Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Türkmen halylarynda gyzyl reňkiň agdyklyk etmegi bolsa dürli delilleriň, mysalllaryň üsti bilen beýan edilýär. Gyzyl adamzat tarapyndan irki döwürlerde ulanylyp başlanan reňk hasaplanylýar. Arheologlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň çäklerinde irki daş asyrynda(miladydan öňki sekizinji, dokuzynjy, onunjy müňýyllyklarda) ýaşan adamlar diýlip, Hazar deňziniň kenaryndaky Gaýly, Jebel, Damdamçeşme ýaly gowaklarda ýaşan adamlar hasaplanylýar. Şol gowak adamlarynyň ýaşaýyş şertleri, däp-dessurlary, adatlary öwrenilende, şol döwürlerde daş gurallaryny, degirmenleri, aw gurallaryny, aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, küýzeleri, sokulary ýasap bilendikleri, olaryň ýönekeý bezeler bilen ýerligi gyzyl, nagyşlary bolsa gara reňk bilen bezäp bilendikleri ýüze çykaryldy. Miladydan öňki we miladynyň I asyrlarynda ýaşan grek alymy Strabon türkmenleriň ata-babalary bolan massagetleriň öz geýimlerini agaçlardan alynýan tebigy reňkler bilen boýandygy barada ýazypdyr. Şulardan ugur alyp, şol döwrüň adamlarynda reňk, boýag, bezeg, çeperçilik barada ilkinji düşünjeleriň şeýle hem köp zatlaryň ýerliginiň gyzyl reňkde bolandygyny bellemek gerek. Irki döwürlerden bäri dokalyp gelinýän “Guş gölli” halymyz dünýäde özüniň owadanlygy, gaýtalanmajak gözelligi şeýle hem özüniň gyzyl reňki bilen äleme meşhurdyr. Häzirki döwürde halyçy zenanlarymyz “ Guş gölli” halyny täze döwrebap görnüşde, ýagny ak reňkde hem-de göllerini sekizburçlugyň içinde edip dokadylar. Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan halylar bilen XX asyrda dokalan we XXI asyrda dokalýan halylar deňeşdirilende göz yetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwrümizde bezeg üçin giňden ulanylýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlaryň el hünäriniň görnüşleri kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişiklere eýe bolunýar. Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr. Ýaz gyrkymy, inçeligi hem ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan saryja goýunlaryň ýüňi el halylary dokamakda iň zerur bolan çig maldyr. Özara sazlaşjak reňkleri saýlap almak, olary tebigy serişdelerinden taýýarlamak işi uly ussatlygy, tebigy syzgyrlygy talap edýär. Köz ýaly ýanyp duran gyrmyzy reňkli dokmany diňe ak ýüňden alyp bolýar. Narynç sary, mämişi, açyk sary reňklere-de diňe ap-ak ýüňi boýap bolýar. Çal, goňur, açyk mele reňki diňe gök we gara gyzyl boýaglara ýatyrypdyrlar. Ýaşyl reňki almak üçin bolsa ak ýüňi ilkibada şyrky sary boýaga ýatyryp, soň nile boýapdyrlar. Şol boýaglara reňklenen ýüplükden dokalan el halylar asyrlar geçse-de könelmeýär, saralyp-solmaýar, sarysy gitmeýär. Otlaryň dermanlyk güýjüni süňňüne siňdiren halylar ýyl geçdigiçe läle ýaly reňk saçýar, olaryň gölleriniň yekeje çyzygy hem mizemeýär. Türkmen halysyny açyk kitap ýaly okap bolýar. Gölleriň syrly öwrüminde janly taryhymyz keşdelenipdir. Olaryň “diline düşünseň” täsin hekaýaty älemiň gurluşyny, şejere taryhymyzy, milletimiziň gadymyýetdäki urp-adatlaryny, ynanç-ygtykatlaryny aňlap oturmalydyr. Haly önümlere salynýan nagyşlaryň arasynda adam şekillerine, janly-jandarlaryň sudurlaryna, dürli ösümlikleriň görnüşlerine degişli edilýänleri az däl. Hala salynýan milli nagyşlaryň ýüzlerçesi bellidir. Olaryň her biriniň çitiliş aýratynlygyna beletlik ezber elli halyçylaryň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Bilermenleriň belleýşi ýaly, el halylaryny dokamagyň 20 usuly bolupdyr. Ol çeten, kepbe boýra, çykalan gamyşdan başlap, jirdim (ownuk öýdümeli çuwal-torba), allymgaç (palas, torba, çuwal usuly), kök öýdüme (gyzyl ýüp) usuly, haly(çitme usuly) iki ýüzli haly we beýleki görnüşlere sapylyp gidýär. Halyda türkmenleriň kalby bar. Türkmen halysy halkymyzyň jahana peşgeş beren bakylyk çaparydyr. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagynyň syry hem şundadyr.

Gutlyýewa Gözel, Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Unuwersitety