Oguzlaryň we Seljuklaryň taryhy boýunça çeşmeler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Oguzlaryň we Seljuklaryň taryhy boýunça çeşmeler.

Edebiýatlar


9. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşg. 2001

10. A. Dgijiýew. Очерки происхождения и проромирования туркменского народа в эпоху средневсковая. Ашх. 1991.

11. А. Росляков. Происхождение туркменского народа. Ашх 1962.

12. Abulgazy Bahadyr han. Türkmenleriň nesil daragty. Metbugat – 1991

13. Türkmenistanyň taryhy I –nji kitap Aşgabat – 1994.

14. M. Annanepesow. S. Atagarryýew Türkmenistanyň taryhyndan materiallar I – tom. Aşgabat 1995

15. A. Karryýew, B.T. Moşkowa, A.N. Noçonow, A.Ýu Ýakubowskiý. Очерки из истории Туркменского народа и Туркменистана в VIII- XIX вв. Ашх 1954

16. Türkmen halkynyň gelip çykyşynyň, dünýä ýaýraýşynyň we onuň döwrüniň taryhynyň problemelary. Aşgabat – 1993

Öňden belleýşimiz ýaly türkmen halkynyň özüniň köküniň gaty uzaklardan alyp gaýdýan baý taryhy bar. Başgaça aýdanymyzda türkmen halkynyň taryhy bu müňlerçe, millionlarça ýyllaryň taryhy. Halkyň bu gojaman taryhyny öwrenmekde taryhy çeşmelere uly ähmiýet berilýär. Adamzadyň her bir ýaşan döwrüne laýyklykda taryhy çeşmeler hem dürli-dürlidir. Mysal üçin türkmen halkynyň iň gadymy döwrüniň (III-II million ýyllyklardan III müň ýyllyga çenli) döwür üçin esasy taryhy çeşme bolup arheologiki ýadygärlikler hyzmat edýär. Arheologiki ýadygärliklere bolsa ýer gatlaklarynda saklanyp galan iň gadymy adamlar tarapyndan döredilen we peýdalanylan zähmet gurallary, dürli gurluşyklar, öý-hojalyk esbaplary, bezeg şaý-sepler, sungat eserleri we ş.m girýärler. Halkyň taryhyny öwrenmekde maddy ýadygärlikler gaty gymmatlydyr. Emma beýle çeşmeler gaty az saklanyp galypdyr. Has gowy saklanyp galan maddy ýadygärliklere organiki däl (daşdan, keramikadan) bejerilen ýadygärlikler degişlidir. Maddy ýadygärlikler köp derejede ykdysady ösüşiniň derejesini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Beýle çeşmeler adamzadyň has gadymy taryhyny, mysal üçin ilkidurmuş sürüleriniň we irki urug gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenmekde ähmiýetlidir. Jemgyýetiň birneme gijiräki taryhyny öwrenmekde (urugçylyk gatnaşyklarynyň gülläp ösýän we dargaýan döwürleri) etnografiki ýadygärlikler uly ähmiýete eýedir. Etnograflar XIX-XX asyrlarda ýaşap geçen medeni we ykdysady ösüşde yza galak taýpalara gönüden-göni syn etmek arkaly olaryň durmuş we medeni derejeleri barada maglumatlar toplan iň gadymy adamlaryň taryhyny doly we dogry öwrenmekde uly iş bitirýärler. Etnograflar tarapyndan öwrenilen yza galan halklar urugçylyk gatnaşyklarynyň köp alamatlaryny özünde saklasa-da, olar iň irki adamlardan özlerinin aň düşunjeliligi, medeni derejesi, ykdysady ösüş boýunca deňeşdirip bolmajak derejede öňe gidipdirler.

Etnografiki, arhiologiki hem-de antropologiki maglumatlary ýygnamak kem-kemden durmuşa geçirilipdir.

Häzirki wagtda biziň elimizde Türkmenistanyň taryhy boýunça köp sanly çeşmeler we ylmy işler bar.

Türkmen halkynyň doly we dogry öwrenmekde kömek beryän çeşmeleriň arasynda ýurdumyzda kän bolan arhiologiýa we arhitektura ýadygärlikleri – köp sanly depeler, gadymy galalaryň, şäherleriň harabalary, suwarys desgalarynyň yzlary we ş. m. uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň taryhynyň iň gadymy döwürleri hakynda arheologlar tarapyndan ylmy taydan barlanan iň gadymy adalamlaryň ýaşan mekanlary maglumat beryär. Ýaňyja, Balahana, Jebel gowagy, Jeýtun, Namazga depe, Yzzatguly ýerlerden köp sanly zähmet gurallary, bezeg şaýlary, ýaraglar, hojalyk durmuşy desgalaryň galyndylary tapylan maddy ýadygärlikler taryhy alymlara gymmatly maglumatlar beryär.

Türkmenistanyň territoriýasynda dowam eden gadymy döwürde (biziň eramyzdan öňki üç müň ýyllykdan – b. e. ö. VI asyryna) degişli maglumatlar häzirki Kaka etrabynyň çäklerindäki Altyn depeden, Köne Nusaýdan, gadymy Horezmiň çäklerindäki şäher harabalary bolan Galalygyr, Küýze megir, Hezaryk depe ýaly ýerlerden köp tapyldy. Bu ýerlerde saklanyp galan dürli şekiller, hat deregine ulanylan şertli belgiler gadymyýet barada söhbet açmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň çäklerinde VII – XIII asyrlara degişli arheologiki we arhitektura ýadygärlikleri has köp saklanyp galypdyr. Olara gadymy şäherler, Kerwensaraýlar, harby- goranyş berkitmeleriniň harabalyklary, medreseler, metjitler we beýleki taryhy ýadygärlikler degişlidir. Bulara mysal edip Astanababa, Allamberdar mowzeleýlerini, Soltangalany (Orta asyrlarda) Abuwerdi, Gürgenji (Köneürgenjiň golaýynda ) Maşat we Miserýany beýlekileri görkezmek bolar. Taryhy çeşme hökmünde Talhatanbaba, Sarahysbaba, Soltan sanjaryň mowzileýleri, dürli-dürli suwaryş desgalarynyň galyndylary we ş.m ýokardaky agzalan çeşmeleriň üstüni doldurýar.

Gadymyýetden galan çeşmeleri tapmakda we ylmy dolanyşyga girizmekde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Şaja Batyrow adyndaky taryh institutynyň arheologiýa bölümi uly işler bitirýär. Bu işde Türkmenistanyň Gündogar arheologiýa kompleksleýin ekspedisiýasynyň Horezm arheologiýa etnografik ekspedisiýasynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologlarynyň we beýleki taryhçylarynyň şeýlede Türkmenistanda gazuw agtaryş işlerini geçirýän daşary ýurtly arheologlaryň hyzmatlary uludyr.

50-nji yyllardan başlap sowet alymlary Türkmenistanyň territoriýasynda ençeme iňän uly ylmy açyşlary amala aşyrdylar. Şeýle açyşlaryň has möhümleri Köne Nusaýda b.e.öňki II-I asyrlarda gülläp ösen Parfiýa patyşalygynyň hojalyk arhiwiniň, Altyndepede iň ýeke synpy jemgyýet baradaky we beýleki köp sanly taryh ylmy üçin gymmatly maglumatlaryň ýüze çykarlanlygydyr, gadymy sungatyň ajaýyp önümleriniň tapylanlygydyr.

Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan halklar we taýpalar barada iň irki ýazuw ýadygärlikleri b.e.öňki asyrlardan galan pahna şekilli ýazgylarda, dag gaýalarynyň ýüzüne oýulyp ýazylan Behistun ýazgylary degişlidir. Parfiýa patyşalarynyň köne Nusaýdan tapylan hojalyk arhiwiniň materiallary, Geredot, Tasit, Strabon ýaly gadymy grek we rim awtorlarynyň eserleri has gymmatlydyr. Mysal üçin, taryhyň atasy hasaplanýan Geredot özüniň taryh diýen işinde Grek –pars uruşlarynyň taryhy barada berýän maglumatlarynda parslaryň goşunynyň düzüminde Orta Aziýadan bolan esgerleriň bardygyny, olaryň eşikleriniň pagtadan dokalandygyny, ok-ýaylarynyň we naýzalarynyň uçlaryny peýkamyň demirden ýasalandygy barada habar berýär.

Gadymy döwür barada has gymmatly maglumatlary zoroastraçylyk dininiň keramatly kitaby Awesta berýär. Bu kitap biziň eramyzyň başlarynda dilden-dile geçýän gürrüňler esasynda düzülipdir. Asyrlaryň dowamynda oňa köp sanly goşmaçalar girizilip, onuň elipbiýi-de, dilide kämilleşipdir, “Awestada” bütin Merkezi Aziýa, onuň bilen araçäkleşýän Eýranyň, Owganystanyň ýerleri, ilaty, olaryň dinleri barada giň maglumatlar berilýär. Käbir maglumatlara görä, hut şol “Awesta” diýen dini kitap Türkmenistanyň çäklerinde döredilipdir. Türkmenistanyň gadymy taryhyny öwrenmekde biziň eramyzdan ozalky I asyrdan biziň eramyzyň VIII asyryna çenli bolan döwri öz içine alýan Hytaý taryhy hronikalaryndaky maglumatlaryň hem ähmiýeti uludyr. Hut şu döwrüň taryhynyň günbatar awtorlarynyň beýan edişiniň örän gowşak bolandygy sebäpli, Hytaý maglumatlary türkmen halkynyň taryhy üçin has hem gymmatlydyr.

Gadymy Hytaý çeşmeleri, esasan-da taryhy hronikalary, Oguz-Orhon ýazgylary ylmy taýdan çuňňur öwrenilse, türkmen halkynyň taryhy barada, köp meseleleriň aýdyňlaşdyryljakdygy ikiuçsyzdyr.

XII asyrdan, ýagny araplaryň Orta Aziýa ýerlerini basyp almagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň taryhyna degişli köp taryhy eserler arap, pars dillerinde peýda bolup başlaýar. Araplar özleriniň basyp alan ýerlerinde yslam dinini ýaýratmak bilen bir wagtda Yslam dünýäsiniň köp sanly alymlary, syýahatçylary , söwdägärleri üçin hem Orta Aziýany açdy. Arap taryhçylary Orta Aziýa ýerleriniň araplar tarapyndan basylyp alynmagy, halk gozgalaňlary barada ençeme işler ýazypdyrlar. Mysal üçin Al-Belazuri “Ýurtlary basyp alyşlar barada kitap” (Kitap Futuh Al-Buldan) diýen taryhy işini ýazyp, ol iňňän görnükli arap taryhçysy bolupdyr. Belazuri gelip çykyşy boýunça Eýranlydyr. Onuň bu işinde Muhammediň ýörüşlerinden başlap VIII asyryň başlaryna çenli araplaryň harby ýörişleriniň taryhy beýan edilýär. Ol kitabyň soňky baplarynyň birinde Horosanyň basylyp alynyşy barada gürrüň berilýär. Görnükli Orta Aziýa taryhçysy Muhammet Narşahiniň “Buharanyň taryhy” diýen işinde araplara garşy halk gozgalaňlarynyň serdarlary esasan hem Mukanna barada gyzykly maglumatlar berýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça gymmatly maglumatlar arap taryhçysy we geografy al-Ýakubiniň “Ýurtlaryň kitaby” (Kitap al-Buldan) diýen işinde berilýär. Onuň ýaşlygyErmenistanda soňra bolsa Tahristleriň gullugynda Horosanda geçipdir. Belli arap geografy Al-Makdisi “Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüş” diýen işinde Horosan, Mawerennahr barada ýörite bölüm berýär. Al-Makdisi öz şahsy gözegçiliklerini öz eserine esas edip alýar. Onuň bu eseri orta asyr Gündogaryň şol sanda Orta Aziýanyň hem-de Zakawkazýäniň ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.

Pars taryhçysy Gardiziniň “Ýyl ýazgylarynyň bezegi (“Zeýn Al-Ahbar”) diýen işinde pars patyşalarynyň, Muhammediň we 1032-nji ýýldan öňki halyflaryň taryhy, 1041-nji ýýla çenli Horasanyň taryhy beýan edilýär. Onuň bu işinde Hindistan, Aziýanyň türk taýpalary hakynda ruslar hakynda, grekleriň ylmy hakynda, dürli halklardaky dini baýramlar hakynda bölümler bar. Gardizi Seljuklaryň güçýlenmegi, Masut bilen bolan uruşlar, Dandanakan söweşi we beýlekiler barada baý maglumatlar berýär.

Orta asyryň güýçli filology Mahmyt Kaşgarynyň “Türk dialektleriniň sözlügi” (Diwan Lugat At-Türk) diýen işi hem türkmen halkynyň taryhy barada gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Ol Kaşgarda dogulyp, Orta Aziýanyň, Eýranyň şäherine syýahat edipdir, birnäçe wagt Bagdatda ýaşapdyr. Arap dilini kämil öwrenipdir, onuň filologik metodlaryny ele alypdyr. Ol özüniň ähli syýahat eden ýurtlaryndan türki dilli taýplaryň dili boýunça materiallar toplan, ony tertibe salyp, toplan materiallaryny arap filologiýasynyň şol wagtlar üçin ýokary metodlaryny ulanyp, türk dialektologiýasynyň ençeme asyrlar üçin ýeke-täk dogry çeşmesini bermegi başarypdyr. Ol eser üç tomdan ybarat bolup, 1072-1083 – nji ýyllarda ýazylypdyr. Bu eserde türk dilleri hakyndaky maglumatlardan başgada türki halklaryň ýaşaýan ýerleri hem-de taýpalara bölünişi barada köp maglumatlar berýär. Bulardan başgada bu eserde rowaýatlar, aýdymlar, nakyllar we atalar sözleri görnüşinde folklor materiallary berilýär. “sözlükde” ol özüniň “türk dilleriniň grammatikasynyň gymmatly daşlary” diýen başga eserlerinide ýatlaýar.

Ýazuw çeşmeleriniň arasynda Muhammet Bekranyň Horezm şasy Tekeşe bagşylap ýazan Dünýä hakynda kitap (Tahannama) diýen kitabyň hem ähmiýeti uludyr. Bu kitapda türkmenleriň (guzlaryň, ýazyrlaryň, halaçlylaryň) süýşmegi Türkmenistandaky uzyn diwarlar we beýleki birnäçe maglumatlar berilýär.

Seljuklar döwrüniň taryhy barada has gymmatly maglumatlary Ispihanly Süleýman Ar-Rawendi özüniň “Türkmenleriň dynç almagy we şatlygyň gudraty” (Rahat As-Syryr Wa Aýat As-Syryr) diýen işinde giňişleýin berýär. Ol aýratyn hem 1160-1199-njy ýyllaryň, ýagny seljuklaryň iň soňky iki soltany Arslanyň we Togrulyň döwrüniň wakalaryny jikme-jik beýan edýär. Ar-Rawendi Soltan Sanjara garşy guzlaryň gozgalaňy barada hem giňişleýin maglumatlar berýär.

Pars taryhçysy we döwlet işgäri Muhammet Tuweýni 1252-1260-njy ýyllarda 3 tomluk Dünýä basyp alyşlarynyň taryhy (Tarih –i-Jehantuşa) diýen kitabyny ýazypdyr. Ol Çingiz hanyň basypalyşlaryndan başlap, mongol ýörişleriniň jikme-jik beýanyny berýär. Onuň kitaby Hylagy hanyň Eýrana garşy ýörüşini beýan etmek bilen tamamlanýar. Onda Horezm şalarynyň we mongol ýerli dolandyryjylarynyň 1258-nji ýýla çenli taryhy hem öz beýany tapýar. Juweýniniň eserleriniň ideýasy mongolparazlyk ideýadyr. Şol bir wagtda ol Eýranda mongol hökümdarlygynyň garaňky taraplaryny hem ýaşyrmaýar.

Hemedanda önüp-ösen Raşid-ad-Din lakamy boýunça “at-Tabib” tebip Eýran taryhçysy we döwlet işgäri bolup, 1298-1317-nji ýyllarda mongol ilhanlary Gazan hanyň we Uljaýtu hanyň weziri bolupdyr. Ol “Ýyl ýazgylarynyň ýygyndysy” (Jami At-Tawarih) diýen işi pars dilinde ýazyp, ol 2 bölümden durýar. Onuň birinji bölüminde mongol we türk taýplarynyň sanawyna hem-de Çingiz hanyň we onuň mirasdüşerleriniň taryhyny, ikinji bölüminde bolsa Yljaýtuhanyň patyşalyk eden wagtynyň taryhy we bütin dünýä taryhynyň köp wakalary barada baý maglumat berýär. Raşid-ad-Din Hulaguwlaryň döwletiniň düzümine giren Horosan, Balkan sebitlerinde ýaşan türkmen ýerleri, onuň ilaty barada hem maglumatlar berýär. Türkmen halkynyň Hususanda oguzlaryň taryhy barada “Oguznamada” maglumatlar berilýär. Bu işde aýratyn hem Oguzhan, onuň edermenlikleri, batyrlygy barada gyzykly wakalar aýdylýar. Emma bu iş mifiki häsiýete eýedir. Onda Oguzhanyň ogullary barada hem maglumatlar bar. Eýran şasy Tahmaspyň ýanynda gezen Hasanbeg Rummowyň “Ýyl ýazgylarynyň iň gowusy” (Ahsan-ut-Tawarih) diýen işinde Tahmaspyň dolandyran döwri, onuň türkmenler bilen gatnaşygy hususan-da Aba türkmeniň gozgalaňy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Iňlis täjiri we diplomaty Antoni Jekinsonyň 1558-1560-njy ýýllarda Orta Aziýa eden syýahaty barada ýazan ýatlamalarynda Baktriýa, Buhara Horosan, Ürgenç sebitlerinde ýaşan ilat barada täsirli gürrüň berilýär.

Gelip çykyşy boýunça Azerbaýjan türkmenlerinden bolan Isgender Munşi Apbasyň taryhy bezeýän ýaraşygy (Tarih –i-Alýai-ara-i-Abbasa) diýen işini ýazyp, bu eserde Sefewitleriň dinastiýasyndan ozalky Eýran taryhy yzygiderli beýan edilip, onuň esasy mazmuny Abbas şanyň (1587-1628-nji ýyllar) zamanynyň taryhy beýan edilýär. Eserde Abuwert we Merw welaýatlaryna şa goşunynyň ýörüşi, olaryň basylyp alynyşy hakynda hem maglumatlar bar. Türkmen halkynyň orta asyrlardaky taryhyny öwrenmekde iň möhüm çeşmeleriň biride, görnükli taryhçy alym Hywa hany Abulgazy Bahadyr hanyň “Şejere-e terekime” (“Türkmenleriň nesil daragty”) diýen işidir. Tanymal taryhçy akademik W.W. Bartold “…Türkmenler hakynda ýörite ýazylan bu taryhy eser ýaly eser beýleki türki halklaryň hiç biri barada-da ýokdur” diýip belleýär.

Abulgazynyň bu eserini ýörite öwrenen hem neşir etdiren görnükli filolog akademik A.N.Kononow Abulgazynyň hut özüniň turkmenleriň arasynda köp bolup halkymyzyň dilden aýdylyp gelnen taryhyny hem halk döredijiligi ep-esli bölegini toplandyr diýip belläp, şeýle ýazýar. “Türkmenleriň nesil daragtynda” Abulgazynyň türkmenler arasyndaky ýörgünli halk rowaýatlaryny, taýpalaryň nesil beýanlaryny, şeýle hem oguzlaryň legendar gojasy Gorkut atanyň ady bilen baglanşykly “epiki dessanlary örän gowy bilenleri mese-mälim duýlupdyr”.

Abulgazy bu eseri ýazmak üçin diňe bir dilden eşiden zatlary bilen oňman, özünden öňki Orta Aziýaly taryhçylaryň türkmenler hakyndaky beren maglumatlaryndan-da peýdalanypdyr. Ol Reşideddiniň “Taryhlaryň jemi”, Şerefeddin Aly Ýazdiniň “Zafarnama” “Ýeňiş kitaby” ýaly köp sanly kitaplardan peýdalanyp ýazypdyr. Abulgazy mundan başgada “Türkleriň nesil taryhy” diýen uly eseriň hem awtorydyr.

Abulgazynyň “Türkmenleriň nesil daragty” diýen kitabynda Oguz hanyň dünýä inmegi, onuň patyşalyk etmegi, Oguz hanyň ogullarynyň we agtyklarynyň atlary, oguz iliniň ýurtlary, olaryň ýaşaýşy, olara näme üçin türkmenler diýlip at berileni, Oguz iliniň çar tarapa ýaýraýşy hakynda hem-de Seljuk baý we beýleki bir topar wakalar barada maglumatlar berilýär.

Mehdi han Astrabatlynyň Nedir şanyň taryhy (Tarih-i-Nadiri) diýen işi hem XVIII asyryň birinji ýarymyndaky türkmenleriň durmuşy barada gymmatly çeşmeleriň biridir. Mürze Mehidi han Nedir şanyň şahsy sekretary bolup, ol ähli syýasy wakalardan habarly bolupdyr, köp syýasy wakalara gatnaşypdyr. Ol öz işinde Nediriň döwründäki Eýranda, Orta Aziýanyň günbatar bölegindäki sosial-syýasy we ykdysady wakalary ýazyp beýan edýär. Özüniň mazmuny boýunça tarih-i-Nediri diýen iş, ozaly bilen harby taryhdyr. Işde Nediriň taryhy jikme-jik beýan edilip, onda Saragtdaky wakalar, Merwde Soltanbendiň hatardan çykarylyşy we täzeden dikeldilişi Horezmde Nedriň dikmelerine garşy ýomutlaryň baştutanlygyndaky türkmenleriň gozgalaňy we beýleki käbir meseleler öz beýanyny tapýar.

XVIII asyrda ors patyşasy Petr I-iň dolandyran döwründe ors –türkmen gatnaşyklary ep-esli derejede ýygjamlaşýar. Şu döwre degişli köp sanly çeşmeler Petr I-iň permanlary, Petr I-iň ýörite permany bilen Orta Aziýa ýerlerine ekspedisiýa guran Bekowiç-Çerkaskiniň maglumatlary maňgyşlak türkmenleri bilen orslaryň şowda gatnaşyklary baradaky maglumatlar hem gymmatly taryhy çeşmelerdir.

XVIII-XIX asyryň I-nji ýarymy barada Munis-Ahiniň “Bagtlylygyň jennet bagy” (“Firdadus –ul-ikbal”) diýen taryhy iş hem Türkmenistanyň taryhy barada gymmatly çeşme hasaplanýar. Munis Şir Muhammet hanyň (1804-1806-njy ýyllar) tabşyrmagy boýunça Hywa hanlygynyň taryhyny ýazyp başlaýar. Ol Abulgazynyň eserlerini dowam etdirip, Hywanyň taryhyny Şirgazy hanyň 1715-1728-nji ýyllar) dolandyran döwrüne çenli dowam etdirýär. Munisiň arasy üzülen eserini, Allaguly hanyň (1825-1842-nji ýyllar) buýrugy boýunça 1839-18490-njy ýyllarda girişilipdir. Eseri dowam etdiriji Munisiniň inisi Agehi lakamy nilen belli bolan Muhammet Ryza bolupdyr.

Munisiniň – Agehiniň “Bagtlylygyň jennet bagy” diýen eseri Hywanyň 1872-nji ýyla çenli taryhyny öz çine alýar. Onda hanlygyň harby syýasy taryhyny beýan etmek bilan, awtorlar sosial-ykdysady häsiýetli meselelere hem degip geçýärler, Hywanyň gatnaşyk eden halklary bolan türkmenler, gazaklar, garagalpaklar we beýleki halklar barada maglumatlar berýärler.

Bu işde ýomutlar we olaryň Hywa hanlygy bilen gatnaşygy, Saryklar gozgalaňy, olara garşy Hywa goşunlarynyň hereketleri, Hywa goşunlarynyň gökleňler bilen gyzylbaşlara garşy urşy, Hywa goşunlarynyň Çärjewe ýörişi, onuň Amyderýanyň kenar ýakasyndaky şäherleri we galalary boýun egdirişi, Saraýyň etegindäki söweş we beýleki bir topar taryhy wakalar barada takyk maglumatlar berilýär.

XIX asyryň 2-nji ýarymyndan başlap Orsýetiň Kaspi kenarlarynda öz hereketlerini aktiwleşdirip başlan döwrüne degişli köp sanly ors awtorlarynyň işleri, resmi hatlar, buýruklar hem gymmatly taryhy çeşmeleriň hasabyna girýar.

Gündogary öwreniji görnükli ors akademigi W.W. Bartoldyň Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmaty has uludyr. Bu alym Orta Aziýanyň taryhy baradaky umumylaşdyryjy eserleri bilen bir hatarda 1929-njy ýylda türkmen halkynyň VIII asyrdan XIX asyryň aýagyna çenli bolan taryhynyň gysgaça oçerkini çap etdi. W.W. Baltoldyň eserleri türkmenleriň we olaryň ata-babalarynyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek baradaky soňraky iş üçin köp tarapdan ugur alyş punkty bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň taryhy bilen meşgul bolan sowet taryhçylarynyň arasynda A.Ýu. Ýakubowskiý türkmenler we olaryň ata-babalary barada ençeme eserler döretdi. 1954-nji ýýlda A.Ýu. Ýakubowskiniň başda durmagynda A. Garryýewiň, W. G. Moşkowanyň, A. N.Nasopowyň gatnaşmagynda “Türkmen halkynyň we türkmenleriň VIII-XIX asylardaky taryhyndan oçerkler” diýen uly göwrümli işi çapdan çykdy.

Türkmenistanyň taryh we etnografiýa ylmynyň ösmeginde G.U. Karpowyň hem bitiren hyzmaty ulydyr.

Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy barada orta asyr Gündogar awtorlarynyň eserlerinden köp sanly gymmatly maglumatlar alynyp, Türkmenistan üçin SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar” diýen kollektiw eser rus dilinde düşündirişler bilen çap edildi. Emma biz şol awtorlaryň köp ýagdaýlarda öz döwrüniň hökümdarynyň waspnamasyny beýan edendigini, giň halk köpçüliginiň sosial-ykdysady gurluşy we durmuşy barada köp bir maglumatlar bermeýändigini-de bellemek gerek.

XIX asyra degişli türkmen halkynyň taryhynyň bu ýetmezçiliginiň üstüni köp derejede Hywa hanlarynyň arhiw dokumentleri bilen Buhara Guş begleriniň Daşkentdäki fondunyň resminamalary doldurýar.

Türkmenistanyň XVII-XIX asyryň birinji ýarymyndaky taryhyny öwrenmekde rus we Günbatar Ýewropa syýahatçylarynyň beren habarlary we rus-türkmen aragatnaşyklarynyň taryhy görkezýän arhiw dokumentleri örän möhümdir.

Olardan Rim papasynyň ilçisi, monah Plano Karpini (XIII-XVI asyrlaryň sepgidi), wenesiýaly täjir Marko Polo (XIII-XIV) iňlis Antoniý Jenkinson (XVI), türk Ewliýa Çelebi (XVIII), wenger Arminiý Wanberi (XIX) we beýlekiler öz gözleri bilen gören we eşiden maglumatlary esasynda türkmenleriň hojalygyny, sosial-syýasy durmuşyny, däp-dessurlaryny suratlandyrypdyrlar.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň ýygjamlaşan, patyşa Orsýetiniň Türkmenistany basyp alan döwründe ors awtorlary türkmenler, olaryň ülkesi barada birnäçe gymmatly maglumatlar ýazyp galdyrypdyrlar.

Türkmenistanyň Orsýede birekdirilen döwründen başlap, oktýabr sosialistik rewolýusiýasyna çnli bolan döwürdäki taryhy maglumatlar Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde, Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Daşkendiň, Tbilisiniň arhiwlerinde birgiden dokumentler, golýazmalar bar. 1882-nji ýyldan 1914-nji ýýla çenli bolan döwürde Zakaspi oblastynyň oblast statistik komiteti tarapyndan her ýylda düzülen synplarda we ýerli gazetlerde hem gymmatly maglumatlar bar. Zakaspide bolan rewolýusion hereketiň taryhy şol herekete gatnaşanlaryň ýatlamalarynda hem beýan edilipdir. Ol materiallar häzirki döwürde ýerli arhiwlerde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň kitaphanasynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Häzirki wagtda diňe Türkmenistanyň milli golýazmalar fondunda 10 müňe golaý golýazmalar saklanylýar.

Türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde halk döredijiligi, klassiky edebiýatyň eserleri hem uly ähmiýete eýedir. Dilden-dile geçip gelen halk döredijiliginiň eserleri türkmen halkynyň geçmişdäki medeniýetini, durmuşyny we hojalygyny häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýän dürli-dürli däp-dessurlar bilen baglanşykly materiallar taryhy çeşmeler höküminde hyzmat edýär. Beýle hili materiallar asyrlaryň dowamynda timarlanypdyr, üsti ýeterlikdir. Halk döredijiligine degişli maglumatlar halkyň ruhyýetini, psihologiýasyny, sosial hojalyk meselelerini, gelip çykyşyny, aýry-aýry taryhy şahsyýetleri öwrenmekde goşmaça maglumatlar berýändigi üçin ähmiýetlidir.

Orta asyrlarda ýüze çykan “Görogly”, “Dädem Gorkut kitaby”, “Oguznama” eposlary, “Ýusup-Ahmet”, “Gül-Seneber”, “Nejep oglan”, ýaly dessanlar halkyň ruhy baýlygy hasaplanyp, gymmatly taryhy çeşme hasaplanýar.

Türkmen klassyky edebiýatynyň eserleri: Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň we köp sanly beýleki şahyrlaryň eserleri hem XVIII-XIX asyr türkmen taryhy üçin has wajyp çeşmedir. Klassiki edebiýatyň eserlerinde sosial-ykdysady meseleler, goňşy halklar, döwletler bilen türkmenleriň gatnaşygy, jemgyýetiň ruhy ösüşi öz beýanyny tapýar.