Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Göni ganatlylar otrýady Hakyky uzynmurt çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanyň endemigi. Gysgaça beýany. Orta ululykdaky çekirtge. Esasy reňki sarymtyl — çal ýa-da gülgünä golaý açyk sary. Ganat üstleri gysga, 2,4– 2,7 mm uzynlykda. Erkekleriniň bedeniniň uzynlygy 16–18 mm barabar. Ýaýraýşy. Merkezi we Günorta-Gündogar Garagum. Ýaşaýan ýerleri. Sözen, çerkez, sazak we gandym bilen berkleşen ulgam hem depe çägeleri. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Seýrek duş gelýär. 2009‑njy ýylyň iýulynda Merkezi Garagumda (Ýerbendiň töwereklerinde) bir sagat meýdan barlaglarynyň dowamynda sazaklarda 1 çekirtge hasaba alyndy. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaşaýan ýerlerinde köp mal bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Agaçdyr gyrymsy agaçlaryň düýpleriniň arasynda ýaşaýan görnüş. Liçinkalary apreliň aýagynda peýda bolýar, iýunda ganatlanýar. Ýylyň dowamynda bir gezek nesil berýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin geçirilen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Repetek döwlet biosfera goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerlerini aýap saklamaly. Barlaglar boýunça teklipler. Repetek döwlet biosfera goraghanasynda görnüşiň populýasiýasynyň ýagdaýyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa