TÜRKMEN IRANELLA ÇEKIRTGESI
Göni ganatlylar otrýady Çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Köp görnüşden ybarat bolan urugyň bir görnüşi. Türkmenistanyň endemigi. Gysgaça beýany. Orta ululykdaky çekirtge. Arka öňi çürt-kesik bildirýän tümmejikli we ýygyrtly, yzyna tarap mese-mälim giňelen, gapdalyndan seredeniňde sähelçe guberçek. Reňki çal, goňrumtyl menekli. Kellesiniň aşagy we bedeniniň aşagy ak reňkde. Erkek jynsly çekirtgeleriň bedeniniň uzynlygy 18,3–18,7 mm, ganat üstleriniň uzynlygy — 9,4–10,6 mm. Ýaýraýşy. Kiçi Balkan we Kürendag. Ýaşaýan ýerleri. Selçeň ösümlikli dag etekleriniň gury eňňitleri, garagulagoty, boýalyç bilen örtülen üsti çäge bilen gömülen takyrlar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Iki-ýeke duş gelýär. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaşaýan meýdanlarynda çendenaşa köp mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Iýun aýynyň ortalarynda liçinkalary ganatlanýar. Çekirtgäniň jyns taýdan ýetişenleri iýul aýynyň ahyryna çenli iki-ýeke duş gelýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaýrawynda aýratyn goralýan meýdanlary döretmeli. Mal bakylmagyny çäklendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Görnüşiň biologiýasyny we populýasiýasynyň ýagdaýyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa