Salamlaşmagyň Medeniýeti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde gadymy hem müdimi däp-dessurlarymyza  giň ýol açyldy. Hiç wagt öz gymmatyny gaçyrmajak, durmuş ýörelgesinden aýrylmajak däpleriň biri hem salamlaşmakdyr. Bu däp gadymy döwürde nähili bolduka? Salamlaşmagyň edebi nähilikä?
Gadymy döwürlerde adamlar bir-birleri bilen hereketleriň, yşaratlaryň üsti bilen salamlaşypdyrlar. Gadymyýetde kiçi ýaşly çagalar uly ýaşlylara salam berenlerinde, hormat bilen baş egipdirler. Hindilerde bolsa salamlaşylanda, ellerini iki aýasyna bir-biriniň üstünde goýup, soňra hem maňlaýynyň deňine ýetiripdirler. Döwlet dilimiz bolan türkmen dilinde ulanylýan “Salam” sözi birek-birege bolan hormatyň, sarpanyň nyşanydyr. Sözüň gelip çykyşy arap dilindäki “Selime” sözi bilen baglanşyklydyr. Erkek kişiler “Essalawmaleýkim” diýip ýüzlenende aýal maşgalalar “Salamalik” diýseler dogry hasaplanýar. “Essalawmaleýkim” arap sözi bolup, “Size saglyk, parahatlyk isleýän” diýmegi aňladýar. Her bir edepli-ekramly ynsan salam bermegiň we almagyň kadalaryny dogry dürs berjaý etmäge çalyşmalydyr, şeýle-de onuň mukaddes borçdugyna düşünmelidir. Bu kadalary bozýan adamlary ýazyjy-şahyrlarymyz öz goşgy bentlerinde ýazgarýalar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň:
Näçe salam bersem, şonça-da gezek
“Salam” diýip, jogap gaýtardy daşlar.
Görýan weli bizin käbirlerimizden
Şol daşlaram asyllyrak, yoldaşlar!
-diýen setirler bellenenleriň aýdan mysalydyr.Milli däplerimize laýyklykda, kiçi ýaşly adam özünden ula ilki salam bermelidir we uly ýaşly adama elini ilki uzatmalydyr. Türkmen halkynda salamlaşmak däbi bilen baglanşykly “Salamlylyk duşmanyny dost eýlär”, “Ýedi ädimden bir salam”, “Ilki -salam, soň - kelam” ýaly parasatly jümleler bar.
Umuman, aýdanyňda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda milli däp-dessurlara, milli mirasa uly sarpa goýulýandygy hemmeleri buýsandyrýar.

 
 Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň talyby: Bägül Amanowa