Türkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleri.

I-umumy okuw.


Meýilnama

1. Mukaddes Ruhnamada çeşmeler hakynda.

2. Iň gadymy döwrüň taryhy çeşmeleri.

3. Awesta

4. Bihistun ýazgylary.

I. Beýik Sapamyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama kitaby türkmen halkynyň geçmeşini, ýagny taryhyň çuňňur gatlaklaryna siňip giden, şu wagta çenli mälim bolmadyk geçmeşimizi açykdan – açyk okyja ýetirip bilýän beýik kitapdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda çeşmeler barada giňişleýin gürrün berýär. “Taňrynyň Zemindäki ýaradan gudratlarynyň iň gudratlysy, iň kämili bolan ynsan millionlarça ýyllyk garaňky taryhynda gowaklarda ýaşap, tebigy güýçleriň garşysyna göreşip, ýaşaýyş üçin jeňňellerde garpyşyp, birek-birek bilen gyrlyşyp, örän ýowuz we gazaply möwrüti başdan geçirdi. Adamzadyň paýhasly ýaşaýşy onuň aly hezretleri Kitaby – Sözi keramatlaşdyryp bilen zamanyndan başlanýar. Şol keramatly kitaplar Musa, Dawut, Isa Muhammet pygamberleri inderildi” diýmek bilen, dört sany beýik kitaplaryň Gurhanyň (Muhammede), “Töwratyň (Musa), Injiliň (Isa), Zeburyň (Dawuda) asmandan iberlendigi barada gürrün berýär “Söz – beýik Allatagalanyn ynsana eçilen iň keramatly peşgeşidir” diýip Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda belläp geçýär” (sah 20).

Oguz –Orhon ýazgylary barada, Awesta, Oguznama, Behistun ýazgylary, “Gorkut ata”, “Görogly” dessanlary barada we beýleki taryhy çeşmeler barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada birnäçe täsirli maglumatlary berýär.

Türkmen ýazuw çeşmeleriniň iň gadymlarynyň we esaslarynyň biri bolan “Oguznamalardyr”. Ýurtbaştutanymyz bu golýazmalary nesilleriň öz taryhyna bolan guwanç hem buýsanç duýgusy hökmünde şeýle kesgitleýär: “Oguznama ata-babalaryň şöhratly geçmişi baradaky ýazgydyr”. Halkymyzyň ruhunda gadymdan gelýän beýik serkerde – soltanlaryň atlary hemişe ýaşap gelýär. Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz şahyrana eserlerinde geçmişiň serdarlaryna bagyşlap, şu setirleri getirýär.

“Ärsah şa, süren han – geçmiş ruhum meň,

Ömrüm ölçemäge mizan ölçeg sen…”

Türkmenleriň ata Watanyndan gaýry ýerlerde döreden döwletlerinde hem şäherler gurup, dürli ymaratlar bina edip, öz atlaryny şol ýurtlaryň taryhynda ebedilik galdyrypdyrlar.

Ýedi yklymda döwlet gurup, toý berip,

Ýedi yklymda türkmen tugy parlady.

Sebäp, ýedi yklymyň eýesidir ol,

Şeýdip, türkmen bütin dünýä ýaýrady – diýip,

Beýik Serdarymyz “Oguz toýy” atly şygrynda halkymyzyň däp-dessurlaryny we oguz komunyň dünýäniň köp ýerlerine ýaýrandygyny nygtaýar. II. Arheologik gazuw-agtaryş işleri esasynda ýurdumyzda gadymy adamlaryň Ýaňyja, Balahana, Jebel gowagy, Jeýtun, Hamazga depe ýaly mesgenleriň üsti açyldy. Şol ýerlerden tapylan zähmet gurallary, bezeg şaýlary, ýaraglar, hojalyk – durmuşy desgalarynyň galyndylary taryhçylar gymmatly maglumatlar bilen üpjünleýär. Pessejik depede (b.e.öňki VI-V müň ýyllyklar) Altyndepeden (b.e.öňki IV-II müň ýyllyklar) saklanyp galan dürli şekiller, hat deregine ulanylan şertli-belgiler gadymyýet barada söhbet açmaga mümkinçilik berýär. Altyndepe, Gäwirgala (gadymy Merw) Küýzeli gyr, Soltangala (orta asyr Merw) Nusaý, Abywerd (Kakanyň golaýy) Gürgenç (Köneürgenjiň golaýý) Maşat Misserian we beýleki taryhy ýadygärlikler geçmişiň ygtybarly şaýatlygy bolup durýar. Taryhy çeşne hökmünde Talhatanbaba, Sarahsbaba, Soltan Sanjaryň (mowzaleýleri) aramgähler we şuňa meňzeşler çeşmelere utgaşýarlar. Iň irki ýazuw ýadygärlikleri biziň eýýamyzdan öňki asyrlardan galan pahna görnüşli ýazgylarda, dag gaýalarynyň ýüzüne oýlup ýazylan Behistun ýazgylarynda duş gelýär. Parfiýa patşalarynyň köne Nusaýdan tapylan hojalyk arhiwiniň maglumatlary Gerodet, Tasit, Strabon ýaly gadymy grek we Rim awtorlarynyň eserleri has gymmatlydyr. Alymlaryň çaklamaklaryna görä, adamzadyň kemala gelip başlan döwründen bäri takmyndan 2,5 million ýyl töweregi wagt geçipdir. Şu uly diňe 500-den 1 bölegini azda-kände ýazuw çeşmeleriň kömegi bilen öwrenmäge mümkinçilik bolup, galan 499 bölegini dine arheologiýa berýän maglumatlary esasynda öwrenmek mümkin. Hat-Petek ilkibaşda dünýäniň diňe käbir ýurtlarynyň territoriýasynda ýüze çykypdyr. Iňlis alymy G. Çaýkdyň maglumatlaryna görä hat-ýazuw Angliýada b.e.öňki 40-njy ýylda, Fransiýada b.e. öňki 60-njy ýylda, Italiýada b.e.öňki 500-nji ýylda, Gresiýada b.e.öňki 700-nji ýylda Hytaýda b.e.öňki 1400-nji ýylda, Kiçi Aziýada b.e.öňki 1800-nji ýylda Messopotomiýa bilen Müsürde b.e.öňki III müň ýyllykda ýüze çykypdyr. Şu maglumatlarda görşümiz ýaly ýazuw çeşmeleriň azlygy sebäpli taryhymyzy beýleki ýazuw däl çeşmeler arkaly öwrenmeli bolýarys.

Türkmenistanyň geçmişinden habar berýän iňňän gadymy ýazuw çeşmeler barasynda alymlaryň arasynda 2 dürli pikir bar. Olaryň uly toparynyň pikirine görä, ýurdumyz hakyndaky iň gadymy ýazuw çeşmesi Behistun ýazgylarydyr. Ol b.e. öňki VI asyrda Eýrn şasy Dariý I-niň döwründe ýazlypdyr. Alymlaryň käbiri Altyndepe medeniýeti döwründe-de özboluşly hatyň bolandygyny ýazýarlar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan Türkmenistanyň iň gadymy döwri Oguz han eýýamy diýip atlandyrylyp başlanyldy. Bu döwre degişli esasy çeşmeler “Oguznama”, “Behistun ýazgylary”, “Awesta”, Oguz-Orhon ýazgylary Ergenohon dessany grek, rim we hytaý çeşmeleri bu döwri öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Takmyndan soňky 3 müň ýylyň dowamynda biziň ata-babalarymyz hakynda ýazylan antik grek rim (awtorlarynyň) ýazarmanlarynyň hytaý hronikalarynyň (rus diline terjime edilen) maglumatlary VI-VIII asyrda Türk kaganatlarynyň döwrüne degişli, bütin günorta Sibirde, Merkezi we Orta Aziýada saklanyp galan, türkmen diline ýakyn gadymy türk-rumi ýazgylary VII-XIII asyrlara degişli türk, arap, pars dilindäki eserler bütün günorta Ýewraziýanyň düzlüklerinde saklanylp galan skif-gadymy türk kuranlary, hanlaryň daşdan ýonulyp ýasalyp mazar üstünde goýulan şekilleri gadymy çeşmeler bolup durýar.

Nusaý galasynda gazuw agtaryş geçirlen mahalay küýze bölekleriniň 2700-e golaýyndan ýazgylaryň tapylmagy Gadymy döwürde Parfiýada hat-ýazuwyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Edebiýatda bu hatlara “Nusaý hazynalary” hem diýilýär. (taryh ylymlarynyň doktory Egen Atagarryýew).

Biziň gadymy topragymyzda ýaşan ata-babalarymyz 5-6 mün ýyl mundan ozal ekerançylyk kalendaryny edinipdirler. Şeýle kalendarlardan biri Tejen derýasynyň aşak akymynda ýerleşen “Gök süre” owazisinde gazuw agtaryş pursadynda tapylýar. Bu kalendar aýal heýkeljigine ýazylypdyr. Bu Merkezi Aziýanyň çäginden tapylan iň gadymy kalendardyr.

3. “Awesta” Zaroastrizm Sasanylaryň döwlet dini bolupdyr. Dini esaslandyran Zarattuştra-Zarastr atly adam bolupdyr. Bu atlaryň ikisi-de bir adamynyň adydyr. Birinji – Zaratuştra gadymy eýrança, ikinjisi – Zaroastr grekçedir. Zaratuştra iki sözden: “zar” ýa-da “zer” sözünden bolup, “altyn” ýa-da “sary metal” diýen manylary bolupdyr. Bu adyň ikinji bölegi “ustra” – düýe diýip düşündirilýär. Şeýlelikde, Zaratuştra adam ady bolup, ol “altyn düýeli” ýa-da “düýe edeji” diýen manylary bolupdyr. Käbir alymlar “astr” sözüniň manysyny grekçe “ýyldyz” diýip hem düşündirmekçi bolýarlar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada “Mundan iki ýarym müň ýyl ozal sary düýesini idip Marydan ugran Zarattuştra şol dünýä baryp: “Adamlar, oda çöküniň, otdan çyra ýasap, şol dünýäýar” diýip belleýär. (I kitap 252 sah).

Zaroastrizmiň keramatly kitaby “Awesta” diýlip atlandyrylypdyr. Awestada bu gadymy diniň esasy ýörelgeleri – düzgünleri beýan edilipdir. Kitabyň iň irki ýazylan döwri b.e.öň II müňkýyllyklara aralaşýar.

Awesta 21 kitapdan ýa-da bölümden yabarat bolupdyr. Rowaýata görä Awesta kitaby heniz Zaroastranyň özi dirikä 30 müň öküz gönüne (derisine) zer-altyn bilen ýazylanmyş. Emma Isgender Zülkarnaýyn (b.e.öň IV asyr) Eýrany basyp alyp Merkezi şäheri bolan Persopoly atlanynda şol ýazgylar hem ýananmyş. Awestanyň spisogy ýurduň baş ubadathanasynda saklanypdyr. Bize bolan ktap möçberi ömrüniň X/II bölegi töweregidir. Awestada parslaryň we induslaryň dini ynançlary, edebi we kanunçylyk barada söhbet açylýar. Kitapda dini ynançlary däp-dessurlary berjaý etmegiň düzgünleri beýan edilipdir. Awesta özboluşly kitap bolup astrologiýa, hukuk, ahlak we ş.m. möhüm meseleler baradaky maglumatlardan doludyr. Awestada oduň, suwuň güýjüniň öňünde baş egmek, yeri “hapalamaklyga” gorkuly garamak wagyz nesihat edilýär.

Sasany patyşalary tagta geçenlerinde, keramatly ot ýakyp şol ot patyşa ölýänçä ýa-da aýrylýança söndürilýär eken.

Taryhda “Ardasinin ody 40 ýyllap, Şapuryň ody 24 ýyllap ýandy” diýen ýazgylar galypdyr. Sasany patyşalary ýörişe giden wagtlary-da göçme atlar-ojak alyp, keramatly ody ýanlaryndan goýmandyrlar.

4. Bisutin “Baça-stana” sözünden gelip çykypdyr. Ýagny “Hudaýyň ýeri” (Ahur Mazda Hudaýynyň ýeri) diýen manyny aňladypdyr. Soň – soňlar bu at töwerekde ýaşan ilat tarapyndan “bisutin” sözüne öwrülipdir. Bu gaýa ýazgy pars patşasy Dariý I-niň (b.e.öň 522-nji ýyldan 486-njy ýyla çenli dolandyrylypdyr) buýrugy boýunça Midiýada gaýanyň ýüzne çapylyp ýazlan meşhur Bihustun gaýa ýazgysy gadym zamandaky Orta Aziýa halklarynyň taryhyna degişli iň irki çeşmeleriň biridir. Ýazgy üç dilde gadymy eýran (arameý), elam (mesopatamiýa) we akkad (wawilon) dilinde ýazylypdyr. Bu ýazgyda Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistanyň halklarynyň taryhy hem beýan edilýär. Bu ýazgy uly ýazgydan we kiçi ýazgynyň birnäçesinden ybaratdyr. Uly ýazgyda bir mazmunly 3 dilde ýazlan ýazgy bar. Ol ýazgyda Dariý I öz nesil daragtyny, şonuň bilen birlikde onuň Eýrana girýän welaýatlarynyň sanawyny, olaryň dolandyrylyşy barada, täze basylyp alnan ýerler, bu ýerlerde bölünip aýrylmaklyga edilen synanşyklar, olaryň basylyp ýatrylşy, aýratynda Parfiýadaky we Margianadaky gozgalaňlar, olaryň takyk ýyllary ýazylypdyr. Bisutin ýazgylarynyň zaýalanmazlygy barada Dariý I wagtynda irnäçe çäreler geçýär. Bu ýazgy ýewropaly alymlara XVII asyryň başyndan bäri belli bolupdyr. Şondan soň olar 200 ýylyň dowamynda ony okamagyň ýoluny agtaryp gelipdirler. 1902-nji ýylda bu kyn meseläniň çözgüdini tapmak nemes alymy Geord Grotefende başardypdyr. Häzirki döwürde Bisutin ýazgysy dünýäniň medeniýetli halklarynyň ählisiniň dillerine diýen ýaly terjime edilipdir. Käbir alymlar Bisutin ýazgysy dünýä taryhy üçin antik döwrüň grek ýazyjylarynyň ählisiniň eserleriniň berýän maglumatlaryndan hem köp maglumat berýär diýip hasap edýärler. Bu pikir hakykatdan şeyle bir daş bolmasa gerek.

Türkmenistanyň taryhy üçin hem Bisutin ýazgysynyň belli bahasy ýokdur. Onda habar berilýän miladydan öňki 521-nji ýylyň Baýdak aýynyň 22-sinde we Gurbansoltan aýynyň 1-inde Parfiýada ahamenit goşuny bilen parfiýanlaryň, şol ýylyň Bitaraplyk aýynyň 23-inde Margianada margianlaryň aralarynda bolan söweşler Türkmenistanyň taryhynda duş gelýän iň gadymy takyky we anyk seneleridir. Käbir bölekler: Men şa bolanymdan soň, eden işlerim, ine, şular.

Dariý - şa şeýle diýýär: “Men, Gaumata – magy öldüren mahalym, Upadarmanyň ogly Assina atly adam Elamda gozgalaň turuzdy. Ol halka şeýle diýip ýüzlendi: “Men – Elamyň şasydyryn”. Şondan soň elemlylaryň arasynda bulagaýlyk başlandy, olar Assinanyň tarapyna geçdiler. Assina Elamyň şasy boldy we Wawilony, Aniranyň ogly Nadintabaýra (Nadintu-Bel) atly bir adam Wawilonda gozgalaň turuzdy. Ol halky şeýle diýip aldady: “Men Nabonidiň Nawuhodonosordyryn”. Şondan soň, Wawilon halkynyň ählisi Nadintabaýranyň tarapyna geçdi. Wawilonda bulagaýlyk başlandy. Ol Wawolonyň häkimýetini basyp aldy. Men öz adamlarymy Elama goýberdim. Assinanay, daňylgy, meniň huzuryma getirdiler men ony öldürdim.

II – umumy okuw.

Meýilnama

1. Grek, rim çeşmeleri.

2. Oguz – Orhon ýazgylary.

3. Oguznama

Gerodot – gadymy grek taryhçysy b.e.öňki V asyryň 480-425ý ýaşap geçen taryhçy bolup, 9 jiltden (tom) ybarat “Taryh” (“Grek – pars uruşlarynyň taryhy”) diýen eserini ýazýar. Bu eserde “Gündogar Ýewropa, kawkaz we Orta Aziýa halklary barada maglumatlar bar. Bu eserde pars patşasy Kiriň massagetlere garşy uruşlary barada, massagetleriň patşasy ölenden soňra onuň aýaly Tumarlynyň Kire garşy alyp baran göreşi, ahyrynda Kiriň kellesiniň alnyşy barada maglumatlar berilýär.

Masagetleriň ýaşaýşy, geýinşi barada, olaryň söweş tärleri barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Massagetleriň at üstünde söweşişi, ýaýlary, naýzalary, söweş aýpaltalary olaryň misden we altyndan ýasalşy barada maglumatlar berilýär. Massagetler maldarçylyk we balyk tutmak bilen meşgullanýarlar. Ýeke-täk Hudaý Güne çokunýarlar. Atlary sadaka beripdirler.

Strobon b.e.öň 63-24ý aralygynda ýaşap, özüniň 17 kitapdan ybarat “Geografiýasynda” Pireneý ýarym adasy, Orta Aziýa, Arabystan, Demirgazyk Afrikanyň ýurtlary barada beýan edýär. Onuň XI kitaby Orta Aziýa bagyşlanypdyr.

Bu eserlerinde Hazar deňziniň sag tarapynda skifleriň we sazmatlaryň ýaşaýandygyny beýan edýär. Taryhçylar Kiriň massagetlere garşy urşuny ýazmak bilen ilaty saklar we massagetler diýip atlandyrýarlar. Oh we Oks deryalary barada bu eserde maglumatlar ýerleşdirilýär. Appolodor özüniň “Parfýanlaryň taryhy” atly eserinde Parfiýa ýurdunyň örän ýakynyndan akýan derýa hökmünde Oksyň adyny yzygider belleýär. Saklaryň uzak we ýakyn aralyklara çozuşy barada, massagetleriň ösümlikleriň köklerini we ýabany miweleri iýendikleri, agaç gabyklary olara geýim bolup hyzmat edendigi barada beýan edilýär.

B.e.öň I asyrda ýaşap geçen Diodaryň we Strabonyň işleri barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnama kitabynda “Çöller bilen gurşalan oazis, Marg derýasy bilen suwarylýar. Margiananyň ýerleri örän täsin. Ol ýerde bitýän üzümler örän ajaýp, olaryň her koşasy iki tirsek boýuna çenli ýetýär. Bu üýtgeşik mes toprakly oazisi goramak üçin Antioka Söter onuň daşyna iki 5,2 metr bolan, uzynlygy 250 kilometre ýetýän beýik haýat aýlady” diýip Strabonyň Türkmen tebigatynyň aýratynlygyna beren bahasyny buýsanç bilen belleýär. Beýik Serdarymyz ýene haýatyň boljakdygyny ýöňe palçykdan däl-de, göm-gök öwüsýän daragtlardan bolar diýip belleýär.

Pompeý Trog – B.e.öň I asyryň rim taryhçysy ol “filippiň taryhy” diýen eseri ýazýar. Bu eser b.e. II – III asyrda Mark Ýunian Ýustini beýan etmegi bilen biziň döwrümize ýetýär.

Pompeý “filippiň taryhy” diýen işinde esasan Parfiýa döwleti barada gürrüň berýär. Rimiň gülläp ösendigine garamazdan Parfiýanyň onuň garşysyna göreşişi, Parfiýanlaryň dili, ýaraglanşy, ýaraglary altyn, kümüş bilen bezeýşleri, halkyň ýaşaýyş durmuşy, başga halklara garşy alyp baran uruşlary barada giňişleýin gürrün berilýär.

Biziň eýýamymyzdan öň II-asyrda ýaşap geçen rim ýazyjysy Klimint Aleksandyrdyr. Ol özüniň “Halylar” diýen eserinde sak-skif Massaget zenanlary barada gürrün beripdir. Ýagny ol şeýle diýipdir: “Sak aýallary at üstünde gaçyp barýan ýerlerinde, yzlaryna öwrülip erkekler ýaly ýaýdan ok atýarlar” diýip haýran galmak bilen ýazypdyr. Ol beýle diýmek bilen şol döwürde aýallaryň garadan gaýtmaz batyrlygyny, edermenligini beýan edipdir.

Biziň eýýamyzdan öň I asyrda ýaşan grek taryhçysy Diodor özüniň 40 tomdan ybarat bolan “taryhy kitaphana” diýen eserinde Saklaryň patşasy Zarina atly söweşjeň aýal barada gürrüň berýär. Ýagny: “Saklaryň patşasy Zarina atly bir gyz bolupdyr. Onuň Kedre diýen adamsy bolupdyr. Zarinanyň adamsy aradan çykypdyr. Parfiýanyň patşasy Mermez onuň adamsy ölenden soň Zarina öýlenipdir. Zarina bilen Mermer ikisi goşun düzüpdirler. Şol wagt Parfiýanyň üstüne Midiýa çozupdyr. Olaryň arasynda söweş bolupdyr. Zarina hem şol urşa gatnaşypdyr. Söweş gidip duran mahalay Zarina atdan ýykylypdyr we ol goşundan yza galypdyr. Şeýlelikde ol Midiýalylara ýesir düşüpdir. Ony hökümdaryň ýanyna getiripdirler. Haçanda hökümdar onuň ýüzüni açyp görende onuň aýaldygyny görüpdir we oňa aşyk bolupdyr. Şonda Zarinany öldürmän ýurduna goýberipdirler. Midiýa bilen Parfiýanyň arasynda ýene uly söweş bolupdyr. Munda bolsa Midiýanyň patşasy ýesir düşüpdir. Şonda Zarina öz adamsyna öňki söweşde bolan wakany gürrün beripdir. Olaryň adamsy Mermer bolsa Zarinanany diňlemän, olaryň terine gidipdir. Muňa bolsa Zarinanyň gahary gelip ol adamsyny özi öldüripdir” diýip ýazyjy şol Zarinanyň edermenligini beýan edipdir.

Grek ýazyjylarynyň biri Klawdi Elian ol “Di gürrünler”, eserinde sak taýpalary barada gürrüň berýär. Ol munda esasan, sak taýapalarynyň ýaşaýşy, medeniýeti, durmuşy hakynda gürrün berýär.

Oguz-Orhon ýazgylary. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda Oguz-orhon ýazgylary barada 1889-njy ýylda Günbatar Sibirde Orhon derýasynyň akymynda, ýüzünde taryhy ýazgyly daşlar tapylýar. Bu daşlarda ýazylan elipbiýiň gadymy türkmen elipbiýidigini we daşlardaky ýazgylaryň, hatlaryň türkmençedigini 1893-nji ýylda alymlar anyklaýarlar. Şeýdip 38 sany hardpan ybarat bolan gadymy türkmen elipbiýiniň üsti açylýar. Ýazuw ýadygärliklerinde şeýle sözlem bar: “Türkmen oguz begleri budur işidiň, bizi Taňry bolmasa, asla ýer dilenmese türkmen iliniň törüni hiç kim bozup bilmez”. Bu ýerde türkmenleriň ýok bolup gitmezliginden söz açylýar, olaryň özbaşdak millet bolmagyna isleg bildirilýär” diýip, gürrüň berýär.

Oguz-orhon ýazgylary türk kanagaty bilen bagly. Bu kanagat VI asyryň ortalarynda döreýär. Türk kaganatlygy bir topar türki taýpalaryň birleşmeginden emele gelýär. Şonuň üçin oňa türk kaganaty diýýärler. Bu bäsleşmäni amala aşyryjy güýç bolup oguzlar durýar. Bu birleşik Oguz-orhon ýazgylaryndan mälim bolşy ýaly zorluk esasynda berkarar bolýar. Türk kanagatlygynyň merkezi häzirki Mangoliýanyň demirgazyk ülkelerindäki Orhon, Selenga derýalarynyň töwerekleri, ylaýta-da Handaý daglarynyň degresi bolýar. Şol ýere Ötüken diýip at beripdirler. Türk kaganatyny esaslandyran Bumyn kagan bolupdyr. Taryhçylaryň aýtmagyna görä ol 522-nji ýylda jnjanlary ýeňip, özi kagan lakamy edinip, türk kaganatyny esaslandyrýar. Oguz-othon ýazgylaryna “Ongin ýazgysy”, “Kültegin hormatyna ýazgy”, “Bülge kagan hormatyna ýazgy”, “Tonýukuk hormatyna ýazgy”, “Kuly Çor” we “Moýun Çor hormatyna ýazgy” ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgylara Orhon ýazgylary hem oguz ýazgylary hem girýärler. Biz bulary bilelikde Oguz-orhon ýazgylary diýip atlandyrýarys. Oguz ýa-da Orhon ýazgylary diýip atlandyrylmagynyň sebäpleri: 1) Olar Orhon derýasynyň boýunda ýa-da degresinde bina edilipdir.

  Oguz ýazgylary diýilmeginiň sebäbi bolsa, şol ýurtlaryň  oguzlaryň watany, oguz merkezleriniň biri bolanlygydyr.

2) Bu ýazgylaryň diliniň esasynda oguz dili durýar. Galybersede şol ýerde kaganlyk eden patyşalar oguzlar bolupdyr. Şol sebäplere görä bu ýazgylara oguz ýazgylary hem diýýärler.

Bu ýazgylardan başga Talas we Ýeniseý ýazgylary hem bar. Bularyň atlary hem öz tapylan ýerleriniň atlary bilen atlandyrylýar. “Ongin ýazgylary” Ongin degresinden Tapamel diýen ýerden tapylýar. Şonuň üçin bu ýazgynyň adyna Ongin ýazgysy diýilýär. Bu ýazgyny 1889-njy ýylda N.M.Ýdrisew tapýar. Bu ýazgy Ilterişe we onuň aýaly Bilge Hatynyň hormatyna bagyşlanypdyr. Ilteriş 682-nji ýylda hytaý baknaçylygyna garşy gozgalaň edip, türk kanagatlygynyň özbaşdaklygyny ýaňadan dikelden kagandyr. Ol 8-11 ýyl patşalyk edýär. ýazgyda Kaganyň gahrymançylyklary barada gürrüň gidýär.

“Kültegin hormatyna” ýazylan ýadygärlik ýazgy 1889-njy N.M.Ýadrinsew tarapyndan açylýar. Bu ýazgyda Orhon derýasynyň kenaryndan tapylýar. Bu ýazgy-ýadygärlik 732-nji ýylda Ilteriş kaganyň ogullary Kültegin we Bilgekanyň hormatyna bina edilipdir. Bu ýazgy uly ýazgy diýip atlandyrylýar. Onda Külteginiň söweşlerde görkezen gahrymançylyklary beýan edilýär. Han Mogilýan ýazgy ýadygärligini hem 1889-njy ýylda N.M.Ýadrinsew tarapyndan açylýar. Bu ýazgyda Ilteriş kaganyň uly ogly barada gürrüň berilýär.

1897-nji ýylda E.L.Klemenes tarapyndan “Tonýukak hormatyna” ýazlan ýazuw ýadygärligiň üsti açylýar. 1898-nji ýylda W.W.Rodlow ony terjime edýär.

G.J.Ramsted 1909-njy ýylda Moýun Çor hormatyna ýazlan ýazgyny çapdan çykarýar. Bu ýazgynyň üstüni açan hem özi. Oguz-orhon ýazgylary taryhymyzy öwrenmekde birnäçe maglumatlary berýär. Şol döwrüň hanlary tarapyndan ägirt uly daşlaryň ýüzünde miras galdyrylan monumental ýazgylaryň mazmunyndan oguzlar barada birnäçe maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredi. Ýazgylaryň üsti bilen türk kaganlygyndaky döwlet gurluşyna, goşun nyzamyna, däp-dessurlaryna, akyla we bilime uly ornuň berlendigine göz ýetirmek bolýar.

3. III. Gadymy çeşmelere ser salsaň Ahmet ibn fadlanyň “Wolga syýahat” Mahmyt Kaşgarlynyň, Türk dilleriniň sözligi “Reşiteddiniň jemi aş tawarik”, “Oguznama” Abulgazynyň “Türkmeniň şijeresi” ýaly eserlerinde türkmenleriň asyl gelip çykyşy hakda söhbet açylýar.

Biziň nesil taryhymyzda şejerelerde olaryň esasynda ýazylan “Oguznamada” Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han hasaplanýar. Onuň döwri we özi hakynda käbir maglumatlaryň ýoklugy sebäpli oňa legendar şahs hem diýilýär. Abulgazynyň we başgalaryň çaklamalarynda ol 5 müň ýyl mundan ozal ýaşapdyr diýilýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyz özüniň Mukaddes Ruhnama kitabynda “Oguznama” ata-babalaryň geçmiş şöhraty baradaky ýazgylarydyr. Şol ýazgylar arkaly nesillerde ata-babalara bolan guwanç hem buýsanç duýgusyny döretmek maksat edinipdir. (sah 63) diýmek bilen terbiýeçilik ähmiýetine örän ýokary baha berýär. “Oguznamalaryň” geçmiş hakynda beýik taryhy eserdigini beýan edýär.

Oguz hakyndaky iňňän gadymy (wersiýa) bolan “Oguznama” birnäçe golýazmalarda bize gelip ýetdi. Pariź milli kitaphanasynda şol golýazmalaryň uýgur hatynda ýerne ýetirlen iň gadymysy tapylýar. Golýazmanyň tekisti XIX asyryň başlarynda nemes diline, XIX asyryň ahyrynda rus diline terjime edilýär. Golýazma 42 sahypadan ybarat bolup, onuň her bir sahypasynda giň aralykda 9 setir bar. Alymlaryň pikirine göra, golýazma XIII-XV asyrlarda döräpdir.

“Oguznamalar” dürli wagtlarda dürli ýazarmanlar tarapyndan beýan edilýär. A.M. Serbak tarapyndan çapa taýýarlanan “Oguznama” Parijdäki Milli kitaphana saklanýan golýazmadan göçürlip alnypdyr. Ol bu eseriň asyl nusgasynyň has gadymy döwre degişlidigini belläp geçýär.

Mahmyt Kaşgary, fazlulla Reşidütdin, XV asyr taryhçysy Handemir, XII asyr taryhçysy Abulgazym Salyr Baba Gulaly Hyrydary ýaly birnäçe taryhçylaryň işlerinden “Oguznama” barada köp maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredýär.

“Oguznamada” oguzlar hakynda, Oguz hanyň dolgulşy, onuň çagalygy, ulalandan soň kakasynyň doganlarynyň gyzlaryna öýlenişi hakda, onuň öz kakasy bolan Gara han bilen we onuň ýeňi-ýany bilen eden söweşleri, kakasyny ýeňip tagta çykyşy, Saýrakdan tä Buhara çenli bolan ülkeleri basyp alşy hakynda gürrüň edilýär. Şondan soň Oguz hanyň uly toý tutuşy, daş ülkelere goşun çekişi, Hytaýy, Gargystany, Gur welaýatlaryny, Keşmiri, Itbakardan ilki ýeňlişini we soň 17 ýyldan soň ýene goşun çekip ony ýeňşini Eýrany, Yragy, Müsüri, Rumy basyp halaç, gaňly, garlyk, gypçak taýpalarynyň gelip çykyşy, ol ülkeleri basyp alandan soň, öz watanyna gaýdyp gelişi, uly toý tutuşy, ähli halky sylaglaýşy, onuň ilkinji üç uly ogly we beýleki üç kiçi ogly Gök hanyň, Dag hanyň, Deňiz hanyň üç altyn ok tapyp gelşi hakda, şol esasynda oguzyň bozak we üçok toparynyň döreýşi, Oguz hanyň bu ogullarynyň her haýsynyň dört ogly, şolardan hem türkmen uruglarynyň döreýşi hakynda gürrün edilýär.

Taryhçylaryň beýan edişi ýaly, ähli türkmenler oguzlaryň neslidir. “Türkmen” sözi gadymy söz bolman, oguzlar horasana we Mawerannahra gelenlerine suw we howa şertlerine laýyklykda keşpleri özgerdi şonda olara “türke meňzeş” diýdiler diýip belleýärler.

“Oguznamany” ilkinji bolup nemes alymy E. Dits nemes diline terjime edýär. Rus alymlary W.W. Radlow “K woprosu ob uýgurah”, W.W. Bartold “Türeskiý eposi Kawkaz” diýen işlerini işlediler.

“Oguznamanyň” özboluşly nusgalary Kazan we Pariž şäherleriniň Stambuluň kitaphanalarynda saklanýar.