Mazmuna geçiň

Türkmen bedewleriniñ şaý-sepleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa


Türkmeni dünýäde tanadýan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda eziz saýylýan bedew atlary hemişe söýgä, sylag hormata mynasyp. Türkmen atlaryň şöhraty baryp Oguz han döwründen bäri äleme ýaýylyp gelýär. Döwletimizde atçylygy ösdürmek, türkmen atçylyk sportuny galkyndyrmak hem-de milli we halkara derejelerinde guralýan uly ýaryşlarda täze ýeňişleriň gazanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ähli welaýatlarda öz möçberi boýunça haýran galdyrýan we hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurulyp ulanyşa berilen.
Däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp döwletimizde at çapyşyklary, dürli derejeli sergiler, ylmy-maslahat konferensiýalar geçirilýär. Sergilerde ussat zergärler tarapyndan döredilen at bezegleriniň nusgalary we at enjamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bezeg şaýly at esbaplary aýratyn gyzyklanma döredýär.
Türkmen halky özüniň baş ýoldaşy hasaplaýan bedew atyny bezemekde hiç bir çykdajydan gaçmandyr. Aýtmaklaryna görä, kähalatlarda bir atyň bezegi üçin ulanylýan kümüş 36 kilograma çenli baryp ýetipdir. Zergärler edil aýal-gyzlaryň şaý-seplerini ýasaýyşlary ýaly bedew atlar üçin hem şaý-sepleri ýasapdyrlar.
Şeýle bir zady hem belleýärler. Irki döwürlerde bedew atlaryň bezeg şaý-sepleri diňe bir aty bezemek bilen çäklenmän, söweşlerde aty naýza, peýkam, gylyç ýaly tygly ýaraglaryň ýara salmagyndan hem gorap, at üçin galkan hyzmatyny hem ýerine ýetiripdir.
Aty bezemek üçin ulanylýan bezeg şaýlarynyň hem özboluşly atlandyrylyşy bolupdyr. Men häzir size bedew atlary bezeýän şaý-sepleriň käbiri (bilýänlerim) dogrusynda aýtjak we sizden başgalary barada, ýa-da olar bilen bagly maglumatlary goşmagyňyzy haýyş edýärin.
Gaş – atyň üstünde oturmak üçin enjam bolan eýeriň ýapyşmak üçin tutalgasy. Şol gaşa hem kä halatda altyn-kümüş çaýylypdyr, gymmatbaha daşlar oturdylypdyr.
Göwüs bent – atyň göwsüne dakylýan gülýaka menzeş bezeg şaýy. Ol kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylypdyr, gymmatbaha daşlardan gaş goýlupdyr.
Doga bagy – atyň boýnuna dakylýan, käte ýüplükden çitilip dokalýan, käte gaýyşdan ýasalyp, daşyna altyn, kümüş, gymmatbaha daşlar oturdylan bezeg esbaby.
Maňlaýlyk – atyň maňlaýyna dakylýan bezegi. Gaýyşdan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan kümüş dakylypdyr. Tegelek süýnmek görnüşlerde bolupdyr.
Alagaýyş – bedew atlaryň iň esasy bezeg esbaplarynyň biri. Alagaýyş bolanda adyndan belli bolşy ýaly atyň uýanyndan başlap, ýantanapyna çenli gaýyşdan ýasalyp, şol gaýyş hem birsydyrgyn ýygylykda kümüşden halkalanyp çykylýar. Bedew atlaryň eýer-esbaplarynda başga-da köp dürli bezeg esbaplary bolupdyr. Biziň günlerimizde hem bedew atlarymyz toýlarda, baýramçylyklarda bezelen görnüşde orta çykarylýar


Toýly SAZAKOW

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby