Türkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Türkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründe.

M E Ý I L N A M A:

1. II-nji Jahan urşunyň başlanmagy,onuň sebäpleri.

2. Türkmenistanly esgerler söweş meýdanlarynda. Türkmeniň gerçek ýigidi Atamyrat Annanyýaz oglunyň gahrymançylygy.

3. Uruş ýyllarynda türkmen halkynyň zähmet edermenligi.

Ikinji jahan urşunyň sebäpleri geçen uruşlaryň her birinden düýpli tapawutlanýar. Her bir beýik döwletiň urşy alyp baryş ýoly, ýarag we wezipeleri saýlaýşy bir topar sebäpler bilen kesgitlenilýär. Urşy başlan topary Germaniýa, Italiýa we Ýaponiýa düzüpdir. Germaniýa halkara aragatnaşyklaryň Wersal ulgamyny täzeden seretmekligi gazanjak bolupdyr. Wersal şertnamasyny birinji jahan urşunda ýeňen ýurtlar kabul edipdirler. Italiýa Balkan ýurtlarynda we Demirgazyk-Gündogar Afrikada harby-syýasy, ykdysady taýdan berk ornaşmaklyga çalşypdyr. Ýaponiýanyň syýasaty bolsa Ýuwaş ummanynda we Uzak Gündogarda öz ýerlerini giňeltmeklige gönükdirilipdir.

Germaniýa täze tehniki esasda öz harby-ykdysady düýbüni dikeltdi we giňeltdi. Gitler “Reýhinin” basybalyjylykly maksatnamasy Polşany ýok etmekligi, Fransiýany derbi-dagyn etmekligi, Angliýany kontinentden çykarmaklygy, Ýewropanyň gorlaryna eýe bolmaklygy, soňundan hem “Gündogara ýörişi”- Sowet soýuzyny ýok etmekligi göz öňünde tutupdyr. Şu zatlardan soň Germaniýa Aziýada, Afrikada, Amerikada öz hökümini ýaýratmaklygy göz öňünde tutupdyr.

Bu basybalyjylykly faşistik topara halkara aragatnaşyklar ulgamynda öz derejesine saklamaklyga çalyşýan ýurtlar – Fransiýa, Angliýa, ABŞ garşy durupdyrlar. SSSR-iň syýasaty iki taraplylygy bilen tapawutlanypdyr. Bir tarapdan Sowet soýuzyÝewropanyň syýasy kartasynyň zorluk bilen üýtgedilmegine garşy çykypdyr, umumy howpsuzlygyň pugtalanmagynyň tarapdary bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde SSSR sowet ykdysady we harby-syýasy täsiriniň zolaklaryny giňeltmek wezipesini goýupdyr.

1939-njy ýylyň Awgust aýynda Germaniýa bilen Polşanyň arasynda harby çaknyşygyň boljagy has aýan boldy. 1939-njy ýylyň Sentyabr aýynyň 1-ne nemes goşunlary Polşanyň ýerlerine aralaşdy. Sowet tarapy Günbatar Ukrainanyň we Günbatar Belorussiýanyň halkynyň öz goragyna aljakdygyny habar etdi we tizlikde ol ýerler SSSR-e goşuldy.

1939-njy ýylyň Awgust aýynyň 23-de SSSR bilen Germaniýanyň arasynda 10 ýyl möhletli çozmazlyk hakyndaky şertnama gol çekildi. 1939-njy ýylyň Sentyabr aýynyň 28-de Germaniýanyň daşary işler ministri Ribbentron Moskwa gelýär, dostluk we araçäk baradaky sowet-german şertnamasyna gol çekilýär. Bu şertnama hem, edil birinji şertnama ýaly gizlin beýan bilen baglaşyldy.

1939-njy ýylyň Noyabr aýynyň ahyrynda sowet-fin urşy başlandy. 1940-njy ýylyň Iyun aýynda Sowet hökümeti Rumyniýa Bessarabiýany we Demirgazyk Buhowinany SSSR-e geçirmelidigini aýtdy we 1940-njy ýylyň Awgust aýynda Moldawiýa SSR döredildi.

  Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa öz bitaraplygyny mälim etdi.

1941-nji ýylyň Iyun aýynyň 22-sinde faşistik Germaniýa SSSR döwletiniň üstüne çozdy. Türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda gazaply, gyrgynçylykly uruşlaryň birnäçesini başdan geçirdi. Emma dünýä taryhynda şol sanda türkmen taryhynda hem iň ganly uruş 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen Beýik Watançylyk urşudyr. Bu uruşda pida çekmedik ýekeje-de öý, dogan-garyndaşyny aldyrmadyk ýekeje-de adam, özüniň ynsan çekirden güzaply zähmeti bilen ýeňşi ilerletmedik ýekeje-de türkmen maşgalasy ýokdur”(Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy).

Müňlerçe türkmen ýigitleri uruş habaryny eşidenden harby edaralara baryp watan goragyna gitmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

1941-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda uruş meýdanyna ugratmak üçin milli goşun birikmeleri düzülip başlandy. Dogrusy, Türkmenistanda 1924-1928-nji ýyllarda milli goşun döredilipdi. Emma 1938-nji ýylda BK(b)P MK-niň kabul eden kararyna laýyklykda milli goşunlar ýatyrylyp, dürli milletlerden bolan ýigitler ors dilinde dolandyrylýan umumy goşun bölümlerinde gulluk etmäge borçly edilipdi. Elbetde bu karar nädogrudy. Rus däl milletlerden bolan esgerleriň rus dilini gowşak bilmegi uruş şertlerinde nähak pidalara sebäp bolýardy. Belki şonuň üçindir, urşuň ilkinji günlerinden başlap SSSR boýunça milli goşun birikmelerini dikeltmek başlandy.

Gysga wagtyň içinde Türkmenistanda 87-nji, 88-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadalary, 97-nji, 98-nji türkmen atly diwiziýalary düzüldi. Bu goşun bölekleriniň habarlary soňra respublikanyň öz hasabyna doldurylyp duruldy.

Şol ýyllara degişli resmi maglumatlara görä, türkmen ýigitlerinden 190-200 müň töweregi uruşa gidip, şolaryň hem 50 müň töweregi söweşlerde wepat bolupdyr. Ýöne, Mukaddes Ruhnamada bu barada şeýle diýilýär: “Iki dünýä uruşlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruşlar boldy, olara zorluk bilen, isleg bilen biziň watandaşlarymyz-türkmenlerem gatnaşdy. Diňe ikinji jahan urşunda, nemes basybalyjylaryna garşy söweşlerde 740 müň türkmen wepat boldy, onlarça müň adamlar maýyp boldular.” (Mukaddes Ruhanama)

Elbetde, uruş uruşdy. Ol pidasyz bolmaz. 1941-1945-nji ýyllardaky uruş halkyň diňe gahrymançylygy bilen beslenmän, eýsem onuň bimöçber betbagtçylygynyň ýyllarydyr.

Ýöne beýle diýildigi söweşlerde görkezilen gahrymançylygy unutmaly diýildigi däldir. Faşistlere garşy aldym-berdimli söweşlerde türkmen ýigitleriniň görkezen gaýduwsyz batyrlygy şol ýyllaryň taryhyna öçmejek sahypalar bolup ýazyldy.

Urşuň ilkinji günlerinde Günorta-Günbatar söweş meýdanlarynda türkmen esgerleri Bäşim Reýimow, Ahmet Annadurdyýew we beýlekiler gaýduwsyzlyk bilen söweşdiler. 1941-nji ýylyň iyul aýynyň 26-synda Bessarabiýa-Rumyn serhedinde Malo-Malokişno diýlen ýerde bir belentlige hüjüm edilende Sakarçägeli türkmen ogly Gurban Durdy aýratyn tapawutlandy. Ol öz bölümini üç gezek hüjüme galdyrdy, agyr ýaralansa-da söweş meýdanyny taşlamady. Hüjümi dowam edip, söweşijileri yzy bilen alyp gitdi. Bu edermenligi üçin oňa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at dakyldy. Agyr ýaralanan Gurban Durdy hassahanada ýatdy we 1942-nji ýylda Aşgabadyň pedinstitutyna okuwa girip, 1947-nji ýylda taryh fakultetini tamamlady.

Moskwany goraýjylaryň arasynda Aýtguly Geldiýew ýaly ençeme türkmen ýigitleri bardy. A.Geldiýew söweşde wepat bolan harby toparyň baştutanyny çalşyryp esgerleri hüjüme galdyrdy. Duşman yza serpikdirildi. Türkmen gerçekleriň gahrymançylygy hakda näçe ýatlasaň ýatlap oturmaly.

1944-nji ýylda Polşada Jeşuw şäheriniň sebitinde, gandöküşikli söweşiň gidişinde oky gutarandan soň türkmen ýigidi seržant Gara Myradow eline tanka garşy granaty alyp, özüni duşman tankynyň aşagyna oklaýar. Ol öz janyny gurban edip, ýoldaşlaryny heläkçilikden halas edýär.

Türkmen gerçekleriniň söweş meýdanynda görkezen gahrymançylygy barada aýdylanda razwedkaçy Aga Berdiýewi, partizan Geldi Gurbanmyrady ýatlaman geçmek bolmaz.

Türkmen ýigitleri Russiýada, Ukrainada, Belorussiýada, Pribaltikada, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda faşizme garşy aldym-berdimli söweşlere gatnaşdylar. Türkmen ýigitlerinden Italiýada, Fransiýada, Ýugoslawiýada hereket eden antifaşistik guramalaryň hatarynda-da söweşdiler. Kawkaz ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde edermenlik we gahrymançylyk görkezen esgerleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mähriban kakasy Atamyrat aga özüniň durmuşyny öz halkyna, Watanyna gulluk etmeklige bagyşlapdy.

Atamyrat aganyň dünýä inen, ösen döwri dünýä taryhyndaky çylşyrymly döwürleriň biridir. Ol I-nji jahan urşunyň tutaşan, soňra bolsa dünýäni sarsdyran Russiýadaky syýasy öwrülişikleriň döwrüdir. Ata Watanymyz şol döwürde patyşa Russiýasynyň düzüminde bolany üçin, ol ýurtdaky wakalaryň täsiri, islesek-islemesek, biziň ilimize-de, onuň ilatynyň ykbalyna-da täsir edýärdi.

7-8 ýaşlarynda Atamyrat obasyndaky Emek mollanyň metjidine okuwa barýar. Ýetginjek Atamyrat Hajy obasyndaky atly polkda terbiýe alýar. Ol ýerde harby tälim öwrenýär. Ylma-bilime bolan höwes Atamyrady 1931-nji ýylda Aşgabat pedinstitutyna getirýär. Ol bu institutyň ýanyndaky 3 aýlyk okuwy üstünlikli tamamlap, başlangyç synplaryň mugallymy hünärini ele alýar. Şonuň yzysüre-de Atamyradyň durmuşynda has agyr günler başlanýar. Sowet hökümeti 1932-nji ýylyň gyşynda Annanyýaz agany baý-kulak diýip sürgün edýär. Öň eneden ýetim galan Atamyrat indi kakasyndan hem aýra düşýär.

Ykbal Atamyrady Atamyrat (öňki Kerki) etrabyna eltýär. Ol şol ýerde Çekir we Daşlyk obalarynda mekdeplerde mugallymçylyk edýär. 1933-nji ýylda Aşgabadyň hasap-maliýe tehnikumynyň planlaşdyryş we hasap bölümine okuwa girýär we ony tapawutlanan diplom bilen tamamlap, ýene-de Kerkä gidýär.

Watana howp abananda Atamyrat aga urşa meýletin gitmäge arza ýazýar. Ol uruş başlananyň 44-nji güni diýlende, ýagny 1941-nji ýylyň awgust aýynyň 5-inde Aşgabat wokzalyndan Daşkende ugraýar. Ol ýerde okuw-türgenleşik möhleti tamamlanansoň ýene-de Aşgabadyň üsti bilen Kawkaza sary geçip gidipdir. Atamyrat aga 2-nji pyýada goşun diwiziýasynyň 875-nji gwardiýa polkunda seržant bolup gulluk edýär. Deň bolmadyk söweşde ol ýesir düşýär. Beýik Serdarymyz mähriban kakasyny ýatlap şeýle ýazýar: “Diri galan polkdaşlarynyň beren ujypsyzja maglumatlaryna görä, kakamyň gulluk eden harby bölümi gabawa düşüpdir. Esgerler maýdaja toparlara bölünişip, Kawkaz gijesiniň garaňkylygynda özleriniňkä birikmegi karar edipdirler. Şol toparyň birinde kakam hem bar ekeni. Şol gije onuň kalbyna Watan hakyndamy, dogduk mekany hakyndamy, maşgala hakyndamy nähili oý-pikiriň gelendigini bilemok. Ýöne ol her bir ynsan üçin janyny gurban etmäge-de taýýar eken. Onuň gorara zady bardy, şonuň üçin ajal diýen zatdan ol birjik-de eýmenmändir. Ata-babalarymyzyň asyrlardan asyrlara miras goýup giden mähriban topragyndan duşmanlary kowup, dogduk ülkäni gorap saklamak oňa ähli zatdan eý görnüpdir. Duşmanyň eline düşenlerinden abraý bilen wepat bolanlaryny gowy gören esgerler agyr söweşler bilen öňe öňe süýşüpdirler . Nägehan duşman güllesi ömür tanapyny keseninde, kakamyň bary-ýogy otuz ýaşy bar eken”.

Uruşda haýsydyr bir namardyň dönükligi sebäpli, Atamyrat aga 1942-nji ýylyň Dekabr aýynda wepat bolýar. Atamyrat aganyň gahrymanlarça wepat bolan obasynyň hoşniýetli adamlary ony jaýlapdyrlar, urşuň yzysüre onuň garyndaşlaryny gözläp başlapdyrlar. Russiýanyň demirgazyk Osetiýa Yraf etrabynyň Çikola obasynyň adamlarynyň tagallasy bilen gyzyl yz çalyjylary (kras. sledopyty) Atamyrat aganyň guburyny tapdylar. Beýik Serdarymyz öz kyblasy Atamyrat Annanyýaz oglunyň anyklanan mazaryndan toprak getirip, Ymam Kasym öwülýäsinde-öz obasynda - Gypjakda, Gurbansoltan ejäniň aramgähiniň ýanynda jaýlady.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar: “Aslynda meniň ömrümiň bary kakama tarap barýan uly ýoldur, onuň ruhy baýlygyna, pähim-paýhasyna, ahlak kämilligine akyl ýetirmekdir. Kakam meniň buýsanjym, guwanjym, meniň güýç - kuwwatymdyr”.

“Kakama düşmezdi betbagt bije.

Eger ganym uruş bolmadyk bolsa” – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Atamyrat Annanyýaz oglunyň gysga ömründe bitiren işleri, onuň halkyna, Watanyna bolan söýgüsi, halkyň bütewiligini saklamak ugrundaky hyzmatlary gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmen ili bu hakykaty nazarda tutup oňa Türkmenistanyň Gahrymany adyny berilmegini isledi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýatlarynyň gelýän köp sanly ýüzlenmelerini we isleg-arzuwlaryny nazara alyp Atamyrat Nyýazowyň şahsyýetine ýokary hormat goýup, oňa 2000-nji ýylyň May aýynyň 4-nde Türkmenistanyň ýokary tapawutlandyryş derejesi - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy.

2004-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ýyly diýip yglan edildi. Serdarymyz, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy baş ýörelge bolan Mukaddes Ruhnamada: “Watandaşlarymyzyň ýitgisini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine türkmen döwletiniň gahrymanlary diýip at berdik. Goý, olaryň jaýlary jennet bolsun, ýatan ýerleri ýagty bolsun!”, diýip belleýär.

1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gahrymanlarça söweşip, wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip, yglan etmek hakyndaky Permana Beýik Serdarymyz 2000-nji ýylyň May aýynyň 4-inde gol çekdi.

Türkmeniň ata-babadan gelýän däp-dessury esasynda toýuň iň ulusynyň sadakadygyny nazaryndan sypdyrmadyk Prezidentimiz türkmen köňlüne laýyk karar çykardy. May aýynyň 8-ni 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlaryny Ýatlama güni diýip yglan etdi.

Respublikada ençeme adamlar “1941-1945-nji ýyllarda Watançylyk urşunda edermenlikli zähmet üçin” diýen medal bilen sylaglandy. Işe ýaraýan erkekleriň hemmesi diýen ýaly söweş meýdanyna gidip, stanogyň başynda, kolhoz meýdanlarynda olaryň ornuny aýallar, garrylar, çagalar tutmaly boldy.

Halk hojalygyny, ozaly bilen senagaty uruş hajatlaryna tabyn edip gurmalydy. Döwletiň günbataryndan göçürilip getirilýän kärhanalary ýerleşdirip, öýsüz galan adamlary ýaşar ýaly jaý, gün görer ýaly iş bilen üpjün etmelidi. Urşa giden ýigitlere-de zähmetkeşleriň maddy kömegi zerurdy. Iş wagty sagatlap ölçelmeýärdi. Aýallar bolsa işden gelip esgerlere ellikdir-jorap örüp, geýim-gejim tikýärdiler.

Göçürilip getirilen kärhanalaryň esasynda birnäçe fabrik-zawodlar işe girizildi. Çärjewde (Türkmenabat) emeli gön fabrigi (Woroşilowograd we Zawidowo ýüň mata fabrikleriniň esasynda) Aşgabatda ikinji tikin fabrigi (Rostow tikin fabriginiň esasynda), Krasnowodskide (Türkmenbaşy) nebiti gaýtadan işleýän zawod (Tuapseniň we Groznynyň zawodlary esasynda), Maryda tikin fabrigi işläp başlady (häzirki ady “Ýeňiş” fabrigi).

Aşgabat demir ýoly basybalyjylardan azat edilen welaýatlardaky wokzallary, depolary dikeltmek üçin enjam iberse, Aşgabadyň aýna zawody 35 wagon aýna iberdi. Russiýanyň kärhanalarynda işlemek üçin işçi toparlary düzülip iberilýärdi. Uruş ýyllarynda Türkmenistandan 25 müňden gowrak adam Russiýanyň şäherleriniň kärhanalarynda we gurluşyklarynda zähmet çekdiler.

Türkmenistanyň zähmetkeşleriniň Gyzyl Goşuna beren kömegi aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Daşoguzyň daýhanlary 25 uçaryň gurluşygy üçin dört ýarym million manat toplapdylar (“Türkm. iskra”, 24.12.42), Mary etrabynyň daýhanlary we daýhan aýallary 7237526 manat, Sakarçäge etrabynyň daýhanlary 5132013 manat berdiler. Respublikada 57-den gowrak kolhozyň her biri 200 000 manatdan gowrak pul berdi.

Goranmak fonduna Türkmengala etrabynyň Budýonnyý adyndaky kolhozynyň başlygy Hojamyrat Rahmanow 35 müň manat iberdi. Aşgabat etrabynyň Swerdlow adyndaky kolhozçysy Sadap Niýazowanyň Goranmak fonduna 60 müň manadyna bir top, Duşak oba sowetiniň başlygyZallyk Hanowyň beren puluna bolsa tank ýasalyp söweş meýdanyna iberildi. Goranmak fonduna 170 million manatdan gowrak pul düşüp, 110 million manatlyk zaýom obligasiýalary tabşyrylypdyr. Şol serişdelere “Türkmenistanyň dokmaçysy”, “Türkmenistanyň azyk işgäri” adyndaky uçarlar toplumy (eskadrilýa), tanklar ýasaldy. Söweşýän esgerler üçin ilat 300 wagon dolduryp dürli sowgat ýollady (daşky we içki ýyly egin-eşik, şahsy sowgatlar).

Türkmen aýal-gyzlary şaý-seplerini-de Goranmak fonduna berdiler. Tagtabazar etrabynyň “Gyzyl goşun” kolhozynyň aýallary gyzyl goşulan 82 kg kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Urşuň bütin dowamynda Türkmenistan boýunça ýygnalan altyn-kümüş 7392 kg barabar hasap edildi. Emma bu maglumat takyk däl. Urşuň tylynda zähmet çeken enelerimiziň, uýalarymyzyň, gelnejelerimiziň ömür ýoly ýaş neslimizi ata Watanyň milli ruhunda mert, zähmetsöýer, edermen, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde mukaddes göreldedir” diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy belleýär. Serdarymyzyň bu sözleri Prezidentimiziň käbesi Gurbansoltan ejä-de gös-göni degişlidir. Gurbansoltan eje uruş döwründe ýadawsyz zähmet çekip, edermenlik görkezen türkmen zenanlarynyň umumylaşdyrylan nyşanydyr.

Esgerleriň ýanyna medeni-toparlar hem iberilýärdi. Olaryň hatarynda belli türkmen bagşylary Sahy Jepbarow, Giçgeldi Amanow, Nabat Nurmuhammedowa we beýlekiler esgerleriň öňünde çykyş etdiler. Türkmen ýigitleriniň goşhaltalarynda “Görogly” şadessany, Magtymgulynyň we beýleki şahyrlaryň goşgular ýygyndysy bar eken.

1945-nji ýylyň May aýynyň 9-ynda faşistik Germaniýa boýun egdi. May aýynyň 9-yny türkmen halkynyň Milli baýramy Ýeňiş güni diýip yglan etmek hakyndaky Permana Prezidentimiz gol çekdi. (4.05.2000 ý.)

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Milli Gahrymanlaryň atlaryny, söweş ýollaryny, deňsiz-taýsyz edermenliklerini ebedileşdirýän Gahrymanlar Kitabyny taýýarlamak we neşir etmek hakyndaky Permany kabul etdi.

Bäş tomdan ybarat bolan bu kitap Türkmenistanyň “Hatyra” kitabydyr. “Hatyra” kitaby urşa çenli Türkmenistanda doglan, ýaşan, goşun gullugyna çagyrylan, uruşda wepat bolan, dereksiz ýiten, harby hassahanalarda ýogalan türkmenistanly gerçekler hakynda maglumatlary (atlary, atalarynyň atlary, doglan we wepat bolan wagtlaryny, jaýlanan ýerlerini) özünde jemleýär.

Hawa, Ýeňiş örän agyr düşdi, ýöne onuň taryhy ähmiýeti ululdyr. Ozalky SSSR-iň halklary, şol sanda türkmen halky-da öz Watanlarynyň ar-namysyny gorap sakladylar. Şonuň üçin şanly Ýeňşe biziň buýsanjymyz tebigydyr we düşnüklidir.

“Watanymyzyň eziz ogul-gyzlary mähribanlarymyz şonda dünýäde adalaty goramadyk bolsalar, biziň mukaddes geljegimiz üçin şirin janlaryny gurban etmedik bolsalar, özümiziň bu günki beýik garaşsyzlygymyza ýetip bilmezdik” diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýörite nygtaýar.