Mazmuna geçiň

Rabitabank

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Rabitabank
IndustriýaBank sektory
Döredilen ýyly30 iýun 1993

Rabitabank — Azerbaýjanda işleýän bank bolup, 1993-nji 30-njy iýunynda döredilen açyk paýdar jemgyýetidir.[1]

Rabitabank Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Bankynyň 136 belgili ygtyýarnamasy esasynda 1993-nji ýylda işine başlapdyr. Bank söwda, önümçilik, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk ýaly ugurlarda işleýän kärhanalara hem-de hususy şahslara ähli görnüşli maliýe hyzmatlaryny berýär. Rabitabank 27 şahamça, 75 bankomat we 1 bölümden ybarat hyzmat ulgamyna eýedir. Bankyň hyzmatlary Sumgait, Quba, Qusar, Xaçmaz, Länkäran, Gänjä, Şämkir, Şirwan, Şäki, Nakhçivan, Şamaxi, Kürdämir, Ağsu, Masallı we Ağjabädi ýaly şäherleri öz içine alýar.[2]

1994-nji ýylda Bank Azerbaýjan Banklar Assosiasiýasyna we Bakı walýuta biržasyna kabul edilipdir. Şol ýyl Ýasamal şahamçasy ilkinji bolup açylypdyr. Rabitabank SWIFT, Europa International, Visa International töleg ulgamyna agzalyk edýär. Şeýle hem Western Union, Zolotaya Korona we Contact ýaly pul geçirim ulgamlarynyň esasy hyzmatdaşydyr.[3]

2019-njy ýylda bank täze logony we korporatiw stili girizip, rebrendiň geçiripdir.[4]

Bank hyzmatlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Debet, kredit we premium kartlaryny birleşdirýän “Kartmane” arkaly Azerbaýjanyň we dünýäniň islendik ýerinde çalt tölegleri amala aşyrmak bolýar. Kartmane arkaly kartdan karta geçirimler we ATM-dan nagt pul alyş pulsuzdyr.

Rabita Mobile

[düzet | çeşmäni düzet]

“Rabita Mobile” programmasy arkaly 700-den gowrak tölegi telefon arkaly ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem karta-karta geçirim, hasap paýlaşmak, dostlara pul ibermek, ÄDV yzyna almak, awto-parking tölegleri ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Azerbaýjanda “Messenger” we “Telegram” arkaly maliýe amallaryny ýerine ýetirýän ilkinji çat-bot. Ulanyjy telegram arkaly çalt tölegleri amala aşyryp, kommunal tölegleri hem geçirip biler.

Ulgam we şahamçalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Rabitabankyň 27 şahamçasy, 75 ATM-i we 1 bölümi bar. Bank 400 müňden gowrak müşderä hyzmat edýär we döwlet tarapyndan guralýan birnäçe sosial taslamalara gatnaşýar.

Dolandyryş

[düzet | çeşmäni düzet]

Gözegçilik geňeşi

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Zakir Nuriýew — Gözegçilik geňeşiniň başlygy.[5]
  • Rauf Äliyev — geňeş agzasy.[6]
  • Rehman Äliyev — geňeş agzasy.

Dolandyryjylar geňeşi

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Aýdyn Hüseýnow — başlyk.[7]
  • Orhan Gültekin — birinji orunbasar.
  • Samir Rzäýew — baş direktor.
  • Ramil Nesibow — baş tehnolog.
  • Natik Nowruzow — baş risk dolandyryjysy.
  • “Azeri Business Award” baýragynda Kartmane “Ýylyň bank önümi” saýlanypdyr.
  • “Visa Global Challenge” halkara bäsleşiginde Rabitabank 17 toparyň arasynda 1-nji orny eýeläpdir.
  • Kiýew Halkara Reklama Festiwalynda “Nagt däl tölegleriňizi ediň” kampaniýasy bilen iki altyn baýrak aldy.
  • Aziýa Ösüş Bankynyň “Trade and Supply Chain Awards 2024” baýraklarynda “Azerbaýjanyň öňdebaryjy hyzmatdaş banky” hökmünde tanaldy.
  1. "Republic of Azerbaijan consists of the Central Bank". Archived from the original on 2023-08-10. Retrieved 2023-08-09.
  2. Open Joint-stock company Rabitabank
  3. "Bank hakda". Archived from the original on 2023-08-11. Retrieved 2023-08-09.
  4. "Rabitabank 90 az üpjünli maşgala kömek etdi". Archived from the original on 2023-08-10. Retrieved 2023-08-09.
  5. "Zakir Nuriyev". Archived from the original on 2023-03-11. Retrieved 2023-03-11.
  6. "Rauf Əliyev- Müşahidə Şurasının üzvü". Retrieved 2023-08-09.
  7. "İdarə Heyətinin sədri". Retrieved 2023-08-09.

Daşky baglanyşyklar

[düzet | çeşmäni düzet]