Mazmuna geçiň

Eýran–Türkmenistan hyzmatdaşlygy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy sahypasyndan gönükdirildi)

Eýran we Türkmenistan gowy gatnaşyklardan peýdalanyp, ykdysady, transport, infrastrukturany ösdürmek we energiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk etdiler. Iki ýurduň arasynda berk taryhy gatnaşyklar bar.

Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1991-nji ýylyň 8-11-nji sentýabrynda EYR-a bolan ilkinji resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynda esasy ugur alyş wakasy boldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy esasan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar. Sarahsda, Artykda, Howdanda, Güdrüolumda açylan ýönekeýleşdirilen serhetden geçiş nokatlary söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň mümkinçilik açdy.

Alty ýylyň içinde Haşemi Rafsanjany bilen Saparmyrat Nyýazow 54 gezek duşuşmagy iki goňşy döwletiň aragatnaşyklarynyň sebitde hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendiginiň alamatydyr. Diňe 1997-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 150 mln. dollara barabar boldy. Türkmenistanda 88 sany önüm öndürydn, gurluşyk bilen meşgullanýan türkmen-eýran kärhanalary, söwda firmalary uly işleri edýärler. XX asyryň ahyrynda Eýran firmalary bilen jemi 533 million dollara barabar 16 sany senagat kärhanalaryny we beýleki binalar gurulýar.

1998-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli iki döwletiň arasynda 120 sany döwletara we hökümetara şertnamasyna gol çekildi. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. “Dobral” ýol gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Gökdepe aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. Asyryň ahyrynda ol Gökdepeden Türkmenbaşy şäherine çenli ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişdi.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]