Orazgylyç Çarynyn Goşgulary
ZEMİNİN DÜYŞİ
Gün ýaşyp,towuklar uklansoň üýşüp,
Başlanýar Zeminiň gadymy düýşi:
Asmanda ýylpyldap müňlerçe ýyldyz,
Diýýärler: “Älemde dälsiň sen ýalňyz”.
Huşunda bir gezek bakmadyk Aýam,
Ýüzüni öwürýär Zemine taýa.
Şeýle bir hezillik...
Bir ýaman ýeri,
Ir bilen Gün gelip oýarýar Ýeri.
DEŇIZ GOMLARY
Indi näçe gündür, deňiz güwleýär,
Göýä, ümsümlikden alýar ol aryn.
Garşysyna hiç zat edip bilmeýän
Keýp edýär gorkuzyp baky kenaryn.
Gomlar näme?—deňizleriň terligi,
Olaň joşsuzly gaýanyp köýmegi.
Gomlar näme?—bir gazaply ýelli gün,
Mawy deňziň galgap giden köýnegi.
GAPLAŇ
Dagyň eteginde ýaraty gaplaň
Düýrülip, ýazylyp tapanok karar.
Ejizlemek nire, gaplaňlyk nire,
Ol hötde gelmezmi bujagaz ýara?
Ýat bolar gaplaňa algyr çakganlyk,
Ondan bolsa aýrylasy gelenok.
Şeýle awçylar bar—tyg çekse çekýär,
Ýöne ýürekden jaý urup bilenok.
Gaplaň süýräp agyryly syrasyn,
Ýuwaşjadan daga çykyp barýardy.
Garaýşy-da derdi ýaly agyrdy,
Bu giň dünýä gaşynçytyp barýardy.
Birden hem özüni zyňdy uçutdan,
Dag-daşlar güwleýär—durup bilenok.
Ýowuz awçylar bar—tyg çekse çekýär,
Ýöne ýürekden jaý urup bilenok.