Taýdigrad
Taýdigratlar (lat. Tardigrada), köplenç "suw aýylary" ýa-da "müňýyllyk awçylary" diýlip bilinýän, Ýer ýüzündäki iň çydamly we haýran galdyryjy mikroskopik janlylaryň biridir.
Olar örän kiçi bolsalar-da, Ýer ýüzüniň iň ekstremal şertlerinde hem diri galmaga ukyplydyrlar.
🔬 Esasy Aýratynlyklary
[düzet | çeşmäni düzet]- Ölçegi: Adatça 0.1 mm - 1.5 mm aralygynda bolýarlar. Olary mikroskopsyz görmek örän kyn.
- Bedeni: Ýumşak we segmentlere bölünen bedeni bar. Olaryň 8 sany aýagy bolup, her aýagynda kiçijik dyrnaklar bar.
- Ýaşaýan ýerleri: baglaryň gyralarynda, derýalarda, ummanlaryň düýbünde we hatda goýy buzlugyň astynda hem ýaşaýarlar. Bütin dünýäde giňden ýaýrandyrlar.
⚡ Ekstremal Çydamlylygy (Anabiýoz)
[düzet | çeşmäni düzet]Taýdigratlary meşhur edýän zat olaryň anabiýoz (kriptobioz) ýagdaýyna geçip bilmegidir. Şertler erbetleşende, olar bedenindäki suwuň 99%-ini ýitirip, ähli metabolizmini duruzýarlar we togalak "tun" diýilýän ýagdaýa geçýärler. Bu ýagdaýda olar onýyllar boýunça diri galyp bilýärler.
Olar şu aşakdaky şertlere çydaýarlar:
- Töwerek-daşky temperaturag: -272 °C (absolýut sıfra ýakyn) sowukdan tä +150 °C gyzgynlyga çenli.
- Basyş: Ummanlaryň iň çeňňek düýbündäki basyşdan 6 esse uly basyşa çydaýarlar.
- Radiasiýa: Ynsany öldürjek radiasiýa mukdaryndan 1000 esse gowrak radiasiýa döz gelip bilýärler.
- Kosmosyň wakumy: Kosmosyň açyk şertlerinde (wakumda we Gün radiasiýasynda) diri galyp bilen ýeke-täk bilýän haýwandyr.
🌿 Olar Näme Bilen Iýmitlenýärler?
[düzet | çeşmäni düzet]Taýdigratlaryň köpüsi ösümlik öýjükleriniň we suw otlarynyň şiresini sorup iýmitlenýärler. Käbir görnüşleri bolsa özünden kiçi mikroskopik janlylary (mysal üçin, bakteriýalary ýa-da başga mikroskopik zatlary) iýýän ýyrtyjylardyr.
💡 Gyzykly Faktlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Taýdigratlar Ýer ýüzünde 600 million ýyldan gowrak wagt bäri bar — olar dinozawrlardan hem öň ýaşapdyrlar.
- Bedeninde DSUP (Damage Suppressor) diýilýän ýörite belok bar, bu belok olaryň DNK-syny radiasiýanyň zeper ýetirmeginden goraýar.
- Suw berlen badyna bu "guranam" janlylar täzeden janlanyp, birnäçe sagadyň içinde adaty ýaşaýşyna dolanýarlar.
Taýdigradlar mikrobiologik haýwanlardyr, olar mör-möjek ýa-da bakteriýa däldir.
[düzet | çeşmäni düzet]Tarýdigradlar boýunça tejribeler;
ESA TARDIS eksperinenti (2007)
[düzet | çeşmäni düzet]Tarýdigradlar kosmos boşlugyna sezewar boldular we diri galmagy başardylar.
Dsup protein eksperinenti (2016)
[düzet | çeşmäni düzet]Taýdigradlardaky Dsup belogy adam öýjüklerini radiasiýadan gorady.
Anhidrobioz eksperinenti (2011)
[düzet | çeşmäni düzet]Gury tarýdigradlar köp ýyllardan soň täzeden janlandyryldy.
Radiasiýa garşylyk eksperinenti (2006)
[düzet | çeşmäni düzet]Milnesium tarýdigradlar ýokary dozada radiasiýa täsirine çydady[1]
Genom we gen geçiş tejribesi (2015)
[düzet | çeşmäni düzet]Tardigra genomynda gorizontal gen geçişi synedildi.
Taýdigradlar (suw aýlylary ýa-da göze görünmeýän aýylar) mikroskobik, sekiz aýakly we dünýäniň iň çydamly jandarlarynyň biridir. Olar yssy çöllerde, buzlyklarda, hatda açyk kosmos giňişliginde hem ýaşap bilýärler. Guryçylyk ýaly amatsyz şertlerde olar bedenindäki suwy çykaryp, metabolizmini togtadýarlar we "gizlin durmuş" (kriptobioz) ýagdaýyna geçip, onýyllyklap ýaşap bilýärler.[2]
Bu makalany Türkçeden Türkmençä kursdaşlarym (Zehin ýoly/Kämil bilim Pre+) üçin terjime edýärin. Allakulyýew Yhlas Azadowiç