TOPH – PARAHATÇYLYK, DOSTLUK, HOŞNIÝETLILIK KÖPRÜSI

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

Islendik ägirt uly taslamanyň başyna barlanda, ondan geljek peýdadan ötri öňde duran ençeme töwelgelçilikleri ýeňip geçmeli bolýar. TOPH taslamasy babatynda ol, ilkinji nobatda, türkmen gazynyň howpsuz üstaşyr geçirilmegini gazanmak bolup durýar. Muňa ozaly bilen Owganystan we Päkistan kepil geçmelidir. Halkara bileleşigi şol borjy ol döwletleriň üstüne ýükleýär. Taslamanyň ykdysady-täjirçilik peýdalarynyň uly boljakdygy düşnüklidir. Mundan daşgary, halkara bilermenleri taslamanyň syýasy bähbitleri hakda-da az agzamaýarlar. Gürrüň soňky 30 ýylyň dowamynda syýasy asudalyk ýetmezçilik edýän Owganystanda durnukly ýagdaýy döretmek hakynda barýar. Meseläniň ykdysady tarapyna agram berlende, türkmen “mawy ýangyjynyň” owgan ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, ýurduň senagatlaşdyrylmagyna, ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagyna görnetin täsir etjekdigini ikiuçsyzdyr. Gaz geçirijiniň ugry boýunça guruljak gara ýoluň, dürli infrastruktura desgalarynyň hem geljekde dört döwletiň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýygjamlaşdyrjakdygy anykdyr.

Geljekde TOPH gaz geçirijisiniň örüsiniň giňelmegine garaşylýar. Eýýäm Bangladeş özüniň bu taslama gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Mundan 4 ýyl ozal, has takygy 2011-nji ýylyň güýzünde türkmen gazy Amyderýanyň kenaryndan Hytaýyň 15 sany welaýatynyň üstünden 8700 kilometrden gowrak aralygy geçip, Ýuwaş ummanynyň kenaryna ýetipdi. Nesip bolsa, türkmen gazy günorta ugur boýunça ýakyn wagtda üç döwletiň üsti bilen geçip, Hindi ummanyna golaýlar.

TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýdyr, energiýa serişdelerini öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň aýdyň subutnamasydyr.

TOPH – parahatçylyk,

TOPH – dostluk,

TOPH – hoşniýetlilik köprüsidir.

 

Amangurban Kuwadow,

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň – talyby