Mazmuna geçiň

Rotawiruslar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Içgeçme adatça aşgazan—içege ulgamynyň bedene infisirlenen iýmit arkaly aralaşýan zäherli maddalaryň, kesel dörediji mikroorganizimleriň we dürli derman serişdeleriniň täsirine jogap reaksiýasydyr. Içgeçme özbaşdak kesel däldir. Içiň geçmegine ýiti ýokanç keseller, meselem, dizenteriýa (ganly içgeçme), toksiki iýmit ýokançlary, garyn garahassalygy, içegäniň dowamly gaýnaglama hadysalary (enterokolit, kolit, mahsus däl başly kolid we ş.m. näsazlyklar) itergi berip bilýär. Käbir azyk önümlerini, meselem, süýdi, ýumurtgany, ir—iýmişdir miweleri, gök ünümleri kabul edip bilmezlik içiň geçmeginiň ýygy duşýan sebäpleriniň biri bolup durýar. Gorky, howsalaçylyk duýgulary, agyry dörände newrogen içgeçmäniň ýüze çykmagy mümkin. Boýaglar eredijiler, pestisidler, dermanlar we beýleki himiki serişdeler bilen zäherlenende hem içgeçme alamaty peýda bolup bilýär. Içgeçmäniň şeýle hem, bakteriýalar we wiruslar sebäpli döreýän görnüşleri bardyr. Ýiti içege keselleriniň döremeginde wiruslaryň tutýan orny baradaky maglumatlar geçen asyryň başyndan bäri öwrenilip gelinýär. Häzirki wagtda lukmançylykda wirusly içgeçme keselleri “rotawiruslar” diýen adalga bilen bellidir. Olar başgaça “rotawirusly gastroenterit” diýlip atlandyrylýar. Ýokary ýokançlygy bilen tapawutlanýan rotawiruslar köplenç agyz arkaly, ýuwulmadyk önümleriň, hapa elleriň üsti bilen geçýär. Arassaçylyk düzgünleri doly we dogry berjaý edilmeýän şertlerde öndürilen süýt önümleri bu babatda has howplydyr. Rotawiruslaryň gripiň wirusy ýaly, howa—damja ýoly bilen ýokuşyp, dem alyş ýollarynyň gaýnamagyna itergi bermegi—de mümkindir. Olar sowadyjyda hem uzak wagtlap ýaşap bilýärker Hatda hlorly suw hem olara täsir edip bilmeýär. Rotawiruslar aşgazan—içege agzalaryna aralaşanda esasan inçe içege zeperlenýär. Netijede içegäniň nemli bardasynyň gaýnamagy bilen häsiýetlendirilýän enterit keseli döreýär. Soňra wirusly içegä mahsus alamat ýüze çykýar: iýmitiň siňmegi bozulyp, bedeniň suwsuzlanmagyna getirip bilýär. Wirusy göterji bolup duran adam, wirusly içgeçmä duçar bolan, ylaýta—da onuň ýiti döwrini geçirýän syrkaw sagdyn adamlara öz keselini ýokaşdyrmak howpuny salýar. Täret bilen wirusyň bölünip çykmagy keseliň ilkinji kliniki alamatlary ýüze çykandan başlap, 3-5 günüň dowamynda ýokary derejä ýetýär Soňra täretde wirusyň mukdary birdenkä azalýar. Käbir syrkawlarda keseliň 7-10 –njy günlerine wirusyň bölünip çykmagy doly bes edilýär. Käte bolsa bu hadysa 2-3 hepde hatda şondan hem uzak wagtlap dowam edýär. Rotawirusly syrkawlaryň gatnaşykda bolan sagdyn adamlaryň täretinde hem wirusyň bölünip çykmagy bolup biler. Wirusly içgeçme uly adamlarda—da, çagalarda—da ýüze çykyp bilýär. Ýöne ol köplenç kiçi ýaşly, esasan 9 aýlyk—2 ýaş aralygyndaky çagalarda duş gelýär. Kesel çagalarda ululardaka seredeniňde has hep agyr geçýär. Onuň gizlin döwri 1 günden 5 güne çenli dowam edip bilýär. Wirusly içgeçme keseli dümewde duş gelýän zäherlenme alamatlary: ysgynsyzlyk, gaýtarma, garnyň agyrmagy, täretiň bozulmagy, gyzdyrma bilen başlanýar. Bedeniň tempraturasy 37,5-38 bolup, Käte bolsa 39 gradusa çenli ýokarlanýar. Näsagyň işdäsi peselýär, ýüregi bulanýar. Gusgysy ilki iýmit galyndysy, soňra suwuk we nem gatyşykly bolýar. Uly ýaşly çagalar göbek töwereginiň agyrysyna arz edýärler. Agyry tutgaý görnüşli bolýar. Näsag her gün 5-10 gezege çenli täret edýär. Täreti suwuk sary reňkli, ýiti ysly bolýar. Kesel adatça 7-10 günläp dowam edýär. Agyr ýagdaýlarda has uzaga çekýär. Rotawiruslara garşy ýörite derman serişdeleri ýokdur. Bejeriş esasan syrkawyň köp gusmagy, içiniň geçmegi zerarly bozulan suw—duz balansyny dikeltmäge, suwsuzlanmagyň (degidratasiýa), zäherlenmäniň öňüni almaga gönükdirilýär. Şeýle maksat bilen regidron we toksinleriň endamdan çykarylmagyna itergi berýän dermanlar ulanylýar. Regidronyň 1 gabyny 1 litr arassa suwda eretmeli we syrkaw çaga lukmanyň maslahat beren mukdarynda içirmeli. Munuň özi gusuk we täret arkaly ýitirlen duzlaryň öwezini dolmaga, meselem, agyryny köşeşdirmäge, gyzgyny peseltmäge ýardam edýän dermanlar diňe lukmanyň maslahaty bilen ulanylýar. Aşgazan—içege bozulmalary ýüze çykarylan çaga süýt bermeli däldir. Bu önim bakterýalaryň, wiruslaryň köpelmegine itergi berýär. Oňa az mukdarda öýde taýýarlanan kiseli içirmek mümkindir. Eger çaga bütinleý işdäsiz bolup, iýmekden boýun gaçyrýan bolsa, onda oňa ýag goşulman suwda bişirlen suwugrak şüläni iýdirmeli. Esasy zat: çaga iýmiti az—azdan bermeli. Munuň özi çagada häli—şindi gusmaga meýiliň döremeginiň öňüni almana ýardam edýär. Wirusly içgeçme keseli uly ýaşly adamlarda—da aşgazan—içege ýollaryny zeperlendirýän wirusly gastroenterit görnüşinde geçýär hem—de bedeniň suwsuzlanmagyny we umumy zäherlenmesi bilen häsiýetlendirilýär. Syrkawyň endamy gowşaýar, bedeniniň tempraturasy 37,7 gradusa çenli ýokarlanýar. Damagy gyzarýar, dili ak örtik bilen örtülýär, garny agyrýar, ýüregi bulanýar, işdäsi peselýär. Näsag günde 3—9 gezege çenli suwuk täret edýär. Ýürek tony peselýär. Başda—da bellenilişi ýaly, kesel ulularda ýeňil geçýär. Onuň alamatlarynyň açyk—aýdyň bildirmezligi mümkin. Käte bolsa kesele mahsus alamatlaryň käbiri (meselem, ýürek bulanma gusma) ýüze çykmaýar. Iselendik ýagdaýda—da öz wagtynda anyklanyp, degişli bejeriş geçirilmedik halatlarynda syrkawda gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Meselem, çagada wiruslaryň üstüne bakteriýaly ýokançlaryň hem goşulyp, syrkawyň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkin. Bedeniň temraturasynyň 39 gradus dan ýokarlanmagy yzygiderli dowam edende, ýürek damar ulgamyna agram düşýär, titrewükli tutgaý tutup bilýär. Uly adamlarda—da bejeriş esasan regidronyň esasynda taýýarlanan duzly erginleri ulanmakdan, çaý, suw içmekden, berhiz tutmakdan ybaratdyr. Hususan—da, süýt önümleri, uglewodlara baý miweleri, gök önümleri, şekeri we beýleki süýji tagamlary çäklendirmek maslahat berilýär. Wirusly içgeçme keseli agyr ya—da ýeňil geçýändigine seretmezden, islendik näsag daş—töweregindäki sagdyn adamlara öz keselini ýokyşdyryp biýär. Munuň öňini almak üçin degişli düzgünleri gyşarnylsyz berjaý etmek möhümdir: 1. Näsaglary öz wagtynda ýüze çykarmaly we sagdyn adamlardan, ylaýta—da çagalardan çetleşdirmeli. 2. Her bir öýde, jemgiýetçilik ýerlerinde, aýratyn hem çagalar edaralarynda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. 3. Çagalaryň daşardan gelenden soň, nahardan öň we soň, hajathanadan çykandan soň ellerini sabynlap ýuwmagyna, ýuwulmadyk gök önümleri we miweleri iýmezligine, diňe gaýnadylyp sowadylan suwy içmegine gözegçilik etmeli. Agzalan düzgünleri uly ýaşly adamlaryň hem berjaý etmigi hökmandyr. 4. Näsagyň ýanyna baran wagtyňda agyz—burnuňy 3—5 gat hasadan ýasalan örtük bilen örtmeli. Onyň ýanyna çagalaryň barmagyna ýol bermeli däl. 5. Täze doglan çagalary 1 ýaşaýança ene süýdi bilen iýmitlendirmeli.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar hünäriniň 2-nji ýyl talyby Atabaýew Nurmyrat.