Poran Berdyýew
Poran Berdiýewiç Berdiýew — türkmen döwlet işgäri. General-polkownik. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy.
Biografiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]1998-nji ýylyň 17-nji sentýabryna çenli ol Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň birinji orunbasary boldy.
1998-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 2002-nji ýylyň 14-nji martyna çenli ol Türkmenistanyň Içeri işler ministri boldy.
1998-nji ýylyň 17-nji sentýabry – 2002-nji ýylyň 16-njy sentýabry – Türkmenistanyň Prezidenti, goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň rektory.
2002-nji ýylyň 14-nji marty – 2002-nji ýylyň 10-njy sentýabry – Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy. 2002-nji ýylyň aprelinde ol Muhammet Nazarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri toparyna garşy baş prokuror hökmünde çykyş etdi.
2002-nji ýylyň 10-njy sentýabry – 2002-nji ýylyň 15-nji noýabry – Balkan welaýatynyň häkimi. 2002-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ol Balkan welaýatynda pagta ýygym kampaniýasyna päsgel bermekde aýyplanyp, işdäki düýpli kemçilikleri we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmändigi üçin wezipesinden boşadyldy.
2002-nji ýylyň 10-njy sentýabry – 2002-nji ýylyň 15-nji noýabry – Balkan welaýatynyň häkimi. 2002-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ol Balkan welaýatynda pagta ýygymyna päsgel bermekde aýyplanyp, işdäki düýpli kemçilikleri we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmänligi üçin wezipesinden boşadyldy[1][2].
Işden çykarylandan soň derrew, ol Saparmurat Nyýazowyň göni görkezmesi bilen öý tussaglygyna alyndy. Berdiýewiň indiki ykbaly baradaky maglumatlar dürli-dürli. “Deutsche Welle” radiosynyň habarçysy Oraz Saryýewiň we “Vremýa Nowosteý” gazetiniň habarçysy Aleksandr Dubnowyň beýanatlaryna görä, Poran Berdiýew 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda öý tussaglygynda bolan Aşgabatdaky öýünde öldürilipdir. “Lenta.ru” internet gazetiniň we “Planeta” žurnalynyň habarçysy Ýelena Lýubarskaýanyň beýanatlaryna görä, Poran Berdiýew 2004-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen ýapyk sud prosesinde 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Şeýle hem Berdiýewiň 2017-nji ýylda tussaglykda ölendigi barada maglumatlar bar[3].
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Поран Бердыев погиб насильственной смертью". «Немецкая Волна». 2002-11-29. Retrieved 2017-09-01.
- ↑ Любарская Елена (2005-04-07). "1/6 часть суши: Многая лета великому Туркменбаши". Лента. Ру. ООО «Лента. Ру». Retrieved 2017-09-03.
{{cite web}}: Unknown parameter|subtitle=ignored (help)CS1 maint: multiple names: authors list (link) - ↑ "Власти Туркменистана выдали тела двух высокопоставленных чиновников умерших в заключении". Archived from the original on 2018-06-25. Retrieved 2018-06-25.