Owganystanyň syýasy garaşsyzlyk gazanmagy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Owganystanyň syýasy garaşsyzlyk gazanmagy.

Owgan halky özüniň milli däpleri boýunça özbaşdaklygy halaýan halk. XIX asyrda dünýäniň iň güýçli döwleti bolan Beýik Britaniýa iki gezekki Owganystana garşy alyp baran uruşlarynda-da (1838 -1842 ýý; 1878-1880 ýý.) ony doly ýeňip bilmändi. Her näme-de bolsa, ikinyi iňlis-owgan urşunda Beýik Britaniýa Owganystanyň, daşary syýasatynyň üstünden öz gözegçiligini gurap bildi. Owganystan Beýik Britaniýanyň ýarym baknasyna öwrüldi. Bu ýagdaý 40 ýyl çemesi dowam etdi.

1919-njy ýylyň başynda Owganystanyň täze emiri Amanulla han turuwbaşdan garaşsyzlygy gazanmaga çalyşdy. 1919-njy ýylyň 28-nji fewralynda Amanulla han Owganystanyň garaşsyzlygyny jar etdi.

Owganystanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeg-ä beýle-de dursun, Beýik Britaniýa bu mesele boýunça owgan wekilleri bilen gepleşmek hem islemedi. Diňe Russiýadan başga dünýäniň hiç bir döwleti täze garaşsyz döwleti ykrar etmedi.

Beýik Britaniýa Owganystanyň garaşsyzlygyny ýok etmek üçin urşa taýýarlyk gördi. Owganystanyň 40 müň adamly goşunyna garşy 140 müňli goşun bilen, harby uçarlary-da ulanyp, Beýik Britaniýa 1919-njy ýylyň 3-nji maýynda üçünji iňlis-owgan urşuna başlady.

Urşuň gidişinde Owganystanyň geljekki emiri, şol wagt goşun generaly Muhammet Nedir hanyň ýolbaşçylygyndaky esgerler aýratyn tapawutlandylar. Garaşsyzlygy janyndan ileri gören owgan halkyny ýeňmek iňlislere başartmady. Uruş başlanandan göni bir aý geçen güni-1919-njy ýylyň 3-nji iýunynda uruş hereketleri ýatyryldy.

1919-njy ýylyň awgustynda Beýik Britaniýa Owganystanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1921-nji ýylda gutarnykly iňlis-owgan ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy. Owganystan Amanulla hanyň tutanýerliligi, halkyň erkinligi jany-teni bilen söýüp, gahrymanlarça göreşendigi netijesinde döwletiň syýasy garaşsyzlygyny dikeltdi.