Piramidalara baý ýurt

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Dünýäde iň köp piramida Sudanyň çäklerinde ýerleşýär” diýip, “Science Alert” portaly ýazýar. Sudanyň gadymy Mereo şäherinde işleýän arheologlar şeýle netijä geldiler. Diňe onuň daş-töwerginde 200 piramida bar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, tutuşlygyna alanyňda, Sudanyň çäklerinde azyndan 255 sany şeýle desga bar.

Müsüre garanyňda, bu iki esse köpdür. Köpler bu ýurdy gadymy desgalarynyň sanyna görä, rekordçy hasaplaýar. Ýöne Müsürde jemi !38 piramida resmi hasaba alnypdyr. Olary Afrikanyň dürli halklary gurupdyrlar. Häzirki zaman Sudanyň çäklerinde şeýle dessurlar has giçki asyrlarda ýüze çykypdyr.

Emma ýerli gurluşykçylar demirgazyk goňşularyndan öňe geçmegi başarypdyrlar. Munda gadymy Kuş medeniýetiniň gurluşykçylary has erjellik görkezipdirler. Olar öz tehnologiýasyny ulanypdyrlar. Ýöne kuşitler tarapyndan gurlan piramidalar müsürlileriňkiden pes bolupdyr. Olaryň ortaça belentligi 30 metre ýetipdir. Şol döwürde müsür piramidalarynyň ortaça belentligi 138 metre barabar bolupdyr.

Mundan başga-da, kuşit aramgähleri müsür desgalaryndan kiçi. Ýöne Sudan piramidalarynyň sany Müsürdäkiden köp. Mundan ozal, alymlar Müsürden biziň eýýamymyzdan öň, 5316-njy ýylda gurlan şäheri ýüze çykarypdyrlar.

Şirin Rahmanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby