TÜRKMENISTANDA DEMIR ASYRY

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

TÜRKMENISTANDA DEMIR ASYRY


MEÝILNAMA :

1. Demir asyry hakynda umumy duşinje.

2. Demir asyrynda zähmet gurallarynyň ýöriteleşmegi we zähmet bölünişigi.

3. Demir asyrynyň medeniýeti.

EDEBIÝATLAR :

l. Saparmyrat Tiirkmenbaşy. Ruhnama, Aşgabat 2001 ý.

2. A.Gubaýew. Türkmenistanyň arheologiýasy. Aşgabat 1989 ý.

3. H. Ýusupow. Türkmenistanyň taryhynyň sahypalary. M., 1997 ý.

4. Ýe. Atagarryýew. Taryhda galan yzlar. Aşgabat 1989 ý.

5. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. Aşgabat 1983 ý.

6. W.I. Sahanidi Marguş. Aşgabat. 2001 ý.

7. Türkmenistanyň binaçylyk ýadygärlikleri. L.,1974 ý.

8. Esenow A Türkmenistanyň binagärçilik taryhy. A. 2001 ý

SAPAGYŇ MAKSADY :

1.Demir asyry hakynda umumy düşünje bermek. Arheologik ýadygärlikleririň üsti bilen türkmen halkynyň gadymy geçmişini öwretmek, türkmenleriň bütindünýä gymmatlyklaryna goşan goşandyny düşündirmek.

2. Talyplarda öz watanyna, gadymy ene topragyna bolan soýgi, buýsanç, wepalylyk duýgularyny terbiýelemek.


“Magdan eredip,her-hili gurallary dünýäde ilkinji bolup türkmenler ýasap başladylar. «Ergenekon» dessany türkmeniň gadymyýeti. Onda tutuş magdan dagynyň eredilip, ýagtylyga – dünýä çykylmagynyň göçme manysy bar. Türkmen gylyjynyň gadymy kämil nusgasyny şu günlere ýetiripdir. Şol gylyjyň ýüzünde – «Türkmen hiç haçan gylyjyny gynyndan goňşysynyň garşusyna çykarmaz » diýen ýazgy galdyrypdyr, ol häzirem goňşy Eýran döwletiniň taryhy muzeýinde bar. Polatdan, demirden ýasalan dürli gurallar, abzallar dünýä türkmen ýaýlasyndan ýaýrapdyr”. (56 sah)

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy - Mukaddes Ruhnama.

Türkmenistan Garaşsyzlygy alandan soň Türkmenistanyň taryhy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen doly we dogry öwrenilip başlanyldy.Biz Türkmenistanyň taryhyny gadymyýete degişli tapyndylaryň üsti bilen doldurýarys. Türkmenistanda daş asyrynda ,bürünç asyrynda türkmenleriň ýaşaýşy, meşgullanan kärleri ýasan zähmet gurallary barada durup geçdik. Adamlaryň aň düşünjesiniň artmagy bilen olaryň durmuşy,ýasan zähmet gurallary meşgullanýan kärleri kämilleşipdir . Muňa mysal-türkmenleriň demir asyryndaky ýaşaýşy zähmet çekiş we zähmet gurallary kämilleşdiriş usulydyr.

Biziň eýýamymyzdan öň II-I müňýyllyklarda irki demir eýýamy –ýagny adamlaryň demir gurallary ulanyp başlan döwürleri başlanan. Emma demir ulanmak synanyşygy has ir döwürde başlanan demir bir bada hemme ýerde bir döwürde hem-de meňzeş ýaýramandygy sebäpli demir asyrynyň başlarynda heniz bürünç gurallar agdyklyk edipdir.

B.e öň II müňýyllygyň ahyryndaky gadymy demir gurallary Ýakyn Gündogaryň ýädygärlikleri berýär.

B.e öň XV asyrda görnüşi ýaly hemmelere demri ymykly ulanmak başardan . Hindistanda bolsa irki demir gurallar b.e.öň 1300-1000-nji ýyllara gabat gelýär. Indi metal hökmünde demir işlenilip, durmuşda we hojalykda

ulanylyp başlanyldy. Demiri almak bürünji alandan has kyn bolupdyr. Onuň üçin ýorite metaly işläp-bejeriş usuly tehnologiýasy we has ýokary ýylylyk gerek bolupdyr. Demir misden we bürünçden soňky üçünji metaldyr. Gündogar ýurtlarynda demir XII - XI asyrlarda gin ulanylypdyr. Ol taryhda demir öwrülişigi diýip hem atlandyrylýar.

Demir tebigatda köp duş gelipdir. Demrin ýüze çykmagy önümçiligiň artmagyna mümkinçilik beripdir.

Demrin durmusa doly girizilmegi dinýa ýurtrlarynda dürli wagtda bolupdyr.

Beýle diýilmegi demrin ulanylyp başlanan ýerinde şol wagt demir peýda bolupdyr diýildigi däldir. Demir daş asyrdan öň hem bar eken, ýöne adamlaryn ony peýdalanmaga aňy ýetmändir. Demrin durmuşda doly özleşdirilen döwrüne demir asyry diýip alymlar at berdiler.

Demir kop duş gelse-de ony durmuşda arassa görnüşinde ulanyp bolmaýar, oňa himiýa erginlerini goşup, dürli usulda işlenilip, soň berk metal alnypdyr. Bu döwürde demirden zähmet gurallary, şaý-sepleri, ýaraglary ýasamagyň iki hili usulу ulanylypdyr : gyzdyryp ýençmek we guýma usuly bolupdyr. Ýençmek arkaly oňa gerekli görnüsi beripdirler, guýma usulynda bolsa ýörite galyp ýasalyp, şoňa demir ergini guýlupdyr. Adamzadyň bu oýlap tapan tehniki usuly şu güne çenli saklanyp, öz ahmiýetini ýitirmändir. Ol usullar häzirki döwürde hem demir-magdan işlerinde ulanylýar. Emma häzirki dowürde demir almak usuly demir asyryndakydan tapawutlylykda el zähmeti däl-de ylmy - tehniki ösuşiň usullaryna esaslanýar.

Demirin ýüze çykmagy diňe hünärmentçiligi artdyrman, eýsem harby güýjüň hem hasiýetini üýtgeden. Bürünç asyryň ýaragly taýpunlaryny ýenil ýaragly atly goşunyna çalşan. Mukaddes Ruhnamada "Ilkinji araba türkmenler tarapyndan döredildi. Araba goşunyň, döwletiň köp-köp işlerini ýeňilleşdirdi" diýip bellenen. (56 sah.)

Ekerançylyk meýdanlary giňeldilen. Turkmenistanyň çäginde demir asyryna degişli arheologiki tapyndy ýadygärlikleri köpdür. Etrek derýasynyň aşak akymlarynda, Köpetdag eteklerinde, Murgap derýasynyň aşak akymynda, Amyderýanyň çep kenarynda, orta akymlarynda, demirgazykda - Köneürgençde tapyldy. Alymlaryn käbirleriniň çaklamagyna görâ Merkezi Aziýa üçin demir asyry biziň eýýamymyzdan ön X-IV asyrlardyr. Irki demir asyryna degişli medeni gatlak ilkinji gezek 1904-nji ýylda R.Pampilliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy Aşgabat şâheriniň golaýynda Ânewde, şol ýerdâki iki depâniň günortasyndaky tarapyndan arheologiki gazuw - agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Ânew medeniýetiniň aýratynlyklarynyň biride, b.e. ön 4 münýyllykda metaldan ýasalan zatlaryn hojalyga ornaşyp başlanylmagydyr. Bu ýerde metalyň ulanylyp başlanylmagy önümçiligin ösmegine uly tâsir edipdir. Gadymy metal işlâp-bejeriş usulyny öwreniji alym N.N. Terehowyn pikiriçe ânewlilerin ýasan metal gurallary gowy kämilleşen we düzümi boýunca örän arassa bolupdyr. Bu bolsa olaryň metal işlemekde ýeterlik tejribesiniň bolandygyna güwâ geçyâr. Türkmenistanyň hâzirki territoriýasynda : günorta-gündogarda Parfiya, günbatarda Girkaniya, gündogarda Baktriya we demirgazykda Köneürgenç döwletlerı bölüp, ol ýerlerde oturymly ekerançylyk ilat bilen gin sähra çöllüklerde sak, skif, dah we massaget ýaly göçüp-gonup ýören taýpalar hem ýaşapdyrlar. Sol taýpalaryň adamlarynyň egin-eşikleri-aýratyn hem erkek adarnlaryň telpekleri, aýallaryn börükleri we şaý-sepleri, gyzlaryň tahýalaryna dakýan gupbalary, oguz goşunlarynyň harby demir telpekleri öz görnüşini müňlerçe ýyllaryn dowamynda saklap galypdyr. Alymlaryň çaklaýşyna görâ demir zamanynyň ilaty sebitleýin, oazisleýin ýa-da welaýatlaýyň hasiýetli ýaşapdyrlar.

Şeýle sebitler Etrek derýasynyň aşak akymynda, gadymy Dehistan eteginde, Sarags, Bäsdepe, Akjadepe, Merw, Margiana we ş.m. ýerlerdir. Dehistan etraplaryna gadymy geografiýada Girkaniýa ýerleri diýlen, ýagny ol Kaspi deňziniň gadymy ady - Girkan deňzi ady bilen bagly bolan. Girkanda üzümçilik ösen, hat-da bir şahadan on alty kg. üzüm alnan. Demir asyrynda hojalykda zähmet bölünişigi bolan - ekerançylyk we maldarçylyk bilen birlikde senetçilik, hünärmentçilik peýda bolan, bu bolsa alyş-çalys söwdasynyň ösmegine itergi beripdir.

Keramika we demir bilen işleýän adamlar ýaşaýyş köçelerini düzüpdirler. Şäherlerin we obalaryň ilaty san taýdan ep-esli artypdyr. Ýaşaýyş jaýlary on pagsadan bolsa, indi kerpiçden salnyp başlanylypdyr.

Dehistan säherinde çakmak daşdan ýasalan oraklaryn birnäçesi tapyldy, seýle hem sapana salnyp atylýan daş güjenler bar. Metaldan ýasalan zatlar az duş gelipdir. Bu bolsa metalyň gyt bolandygyny aňladýar. B.e. öň II müňýyllygyň ahyrynda we I müňyyllygyň VII asyrynda senetçilik oba hojalygyndan aýrylypdyr. Köpetdag eteklerindäki obalaryň esasy hojalygy suwarymly ekerançylyk bolup, bugdaý, arpa ekilen.

Ekin meýdanlary Köpetdagdan akyp gelýän kiçi derýajyklaryň we çeşmeleriň hasabyna suwlanan, suwuň gelyän ugrunda gaçy galdyrylyp, gatlalar gurulan. Käýerlerde suwaryşyň käriz ulgamy yüze çykan. Taryhyň atasy Gerodot Serahs sebitlerinde Ahes derýasynyň (Tejen - Gerurit) boýunda suwaryş desgalarynyň gurluşy hakynda habar berýär. Bu ýerde emeli suwaryş arkaly suwarylyş alnyp barlan.

Ekerançylyk bilen meşgul bolan obalaryň derýa boýunda ýerlesip, suwaryş desgalaryň, kanallaryň barlygy mälim boldy.

Demir asyryna degişli ýadygärlikleriň bol ýeri Merw oazisidir. Bu döwrüň ilkinji ýadygärligi XX asyryn başynda açylan bolsa-da 50-nji ýyllarda ol öwrenildi. Bu ugurda W. Masson, I.S. Massinow we başgalar işlediler. 1956-1966-njy yyl W. M. Masson Murgap derýasynyň akymynyň ugrunda ýerleşen Ýazdepe ýadygärliginde gazuw - agtaryş işleri netijesinde demir asyryna degişli materiallary tapdy.

Demir asyrynyň baý medeni mirasy biziň döwürlerimize çenli ýetip gelipdir. B.e. öň I müňýllygyň başlarynda küýze ýasamak esasan el zähmeti bilen ýerine ýetirilen bolsa, şol müňýyllygyň 650-400 ýyllygy aralygynda tiz aýlanýan çarhyň kömeginden peýdalanylypdyr.

Çarh diňe küÿžäniň çalt öndürmäge däl-de eÿsem ÿuka-nepsi gap-çanaklary öndürmäge-de oňaÿly bolan. Çarhyň ulanylmagynyň girizilmegine ilatyň, obalaryň köpelmwgi we zähmet gurallaryna isleginiň köp bolmagy sebäp bolan çalt we köp öndürilen gurala diňe ÿerli ilaty üpjün etmän, eÿsem, haryt häsiÿetine hem geçen bu bolsa alyş-çälyşyň, söwdanyň ösmegine, pul dolanyşygynyň ÿüze çykmagyna getiripdir. Merkezi Aziÿada-Margiÿanada pul dolanyşygy b. e. öň V-VI asyrda bolan bolmagy ähtimal.

Türkmenistanda Gündogar etraplary, Amyderÿanyň ÿokarky akymlary Bakterÿa diÿlip atlandyrylan, ol takmyndan Kerki – Amul (Türkmenabat) aralygyny öz içine alan. Demir asyry döwri bu ÿeriň ilatnyň öz boluşly oturymly medeni-durmuşy bolan, olar ekerançylyk, küÿzegärçilik bilen meşgullanan. Kerkide Bekgala iň irki medeni gatlagy b.e. öň I müňÿyla degişligi mälim boldy.

Gadymy Köneürgenji S.N. Tolstowyň ÿolbaşçylgyndaky arheologik-entografiki ekspedisiÿa öwrendi we bu döwletiň medeni durmuşy barada maglumatlar toplandy.

Gazuw-agtaryş işleri netijesinde duş gelen süňkleriň deň ÿarysy öÿ mallaryny degişli bolan. Gara mallar aýratyn köp bolupdyr. Mallar iÿmit, et üçin dälde esasan iş maly höküminde saklanypdyr. Gara mallara künde goşulyp ÿer sürlen. Köneürgençde mallar üçin aÿratyn ÿataklar bolan. Bu barada gadymy ÿazuwda hem bar. b. e. öň I müňÿyllygy degişli “Awesta” kitabynda “Horazim ” sözini M. N. Bogolÿubow – poliograf “Mallar üçin gowy berkitmesi bolan ÿurt” diÿen manyda terjime hem eden.

Köneürgenç ekerançylyk medeniÿetini uly goşant goşan. Suwaryş kanallary gurlup, olaryň ini 16 metr, uzynlygy 50 km-e çenli ÿeten. Uly kanal gazmaga 1500 adam 30-40 gün işlän bolsa, gysga kanal üçin 200 adam 50-gün işlän.

Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplarynda ilat esasan ekerançylyk bilen demirgzykde we orta bölekdäkiler maldarçylyk bilen meşgullanan.

B. e. öň II müňýyllygyň ahyrynda we I müňýyllygyň başlarynda Türkmenistanyň ýerlerinde öndüriji güýçleriň ep-esli ösen döwri bolan, onuň sebäbi demir ýaýrap, bürünji kem-kemden gysyp çykarypdyr.

Demir ekerançylygy giň meydany alyp barmaga, senetçiligiň gurallaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik beripdir. Meýdan işleriniň artmagy hojalykda atanyň ornuny ýokarlandyrypdyr, şeýlelik-de jemgyýet enelik urugyndan atalyga geçen.

Jemgyýetde baý-gatlak dörän. Baýyň malyny, giň ýerlerini, onuň maşgalasyny goramak üçin penakär gerek bolan. Şeýdip döwletiň ýüze çykmagyna zerurlyk we mümkinçilik dörän. Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolandan soň, öz milli tebigy baýlyklaryna özi eýe boldy.

Türkmenistan ýer asty we ýer üsti baýlyklara baý ýurtdur, şol sanda Türkmenistanda Balkanda-Tügel I (Gyzyl Gaýa) diýen ýerde, Köýtende demir magdany bar. Türkmenistanda demir arassa görnüşde az duş gelýär. Çelekende we Nebitdagda “A” kysymly bromly demir alynýar. Şu günki gün hem demir Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde we kuwwatlandyrmakda esasy orun eýeleýär.

“Geçmiş-geljegiň yşaraty, su gün-geçmişiň netijesi, geljek bolsa şu gün bilen geçmişiň nikasydyr. Onsoň geljegiň hili-de, onuň nähili boljaklygy, nähili bolmajaklygy içki taýdan biziň geçmjişi aňlap bilşimiziň hiline baglydyr”. (Mukaddes Ruhnama sah.65)