Türkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamy
Yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň Geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary sebitiň ähli ýurtlaryna ýurdumyzda döredilýän, Ýewraziýanyň strategiki üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin multimodal ulag düzümini amatly peýdalanmak mümkinçiligini döredýär. Bu ýagdaý hem-de döwlet Baştutanymyzyň netijeli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda taryhda ilkinji gezek durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty hut Aşgabatda geçirmek üçin esasy döretdi. Bu halkara forum ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyryp, dünýä jemgyýetçiliginde ulag-ýol düzümindäki ygtybarly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine uly itergi berer.
Aziýa Halkara Demir Ýol Geçelgesi we Demir Ýol Ulgamy

  
    Aziýanyň iri taslamasy – Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm ulgam bolar.

   
   Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň esasy böleginiň biridir. Birinji tapgyrda bu taslamanyň demir ýoluň – Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat-Ymamnazar ýolunyň gurlyşygy ýerine ýetirildi. Atamyrat-Ymannazar-Akina polat ýolunyň umumy uzynlygy 88 kilometre deňdir. Ymannazar (Türkmenistan) we Akina (Owganystan) serhetýaka nokatlarynyň arasyndaky böleginiň uzynlygy 3 kilometre barabardyr.

  
   Şeýlelikde, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa demir ýol geçelgesiniň nobatdaky “altyn halkasyna”, ol bolsa, öz nobatynda, ägirt uly kontinentiň iki bölegini – Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

  
   Demir ýol ulgamynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň hatarynda “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň möhüm düzümi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly hem bar. Bu ýol Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna, beýleki tarapdan Gazagystanyň üsti bilen Ýewropa we Hytaýa çenli, Günbatar tarapda bolsa, Baltika deňzine çenli aralykda demir ýollaryň kömegi bilen aragatnaşyk gurnamaklyk mümkinçiligini döretdi.

   
  Mundan başga-da, Tejen-Sarahs-Maşat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenabat-Atamyrat demir ýollary gurlyp, ulanmaga berildi. Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän dübýä inžinerçilik ulgamynyň täsin desgasy Atamyrat-Kerkiçi demir ýoly guruldy, bu ugurda ýene-de bir ähmiýetli desga bolan Türkmenabat – Farap demir ýoluň gurlyşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

   
  Soňky ýyllarda ýurdymyzyň demir ýol ulaglary doly täzelendi, ýük wagonlarynyň, şol sanda ýüküni özi düşürýän dumkar wagonlaryň, bitum daşamak üçin bunker-wagonlaryň, nebit, sement we beýleki zatlary daşamak üçin çelek wagonlaryň 1 müňden gowragy, ýolagçy otlylar we teplowozlar üçin wagonlaryň köp sanlysy satyn alyndy.

   
  2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Sarahs demir ýol menzili arkaly synag konteýner otlysynyň ugrandygyny bellemelidiris. Bu otly Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.
Türkmenbaşy Deňiz Porty we Deňiz Söwda Flotunyň ösüş ýoly.

    
 Halkara üstaşyr-ulag düzüminiň döredilmeginde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň işjeň alnyp barylýan gurlyşygy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakyn geljekde “deňiz derwezesi” sebitiň iri logistika merkezine öwrüler.

   
 Bu ägirt uly maýa goýum taslamasy umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolan awtomobil-ýolagçy parom terminalynyň hem-de umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Umumy ýükleýiş terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, polipropilen terminaly, şeýle hem 166 müň inedördül meýdany tutjak gämigurlyşyk we gämiabatlaýyş zawody toplumynyň düzümine girer.

    
 Halkara deňiz porty ulaglary boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak bilen baglanyşykly hem Merkezi Aziýa we Hasar basseýni ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmaga mümkinçilik berýär.

     
 Ýurdumyzyň deňiz söwda flotynyösdürmek üçin hem köp işler edilýär. Port hojalygyna täze gämiler gelip gowuşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň buýurmasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgord şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” gämi gurýan zawodynda taýýarlanan “Alaja”, “Kenar” nebit daşaýjy tankerler, “Älem”, “Jahan”, “Seýil” we “Gudrat” ýaly tirkeg gämileri bar. “Ýelken” ýaht-kluby açylanda iri ýük gämisi bolan “Çarlak” ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy.

     
“RO-PAX” derejeli “Berkarar” hem-de “Bagtyýar” gämileri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzilinden Hazarýaka döwletlerine yzygiderli ýolagçy we ýük gatnatmak ugruny amala aşyrýar.