Soltan Sanjaryň aramgähi
Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Mary welaýatynyň Baýramaly etraby.
Ýadygärligiň döwri: XII asyr
“Marydaky Soltan Sanjar kümmedi türkmen binaçylarynyň şöhrat-şanydyr. Ol şeýle bir berk gurlupdyr, hatda ony Çingiz hanyň leşgerleri hem syndyryp bilmändir.
Arap https://tk.wiktionary.org/wiki/jahanke%C5%9Fde[permanent dead link] si Ýakut ibn Hamawi bu kümmediň gümmeziniň bir günlik ýoldan görünýändigini ýazypdyr. Orta asyr ulamasy Reşideddin oňa: “Dünýäde iň uly bina” diýipdir.
Bu binanyň mygmary sarahsly meşhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuňlukda tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly bişen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyň özboluşly binagärlik keşbi, diwarlara salnan nagyşlar türkmen ussalarynyň öçmejek şöhratydyr.”
Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
Orta asyr Gündogarynyň iň beýik ýadygärlikleriniň biri, Orta Aziýada görnükli syýasy işgär we harby serdar, Seljuklylar döwletiniň iň soňky şasy Soltan Sanjaryň aramgähidir.
Soltan Sanjaryň aramgähi barada sungat öwreniji G.A.Pugaçenkowa: “Eger bütin Merw we onuň şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, hat-da şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy-da yz galdyrman ýiten hem bolsa, diňe şu aramgäh galsa, şäheriň ägirtligini duýmaklyga öz-özünden mümkinçilik döreder” diýip, ýazypdyr.
Maryda ýerleşen bu aramgäh hakykatdan hem Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebine degişli taýsyz, ajaýyp nusgadyr. Binanyň özi Soltan Sanjaryň “Ahyrýetde ýaşajak jaýy” diýlip atlandyrylypdyr. Reşidetdin (XIV asyr) ony “dünýäde iň uly gurlan ymarat” diýip häsiýetlendiripdir. XV asyrdaky başga bir taryhçy: “Bu älemde iň bir beýik gurluşygyň biri bolup, şeýle derejede berk, zaýalama onuň golaýyna-da gelip bilmeýär” diýip ýazypdyr.
Diňe bir Merwiň däl, eýsem bütin Türkmenistanyň halk arhitekturasynyň ajaýyp ýadygärligi – Soltan Sanjaryň aramgähi Soltangalanyň merkezinde ýerleşýär. Aramgäh Mälik şanyň ogly Sanjaryň buýrugy bilen XII asyryň 40-njy ýyllarynda gurlupdyr we şol döwrüň taryhçylarynyň maglumatlaryna görä, ol “o dünýä öýi” diýlip atlandyrylypdyr.
Soltan Sanjar ölenden soň, ol özüniň gurduran şol aramgähinde jaýlanypdyr, emma, häzir ol ýerde onuň jesedi ýok, sebäbi XIII asyrda mongollar baýlyk gözläp, onuň guburyny talapdyrlar. Häzirki bar bolan gubur ýaňy-ýakynky zatdyr. Ol 1911-nji ýylda rus harby gullugynyň serkerdesi bolan bir türkmen tarapyndan gurdurylypdyr.
Aramgäh uly toplumyň bir bölegidir, oňa guburyň ýerleşýän ymaratyndan başga-da, köşk otaglary, gümmezli metjidiň binasy girýär. Emma wagtyň geçmegi bilen diňe aramgäh saklanyp galypdyr, onuň gurluşy örän ýönekeýdir we täsindir.
Häzir onuň aşak bölegi dörtburç şekillidir, üstünde hem ýarym şar görnüşli gümmezi bar, ol bolsa gök reňkli syrça bilen örtülipdir. Aramgähiň umumy beýikligi38 metreýetipdir we gümmeziň gök çyrçasy örän alyslardan görnüpdir.
Ýakutyň (XIII asyr) bellemegine görä, onuň mawy gümmezi ýoluň aňrybaşyndan görünýär (30 kilometregolaý). Binada ony guran Sarahsly beýik arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň ady saklanyp galypdyr. Ol barada taryhy çeşmelerde hiç zat habar berilmeýän hem bolsa, onuň döreden zady öz-özünden görnüp dur. Onuň iki gatly gümmeziniň gurluşygy aramgäh gurlandan üç ýüz ýyl geçenden soň, galkynyş döwrüniň ussasy Filippo Bruneleski tarapyndan Florensiýada Santa Marii del Fore aramgähinde gaýtalanypdyr.
Gümmez galdyrylanda ulanylýan, aýlanyp durýan gural üçin beýik agaç peýdalanylypdyr. Aramgähiň içi hem ýönekeý we täsindir. Ol inedördül meýilnamada bolup, oklarynda çuň tagçalar ýerleşdirilipdir we olar ýylmanak diwarlar bilen utgaşypdyr. Tagçalaryň ýokarsy sekizgyraňly bolup, olar äpet gümmezi göterýär. Diwarlaryň ýüzüne ak suwag edilipdir, onuň bolsa, aýry-aýry ýerlerine gök hem-de gyzyl reňk bilen hat ýazylypdyr, belki altyn ýazgylar hem bolandyr.
Aramgähiň golaýynda iki tümmek daş ýygnanypdyr. Zyýarata gelýänleriň her birisi, Sanjaryň duşmanyndan onuň aryny alýan ýaly, tümmekleriň üstüne daş atýarlar.
1928-nji ýylda A.Semenow “Zakaspi harabaçylygy boýunça” atly kitapçasynda aramgähdäki mazaryň üstündäki arap dilinde ýazylan ýazgyny okapdyr. Onda: “Şu ýerde, ahlak, ruh taýdan iň ýokary adam hasaplanýan, Seljuk türkleriniň neberelerinden bolan Soltan Sanjar atlandyrylýan adamyň jesedi ýatyr. Ol öz döwründe, Beýik Aleksandr (Isgender Zulkarnaýn) ýaly adalatly, alymlaryň we şahyrlaryň hossary bolupdyr. Yslam dünýäsine ol, ylym we sungat arkaly gülläp ösen ýagdaýda giripdir” diýlip, ýazylypdyr.