Türkmenistanyň territoriýasynyň Arap halyflygyna birleşdirilmegi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

651-nji ýylda araplar Merwi

basyp alypdyrlar. Araplar öz basyp alan galalaryna agyr salgyt salypdyrlar.

Merwe salnan salgytlaryň agyrlygy

sebäpli Merw häkimi pulda doly üzüp bilmän at, goýun, düýe beripdir.

Dehistanda araplar bilen türki taýpalaryň arasyndaky söweşde araplar

ýeňipdirler. Araplar yslam dinini kabul edenleri salgytdan boşadypdyrlar.

776-njy ýylda Maryda Haşym ibn-Hekim atly biri gozgalaň turuzypdyr. Onuň lakamy

Mukanna bolupdyr. “Mukanna” diýmek “ýüzi perdeli” diýmekdir. Mukannaçylar hem

Mazdaklaň taglymaty esasynda jemgyýetde

synpy ýok etmek we arap basybalyjylaryna garşy bolupdyr. Mukanna ýaş wagty

Abu-Musliniň goşunynda gulluk edipdir. Mundan başga-da Hürremitler hereketi hem

bolupdyr. Oňa IV-V asyrlarda Sasani döwletinde gozgalaň eden Mazdagyň aýaly

Hürremanyň nebereleri ýolbaşçylyk edipdirler. Hürrema äri öldürilenden soň

gündogara gaçypdyr. Olar gyzyl reňki özlerine nyşan edinip alypdyrlar. Şoňa

görä-de olary “surh-älem”, ýagny “gyzyl baýdaklylar” diýipdirler. Mukannaçylara

“ak lybasly adamlar” diýip at beripdirler. Mukannaň gozgalaňy 873-nji ýylda

Mukannanyň tutulmagy bilen ýatyrylypdyr.

Araplar basyp alanlaryndan soň, öz basyp alan ýerlerine zorluk bilen yslam

dinini we arap elipbiýini ornaşdyrypdyrlar. Bu bolsa medeniýetiň ösmegine getiripdir.

Türkmenistanda arap elipbiýini XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli ulanypdyrlar.

Araplar basyp alan ýerlerinde öz ylymda gazanan üstünliklerini

peýdalanypdyrlar. Ýagny hemme araplaryň basyp alan ýerlerinde bir

elipbiýiň bolmagy halklaryň ýakynlaşmagyna

we söwdanyň ösmegine getiripdir. Söwdanyň ösmegi bolsa şäherleriň ösmegine we

täze şäherleriň peýda bolmagyna getiripdir.

Maglumatlara görä half Alynyň döwrinde

halyflygyň içinde bolan özara uruşlaryndan peýdalanyp Horasanyň birnäçe ýyllap

halyflygyň tabynlygyndan çykmagyny gazanypdyr. Horasanyň ilaty halyflygyň

wagtlaýynça gowşamagyndan peýdalanypdyrlar. Taryhy çeşmelerde Batgyz döwleti

garaşsyz ýagdaýda dolandyrylypdyr. Nzak Tarhan onuň hökimdary bolmak bilen

ýurtda berik trtip düzgini ýola goýypdyr. Taryhy çeşmelerde Nzak Tarhan Saragyt

Hrat we Murgap aralygyndaky ýerlere eýelik edendigi barada aýdylýar.Arap

çeşmelerinde Nzak Tarhan Eftalit taýpasynyň bir birleşmesiniň garaşsyz

hökimdary bolupdyr diýip ýatlanýar. Tarhan (Ibin Nasyr Tarahan ) hem

diýipdirler. Nzak Tarhanyň Batgyzyň hökimdarlygy bolanlygy barada onuň adyndan

zikgelenen teňňeler hem şaýatlyk edýär.Onuň öz adyna zikgeleden teňňelriniň

ýüzinde tohar we pehlewi dillerinde “targyt Nzak şasy” diýlip ýazylypdyr.Bu

bolsa onuň döwleti özbaşdak dolandyrandygyna ýene bir gezek şaýatlyk

edýär.Araplaryň Horasandaky dikmemesi Teber Ibn Musa Batgyzy boýun egdirmek

üçin Nzagy hemişe yzarlapdyr. 704-nji ýylda Kuteýba Nzagyň şäher galasyny

gabaýar Tarhan muny eşidip Helm galasynda gizlenýär. Kuteýba Nzagyň ol ýerden

hem gaçandygny eşidip onuň gözlegine çykýar. Ol Nzak Tarhany ele salsa Batgyzy

boýun egdirjekdigine doly ynanypdyr. Muhammet diýen adamyň kömegi bilen Nzak

Tarhany ele salýar . Soňra Kuteýba bu barada halyfata habar berýär . Halyf oňa

Nzak Tarhany öldirmekligi tabşyrýar .Netijede 709-njy ýylda öldürilýär. Batgyz

döwleti Araplara boýun egdirilýär. Gozgalaň dolylygna basylyp ýatyrylýar