Oktawian Awgust
Oktawian Awgust (b.e. öň 63 - b.e. 14) - Rim imperatory (b.e. öň 27-b.e. 14), diktator Ý. Sezaryň ýegeni. Ol b.e. öň 44 ýylyna çenli Gaý Oktawiý, 44 ýyldan Gaý Ýuliý Sezar Oktawian, 27 ýyldan imperator Gaý Ýuliý Sezar Oktawian Awgust adyny dakynypdyr. B.e. öň 44 ýylda Sezar ölenden soň, Sezaryň weteranlaryna we soldatlaryna daýanyp, ýeke-täk häkimiýet ugrunda göreşe başlapdyr. Respublika senatorçylar partiýasynyň serdarlary Brutuň we Kassiniň garşysyna göreşmek üçin, Antoniý we Lepid bilen II Triumwiraty döredipdir. B.e. öň 42 ýylda Brut bilen Kassini derbi-dagyn edenden soň, Awgust öz esasy duşmany Antoniniň garşysyna çykyş edipdir. Ol Antoniden üstün çykypdyr we Rim döwletiniň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. Senat oňa Awgust (mukaddes, beýik) diýen hormatly at beripdir. Awgust Senata täze düzgün girizipdir. Ençeme sapar konsullyga, beýik žreslige saýlanypdyr, ömürlik halk tribuny edilipdir, ähli häkimiýet Awgustyň elinde jemlenipdir, Senat we halk ýygnagy onuň erkini ýerine ýetiripdir. Awgustyň girizen düzgüni boýunça respublika edaralary monarhiýa bilen çalşyrylypdyr. Bu syýasy gurluş Prinsipat (harby diktatura) diýlip atlandyrylypdyr. Awgust Rim imperiýasyna Demirgazyk-Günbatar Ispaniýany, Dunaý boýundaky welaýatlary we başgalary birikdiripdir. Awgustyň höküm süren döwründe Rimiň edebiýaty we sungaty gülläp ösüpdir.