16. 
  2. "Трансмашхолдинг перевел регистрацию материнской компании из Нидерландов на Кипр » Металлургпром". Металлургпром (in Russian). Archived from the original on 2022-10-01. Retrieved 2022-09-16. 
  3. "Трансмашхолдинг открыл представительство в Санкт-Петербурге". Archived from the original on 2023-04-04. Retrieved 2023-04-04. 
  4. "В Индии запустили российско-индийскую площадку по производству электропоездов". TACC (in Russian). Retrieved 2025-02-08. 
  5. "Фокус на проектное управление для обеспечения технологического суверенитета". «Ведомости. Идеи управления» (in Russian). 2024-10-24. Retrieved 2025-02-08. 
  6. "Генеральному директору АО «Трансмашхолдинг» Липе К.В. 50 лет! — "Объединение производителей железнодорожной техники"". Объединение производителей железнодорожной техники. Archived from the original on 2023-10-29. Retrieved 2023-10-17. 
  7. "Тепловоз 2ТЭ70". trainshistory.ru. Retrieved 2025-02-08. 
  8. "Собянин объявил о выходе на линии метро поезда нового поколения «Москва-2024»". mos.ru (in Russian). 2024-03-11. 
  9. "Как в Москве: жителям Петербурга показали новые поезда метро". РБК (in Russian). 2022-09-09. Retrieved 2025-02-08. 
  10. "РБК+ / Территория развития. Железнодорожный транспорт: Выпуск за 27 ноября 2020. Смотреть онлайн" (in Russian). Retrieved 2025-02-08. 
  11. "ТМХ вложил в 2024 году около 330 млн рублей в проект скоростного поезда "Аврора"". TACC (in Russian). Retrieved 2025-02-08. 
  12. "Московский метрополитен". Московский метрополитен (in Russian). 2024-05-28. Retrieved 2025-02-08. 
  13. "TMH Wins Good Design Award for the Second Year in A Row. What does the winning locomotive look like? Take a look at the photos in the article. | RAILTARGET". www.railtarget.eu. Retrieved 2025-02-08. 
  14. "iF Design - TMH BRAND DNA CONCEPT". ifdesign.com. Retrieved 2025-02-08. 
  15. "iF Design - TMH BRAND DNA CONCEPT". ifdesign.com. Retrieved 2025-02-08. 
  16. "Поезд метро ТМХ «Москва-2020» получил премию Red Dot: Best of the Best за лучший дизайн в своей категории". tmholding.ru. Retrieved 2025-02-08. 
  17. "Разработка «Трансмашхолдинга» победила в конкурсе IRJ 2020 Innovations Showcase". zdmira.com (in Russian). 2020-11-19. Retrieved 2025-02-08. 
  18. "«Трансмашхолдинг» вернулся к положительному показателю по прибыли". ROLLINGSTOCK. 2024-03-22. Retrieved 2025-02-08. 
  19. "Скорая экспортная помощь". Ведомости (in Russian). 2024-12-12. Retrieved 2025-02-08. 
  20. "Группа ТМХ ожидает выручку в более 490 млрд руб. по итогам 2024 года". ROLLINGSTOCK. 2024-08-30. Retrieved 2025-02-08. 
  21. "Консолидированная выручка ТМХ выросла в 2023 году на 30%, превысив 400 млрд руб.". interfax.ru (in Russian). 2024-02-08. 
  22. "Консолидированная выручка ТМХ выросла в 2023 году на 30%, превысив 400 млрд руб.". interfax.ru (in Russian). 2024-02-08. 
  23. "В ТМХ оценили спрос на дизельные двигатели в России для судов в 100 единиц до 2025 года". TACC (in Russian). Retrieved 2025-02-08.