Parzdepe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Öçür!

International tidyman.svg Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini diskussiýa sahypasynda aýdyň.
Sebäp Inappropriate article in terms of order and encyclopaedia

Parzdepe - Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň 7-8 kilometr günorta - günbatarynda ýerleşýän, b.e. öňki IV-III müňýyllyklara degişli bolan taryhy ýadygärlikdir. Onuň tutýan meýdany 3,2 gektara golaýdyr. Bu ýadygärligiň taryhy bilen ilkinji gyzyklanan we öwrenen alymlaryň biri A.A.Maruşenko hasaplanylýar. Ol 1930-njy ýylda bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Alymyň pikirine görä, bu ýadygärlik taryhyň irki döwürlerine, ýagny b.e. öňki IV asyrlar (irki eneolit zamanasy) degişli edilýär. Taryhçy alym Parzdepede maldarçylyk medeniýetiniň ösendigini we mallaryň dürli görnüşlerine ideg edilendigini öz işlerinde belleýär. Şu ýerde, başga taryhy çeşmelere salgylanmak arkaly, bu taryhy ýerde ilki bilen goýnuň, soňra iki örküçli düýäniň, bedew atyň we geçiniň eldekileşdirilendigini aýdyp bileris.

A.A.Maruşenko Parzdepede geçiren gazuw agtaryş işleriniň netijesinde, eneolit döwründe oturymly maldarçylygyň ýatakda saklanýan görnüşinden mallary öri meýdanlarda bakmaga geçilendigini kesgitleýär. Ilki maldarçylyk pasyllaýyn bolup, soňra mallar tutuş ýylyň dowamynda Akdepe, Parzdepe we Göweç depe dag öri meýdanlarynda bakylypdyr.

Parzdepäniň töwereginde ýüze çykarylan kärizler ösen ekerançylyk medeniýetinden hem habar berýär. Parzdepäniň gurak howaly, suwsuz ýerlerinde şäher ilaty topragy suwarmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanypdyrlar. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlaryny suwarmak üçin kanallar, kärizler gazylypdyr.Türkmenlerde esasan, suwarymly ekerançylyk bolupdyr. Ussalar tarapyndan bina edilen bu ajaýyp desgalaryň kömegi bilen ekin ýerleri suwarylyp, bol hasyl alnypdyr. Gadymy döwürlerden XIX asyra çenli Merkezi Aziýanyň daglyk ýerleri gurmagy çylşyrymly bolan we hünär ussatlygyny talap edýän käriz bilen suwarylypdyr. Kärizler ilkinji gezek ahemeniler döwründe (b.e.öň VI-IV asyrlar) ýüze çykýar. Belli syýahatçy G.Y.Grumm-Gržimaýlo kärizler "üýtgeşik gidrotehniki desgalaryň biri bolup, hatda häzirki zaman ýewropalylaryň buýsanjy hem bolup bilerdi..." diýip belleýär. Beýleki alym, dag inženeri L.I.Simbalertko daglyk ýerlerde ýerleri suwarmak barada birnäçe iş ýazyp, "Kärizler - bu Aziýanyň ajaýyp gidrotehniki desgasy bolup, açyk ýer üstünde suw baýlyklary bolmadyk ýurtlar obalary, şäherleri, oazisleri, sebitleri gülläp ösdiripdirler" diýip belleýär.

Görşümiz ýaly, Parzdepäniň ugurtapyjy, sowatly adamlary türkmen halkynyň örän baý medeni-taryhy ýadygärliklerine eýe bolmagyna sebäp bolan, dünýä ýaň salan beýik işleri bitiripdirler: şäheri döredip, binalary galdyrypdyrlar.

Bu ýadygärlikde A.A.Maruşenko (1930 ý.) W.A.Litwinskiý (1947 ý.), S.A.Ýerşow (1950 ý.), W.N.Pilipko (1968 ý.), N.S.Bäşimowa (1982 ý.) barlag işlerini geçiripdirler. Şeýle hem 1983-nji ýylda alym W.N.Pilipko Parzdepede stratigrafiýa barlaglaryny geçiripdir we ýaşyl reňkde küýze böleklerini tapypdyr.

Alymlar tarapyndan ýüze çykarylan küýze bölekleri Parzdepede ýüzýyllyklaryň dowamynda ýaşaýşyň üzülmän dowam edendigini tassyklady. Ýeriň astyndan galdyrylan küýze tapyndylarynyň arasynda: gara tegmilli, gyzyl gatlanan we taýýarlanan palçygynda çakmak daşynyň owuntygy ýüze çykaryldy. Şeyle hem Parzdepäniň küýzeleri gara ýiti gapyrgaly, tolkun we göni nagyşlar bilen bezelipdir. Parzdepeden tapylan käbir küýze bölekleri XVI-XVII asyrlara degişli bolup, rowaçly ýaşaýşyň bolandygyndan habar berýär.

Orta asyr taryhy çeşmelerini seljermek bilen, şu ýeriň belli alymlaryň we şahyrlaryň Watanydygy hem bellenilýär. Mysal üçin, Horezmşalar döwletiniň iň soňky hökümdary Jelaletdin Meňburnyň mürzesi we ýakyn kömekçisi, taryhçy An-Nesewä salgylanyp bolar. Orta asyrlarda Parzdepe Nusaýyň esasy obalarynyň biri bolup, ol ýerde ekerançylygyň hünärmentçiligiň we senetçiligiň ösendigini taryhy maglumatlar tassyklaýarlar. Şeýle hem mongollara garşy bolan söweşde Jelaletdin Meňburny Nusaýyň töwereklerinde uly garşylyk görkezip, olaryň (mongollaryň) "ýeňilmezek" adyny puja çykarandyr.

Nurmuhammet Geldimyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby