Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat geçirilýär.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat geçirilýär.[düzet | çeşmäni düzet]

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministirligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goldamak, sagdyn, beden taýdan ösen, her taraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläpýetişdirmek hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Bu ugurda amala aşyrylýan giň göwrümli toplumlaýyn işler iri maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin «açyk gapylar» giň gerime eýe bolup, gyzyklanma bildirýän dostlykly ýurtlaryň, işewürlikdüzümleriniň sanynyň artmagyna getirdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň halkara sport hereketiniň ösüşine uly goşant goşýandygynyň güwänamasy boldy.

Maslahata Malaýziýanyň iri uniwersitetleriniň sekizisinden alymlar we hünärmenler uly topar bolup ýurdumyza geldiler. Olaryň arasynda Quest international university, INTI university, Nail university, Cyber java university & collage, Taylors university, UCSI university, HELP university of achievers, SEGI university & Collages bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mlaýziýanyň Premýer-ministeri Nadjib Razakyň çagyrmagynda geçiren, ýaňy-ýakynda üstünlikli tamamlanan, bu dostlykly ýurda resmi saparynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Olaryň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, barada ylalaşyklar bar.

Häzirki wagtda talyplarymyzyň gyzykly taslamalaryň hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň awtorlarydygyny bellemek gerek. Muňa bu ýerde görkezilýän dürli binagärlik desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şypahanalary hem-de seýilgäh toplumlaryny gurmak boýunça täze taslama tekliplerini mysal getirmek bolar.

Ýörite orta mekdepleriň okuwçylarynyň işleri hem üns berilmegine mynasypdyr, olar okuw işiniň barşynda peýdalanylýan maglumat tehnalogoýalary, täze usulyýetler hem-de maksatnamalar, hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezleriň önümçilik we ylmy tehniki işi, olaryň kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy hakynda aýdyň düşünje berýär. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary üstünliklerini, alymlaryň işläp taýýarlamalaryny görkezmek bilen, milli ylmyň iň täze ylmy hem-de tehnalogiýa gazananlaryna ünsi çekýär.

                           Näzik Rejepowa
 Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwerisiteti