Okamak peýdaly endik

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Okamak-bu adamyň beýnisiniň işjeň ýagdaýda bolmagyna hem-de pikirleniş endiginiň kämilleşmegine we dünýägaraýşyň kämilleşmegine kömek edýär. Çeper eserleri, dessanlary okamaklyk diliň çeper bolmagyna, goşgulary ýatdan öwrenmeklik bolsa ýatkeşlik ukybynyň ösmegine ýardam berýär. Kitap okamagy endik eden adamyň pikirlenşi, gürleýşi kitap okamaýan adamyňky bilen deňeşdireniňde tapawutlylyk duýulýar. Şonuň üçin hem her gün ýatmazyňdan öň ýanynda 30 minut gyzykly hekaýaly kitaplary okamak peýdaly. Şeýle edilende biz kitap okamak endigimizi ösdürýäris. Bu endik diňe bir kitap okap kämilleşmegimize däl eýsem, okamakdan lezzet almaga, rahat uklamagymyza hem ýardam berýär. Çagalarda kitap okamak endigini kiçi ýaşyndan döremegine kömek etmeli. Kiçi ýaşly çagalara ýatmazyndan öň gyzykly ertekili kitaby okap bermek bilen oňa kitap okamaga bolan höwesi döretmekde uly goltgy berdigimiz bolar. Okamak arkaly adam köp zat öwrenýär. Biz näçe köp okadygymyzça şonça-da az zat bilýändigimize göz ýetirýäris. Bu bolsa bizi diňe kämillige tarap eltýär. Şonuň üçin hem geliň kitap okamak endigimizi ösdüreliň!

Jennet Seýidowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby