Türkmen alajalary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
                                               Alaja yüp sungaty

Zenanlarymyzyn el hünarinin ayratyn görnüşleri alaja örmek, jahek örmek, aldymgaç kakmak başarjanlygy bilen tanalyarlar. Dürli renkli yüpek sapaklardan tayyarlanyan jahekdir aldymgaç yüpleri bilen milli lybaslarymyzyn gyrasyny bezapdirler işilen alajalary dürlüje oturdypdyrlar. Alajalar egin-eşigi geyen adamy gözden-dilden gorayar diyip yrym edilse, jahekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr. Alajalary dine bir egin-eşiklere berkitmek bilen çaklenmandirler. Alajalaryn namahrem nazarlardan gorayandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyn boynuna goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Öyünin gapysyna hojalykda ulanyan zahmet gurallaryna, sygyr, düye yaly öy mallaryna, türkmenin uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyn asylly dabidir. Elbette parasatly ene-mamalarymyz el hünarinin her bir ülşüni döredenlerinde yiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary adatça, ak we gara sapagy 3-4 gezek gatlamaly. Olaryn birmenzeş renki her gatyna ayry-ayrylykda tow bermeli. Şondan son tow berlen ak we gara sapaklary birleşdirip saklap, önki berlen towun garşysyna tarap işlemeli. Sapaga tow berilyan wagty ony çekibrak saklasan alaja endigan düşyar. Towy gowy yetirilen yüpün berk hem owadan bolyandygy barada könelerimiz halk arasynda Sapagy tow saklar diyen aytgyny-da galdyrypdyrlar. Towy gowy yeten ak we gara sapaklar özara birleşip, enayy alajalar emele gelyar. Alajalary inçe we yogyn işmek bolsa onun nama niyetlenilyandigine bagly bolyar. Alajalar dine bir işilip bejerilman, eysem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini tayyarlayarlar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alajak sungaty milli mirasymyzyn öçmejek gymmatlygydyr.