Oguz han eýýamynyň medeniýeti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Oguz han eýýamynyň medeniýeti

M E Ý I L N A M A

1. Ruhy medeniýet

2. Maddy medeniýet

Ärsaklar döwletiniň imperiýa üçin ýalňyz we imperiýanyň ähli taýpalary üçin düşnükli dili bolmandyr. Şol döwletiň taýpalarynyň we halklarynyň köp dilleriň arasynda agalyk sürijilik orny Parfiýa dili eýeläpdir. Parfiýa döwletiniň emele gelmegi netijesinde täze Parfiýa halkyna toparlanan adamlaryň giň topary şol dilde gepläpdir. Parfiýa dili özüniň grammatik gurluşy we sözlük sostawy boýunça Eýran dilleri toparyndan bolup, Parfiýanyň asyldan gelýän welaýatlarynyň ilatynyň esasy köpçüliginiň dili bolupdyr we birnäçe şiweleri hem gepleşikleri onuň öz içine alandygy, şol şiweleriň bolsa biriniň parnlara mahsus bolandygy şübhesizdir. Ärsaklar döwletini başdan geçirip, Parfiýa dili öz edebi formasynda orta pars ýa-da pählewi diline täsir edipdir, bu dil hem Sasanit döwletinde ulanylan dil bolupdyr, soňra bolsa şol döwletden daşarda hem gündogar Maniheý buthanasynyň esasy dili bolup birnäçe asyrlar boýy hyzmat edip, diňe VI asyrda sogdy diline öz ornuny beripdir. Müň ýyldan-da köpräk wagt mundan ozal ýitip giden Parfiýa dili öz ornuna gelen päjik we pars dillerinde öz alamatyny galdyrypdyr, bu dillerde bolsa aýry-aýry Parfiýa sözleri henize çenli bar. Şol diliň şiweleriniň bir bölegi midiýalylar şiweleri bilen birlikde Kaspi ýakasyndaky we merkezdäki demirgazyk-günbatar täze Eýran şiwelerine hem-de kürt diline esas bolupdyr.

Ärsaklar döwletiniň zamanyndaky Parfiýa diliniň we hatynyň saklanyp galan ýadygärlikleri örän az. Şonuň ýaly ýadgaýda sowet arheologlarynyň 1948-1956-njy ýyllaryň dowamynda Nusaýdan tapan Parfiýa dokumentleri bolan biziň eramyzdan ozalky II – I asyrlaryň döwrüne degişli bir ýarym müňden köp dokumenti iňňän uly ähmiýete eýedir. Şol dokumentleriň köpüsi toýundan ýasalan humlaryň timarsyz galyň bölekleriniň (ostrakonlaryň) ýüzüne ýazylypdyr. Gara syýa batyrylyp, kist bilen ýazylan tekstler, ýazlyş nusgasyna garanyňda, ökde mürzeler tarapyndan we özleriniň ýerli Parfiýa elipbiýi bilen ýazylypdyr. Arameý haty diýilýän hat esaynda emele gelen bu elipbiý Mitridat 1-iň zamanynda dörän hem bolsa mümkindir we onuň örän gadymy görnüşi ony Ahemenit zamanynyň arameý kanselýariýa haty bilen ýakynlaşdyrýar. Bu hatyň her bir harpy, beýlekisi bilen hiç birikdirjek belunman, aýry aýry edilip ýazylypdyr.

Nusaýdan tapylan dokmentleriň esas yparfiýa şiweleriň birine degişlidir.sözleriň bir bölegi arameý idiogrammalary (ýada geterogrammalary) bilen ýazylypdyr, ýaaagny tutuşlygyna arameýçe ýaazylypdyr, emma okalanda parfiýalylarça aýdylypdyr. Nusaý dokmentlerini düzenleriň atlaryna garanyňda (Ariabarzan, Artawirşat Bahtdatak, Wa human, mihredast, Roştat we başgalar) şol dokumentleri ýazan mürzeler özleriniň asly boýunça parfiýalylar bolupdyrlar. Häzir okalan dokumentleriň köpüsi aýry-aýry üzüm bagyndan belli bir ýyl üçin berilmeli çakyryň hum sany baradaky borçnamalary görkezýär. Şonuň bilen birlikde başga hlili mazmunly, hususanda hojalyk-hasap tertibindäki mazmunly dokumentler hem bar.

Ärsaklar döwletinde parfiýa dili we parfiýa haty bilen birlikde grek dili bilen grek haty hem ulanylypdyr, bular döwletiň günbatar bölegindäki tayn edilen ellinizirlenen şäherler bilen we hatda käbir obalar bilen-de resmi gatnaşyklar mahalynda kanselýäriýa hajatlary üçin ulanypdyr. Umumy döwlet zikgesiniň manatlary birnäçe asyrlap grek elipbiýindäki grek ýazgysy bilen çykarlypdyr. Diňe kiçi ýaşly Ärsaklar zamanynda, biziň eramyzyň I asrynyň ortasyndan başlap manat galyplarynda Parfiýa elipbiýiniň aýry-aýry peýdas bolup ugraýar we biziň eramyzyň II asyrynyň takmyn ortasyndan (Mitridat IV-iň patşalyk süren wagtyndan) başlap, manatlaryň bir bölegi harpy boýunça-da dili boýunça-da doly Parfiýa sözleri boýunça çykarylýar.

Parfiýalylaryň arasynda hat ýazmak üçin küýze böleklerinden başga-da ýylmanan tagtajyklar hem ulanylypdyr, bu tagtajyklar agaçdan ýasalan çarçüwa salnypdyr we biri-biri bilen sapak arkalyiki-ikiden, üç-üçden we mundan hem köp tagtajykdan çatylyp kitapça görnüşinde ýasalypdyr. Hat ýazanlarynda ýüzüne mum çalnan tagtanyň ýüzüneujy çiş taýajyk bilen harplary çyzyp ýazypdyrlar, grek däl teksti bolsa taýajygyň beýleki kütek ujy bilen tekizläpdirler. Galyberse-de, möhüm dokumentlerb, mukaddes tekstler we-başga tüýşli iri eserler ýazlan mahalyndan, deridenm ýasalan gymayt baha pergamentler ulanylypdyr.

Parfiýa jemgyýetinde sowatlylyk az ýaýrapdyr. Hat ýazmaklyk tutuşlygyna han-begleriň, ruhanylaryň elinde ýokary býurokratiyanyň we iri täjirleň wekilleriniň elinde bolupdyr. emma weli her dürli dokumentleşdirmegi alyp barmak baradaky isleg köp sanly ökde mürzeleriň peýda bolmagyna sebäp bolupdyr, şol mürzeleriň bolsa has bilimlileri Parfiýa hatyny bilmekleri bilen birlikdeb grek hatyny-da kanselýariýa stiliniň kadalaryny-da, degişli ýuridik adalgalary-da bilýär ekenler.

Parfi ýadöwleti köp taýpalalyň we halklaryň gatym-garymlygy bolanlygy üçin, köp wagtlap döwlet dini bolanlygy bolmandyr. Bir wagtyň özündse dürli-dürli welaýatlaryň wetaýpalaryň köp sanly hem-de biri-biri bilen utgaşyk dinleriniň hudaýlary bolup, bu hudaýlar, atlary dürli bolsa-da, hemmesiniň alamatlandyrýany tebigatyň birmeňzeş güýçleri ýa-da hadysalary bolupdyr. Dah-parn-parfiýaly taýpalarynyň özleriniň-de arasynda dini düşünjeler bir meňzeş bolman, aýry-aýry taýpalaryň jemgyýetçilik we hojalyk taýdan ösüşine baglylyk-da dürli derejede bolupdyr. Oturymly ekerançylarda-da, ýarym oturymly maldarlarda we göçürim çarwalarda-da hudaýlar hem ruhlar ýokary we aşak hudaýlara we ruhlara bölünen bolsa-da, ýarym oturymly maldarlar-da we göçürim çarwalarda bolşundan oturymly ekerançylar ilaty arasynda dini düşünjeleriň has guruwly sistema salnandygy gürrüňsizdir. Gün hudaýlygyna aýratyn çokunylypdyr, çünki Merkezi Aziýanyň çarwa massagetleri arasynda gün ozal hem birinji orny eýeläp gelipdir we olar güne atlary gurban edýär ekenler. Dah-parfiýalylar arasynda hem gün Ahuramazdanyň ogly Mitranyň obrazyna salnyp, ösümligiň hudaýy we bir wagtyň özünde çopanlaryň, ylaýta-da esgerleriň piri hökmünde görlüp, oňa gylýallar bagyşlanylypdyr. Iň esasy hudaýlaryň biriniň at bilen baglanyşykly edilmeginiň sebäbi parfiýalylaryň durmuşynda şu haýwanyň uly rol oýnanlygydyr. Bu ýerde iki din: ata we güne çokunmak dinleri birigen bolmaga çemeli.

Aýal hudaýlaryň arasyndan parfiýalylar beýik ene-hudaýy aýratyn hormatlapdyrlar. Päk gyzlyk we enelik hakyndaky, umuman tebigatyň ruhlandyryjy güýçleriniň we hususan-da hasyllylygyň hudaýy hakyndaky düşünjeler şol hudaýda çylşyrymly suratda utgaşdyrylýar ekeni. Örän gadym wagtlardan bäri aýal hudaýyň akar suw bilen baglanyşdyrylmagy miras bolup galypdyr, bu bolsa Parfiýanyň esasy welaýatlarynda suwuň gytlygynyň şertlerinde doly derejede kanuna laýyk zatdyr. Margiananyň Parfiýa şäherleriniň we obalarynyň harabalary arasyndan tapylan palçykdan ýasalan aýal butlarynyň köp sanly bolanlygyna garanyňda, şol ýerde agyr lybas bilen bezelen, eli aýnaly ene hudaý halk arasynda aýratyn ýörgünli bolupdyr. Şonuň bilen birlikde ýogyn ýanbaşly, göwüslek we tiara şekilindäki börükli edilip, aýalyň palçykdan ýasalan ýalaňaç suraty bolan halk suratlary hem duş gelýär.

Baryp Ahemenitler zamanynda döredilen, özi-de Dariniň we Kserksiň Ahuramazda dinini, Midiýanyň jadygöýlük dinini hem-de Orta Aziýanyň haýra we şere bölünip, ot dinini goldan zoroastrizmini birikdiren din parfiýalylar arasynda çuň kök uran din bolupdyr. “Öçmez oduň” yşygyny saklan iň esasy ybadathanalaryň biri Asaakda bolan Horasan ybadathanasy bolupdyr.

Ärsaklar patşalary tarapyndan baştutanlyk edlen we ellinizparaz bolan Parfiýa han-begleri özleriniň sinkretizmi bilen dini düşünjelere has hem uly bulaşyklyk girizipdirler. Höküm sürýän ýokary gatlag öz durmuşyna ýokary derejelerde bolan grek hudaýlarynyň suratlaryny ornaşdyryp, olary özleriniň halk hudaýlaryna meňzepdirler (meselem, Zews Ahuramazda bilen, Apollon Mitra bilen, Artagna bilen deňelipdir we ş.m.) Parfiýa ybadathanalarynda, patyşa köşklerinde, gul eýeleri bolan Parfiýa han-begleriniň öýlerinde satyn alnan ýa-da olja alnan statuýalary kän peýda bolup, bu statuýalar ellinistik sungat tarapyndan kanunlaşdyrylan esasy we ikinji derejeli ellinistik hudaýlaryň suratyny görkezipdir.

Ýagdaý şunuň ýaly bolansoň, Parfiýa döwletiniň taryhynyň uly döwri bolan ikinji döwründe biri-biri bilen onçakly ysnyşygy bolmadyk halklaryň we welaýatlaryň içerki taýdan birleşdirilmeginiň täze serişdesini hasyl etmek üçin “imperiýa dininiň”döredilmeginiň döwlet jähetinden zerurlygy görnüp ugrapdyr. Bu din üçin esas bolup zorastrizm hyzmat edipdir, bu bolsa giçki Ahemenitler zamanynda emele gelen iň hemme taraplaýyn din bolup, Parfiýa döwletinde has ýaýran birnäçe dini akymlary öz içine alypdyr. Şu dini täze taryhy zamanyň şertleriniň islegine ýakynlaşdyrmak üçin Wologaz I-iň (52-77/8-nji ýyllarda) zamanynda Awestanyň 1-nji redaksiýasy düzülipdir. Dini edebiýatyň hat ýüzünde ýa-da agyzdan-agza geçip gelmek şekilinde saklanan dürli-dürli bölekleri, beýitler, süreler, taryhy rowaýatlar we dessur kadalary bir tär bilen seçilip alnyp, şu kitap ýygyndysyna girizilip, soňra kanunlaşdyrylan bolmaga çemeli.

Parfiýalylaryň özarasynda Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynda ýöredilen dini düşünjeler agdyklyk edipdir, munuň özi ölüleri jaýlaýyş dessurynda äşgär ýüze çykypdyr. Parfiýalylarda ölüleri jaýlamak dessury ölenleriň meýitlerini guşlara ýa-da itlere iýdirmekde, soňra bolsa olaryň gemirlen süňklerini ýere gömmekden ybarat bolupdyr. Günorta Türkmenistanyň territoriýasynda Parfiýa zamanynda bolan sungat “iki medeniýet” problemasy nukdaý nazardan garanyňda örän aýdyň bolup görünýär, bu problema bolsa antogonistik synplary bolan her bir beýleki jemgyýetiň barlanmagy barada bolşy ýaly, gul eýeçilikli Parfiýa döwletiniň – de barlanmagy barada kanuna laýyk suratda ulanylyp bilner. Ozaly bilen, jemgyýetiň höküm süren ýokary gatlagynyň arheologlar tarapyndan tapylan inwentary öz sostawy boýunça halkyň giň köpçüliginde bolan inwentardan tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde ýerli gul eýeçilikli şäherleriň medeniýetinde we sungatynda iki sany ugur aýdyň görnüp, bu ugurlar Parfiýa jemgyýetiniň “iki medeniýetiniň” aragatnaşygy manysynda mazmuny we ähmiýeti boýunça dürli ugurlar bolupdyr. Birinji ugur – “ellinizmparaz” ugur bolup, mundan iri gul eýelerine degişli bolan sungat ýadygärliklerinde formalaryň keseden alnandygynyň alamatlary äşgär görünýär, çünki şol wagtda Parfiýa patyşalary we şol wagtky Parfiýa jemgyýetiniň ýokary gatlagynyň wekilleri grek dilini öwrenmäge synanyşyp ellinistik medeniýetiniň gazanan käbir üstünlerini Parfiýa mehaniki suratda geçiripdirler we hat-da käwagtlarda özlerine ýat köşk däpleri bolan grek-rim gul eýeleriniň däplerini-de özleşdiripdirler. Ýerli halk döredijiliginiň belent mertebeli däbi patyşa köşgüniň we han-begleriň islegine garşy durup, bu däp Ýakyn Gündogar ellinizminiň gazanan üstünliklerini özleşdirmek esasynda aslyýetinde özboluşly Parfiýa medeniýetini döredipdir. Medeniýetde we sungatda ikinji ugur bolan parfiýaçylyk ugur “ellinistik” düzgünleriniň doly suratda täzeden işlenmegi esasynda we bütin Rim zadynyň garşysyna hereketiň güýçlenmegi bilen ýerli halk däpleriniň üstün çykmagy esasynda ösüp ýetişipdir.

Parfiýalylaryň öz taryh edebiýaty bolupdyr, bu edebiýat durşy bilen ýitipdir. Eger pars dilinde ýazylan giçki edebiýata saklanyp galan eserler bolan “Palma bilen geçiniň jedeli” diýen we “Zarir hakynda ýadygärlik” diýen iki eseri hasap etmeseň, Parfiýa çeper edebiýatyndan-da hiç zat galmandyr diýen ýalydyr. Emma Firdöwsiniň döreden eseri bolan “Şanamanyň” käbir bölümlerinde Parfiýa döwletiniň ýaşan zamanynyň täsiri görünýär, çünki şol eserde gahrymanlaryň durmuş beýanyna Arşakitler dinastiýasynyň wekilleriniň hakyky eden işleriniň epizotlary girizilipdir. Meselem, Giw diýen ogly bolan we Gürgen hem Isfahan diýen ýerleri öz ygtyýaryna alan epik Gotarzyň adynyň ozal Girkaniýanyň hökümdary bolan Giwiň ogly taryhy Gotarzyň ady bilen gabat gelmegi özüne ünsi çekýär. Epik Gistasp hakyndaky gürrüňiň aýry-aýry ýerleri Wologaz I-iň biografiýasyna, ýagny Awestanyň düzülmegi we alanlaryň garşysyna göreş bilen dogry gelýär, çünki Parfiýa ýerlerine alanlaryň iulkinji çapawullyklary edil Wologaz I-iň zamanynda bolupdyr. rýstem zal hakyndaky rowaýatlaryň hem esasy bölegi sak –parfiýalylar arasynda bolan wakalara syrygýan bolmaga çemeli.

Parfiýa zamanynda Günorta Türkmenistanyň arhitekturasy ýokary ösüşe ýetipdir. Baryp birinji döwür bolan “ellinizmparazlyk” döwründe-de gadymy formalaryň ýerli döredijilik esasynda täzeden işlenmegi bilen birlikde jaýlaryň planlarynyň we möçberleriniň özboluşly çözülmesi şol arhitektura üçin häsiýetli bolupdyr. ikinji döwürde belent Parfiýa stiliniň emele gelmek prosesi doly derejede tamamlanýar.

Esasy gurluşyk materýallary bolup eýlenen palçyk we çyg kerpiç hyzmat edipdir. Jaylar örän galyň diwarly edlip salnypdyr. Jaýlaryň üsti ýasy görnüşnde basyrylyp, jaýlaryň üçek pürsleri köp wagtlarda agaçdan ýa-da kerpiçden edlen sütünleriň üstünde goýlupdyr, bu sütünleriň bolsa ýokary başy her dürli edilip owadanlanypdyr we düýbi daaw esas üsünde goýlupdyr. Jaýlaryň diwarlary palçyk bilen ýa-da gej bilensuwalypdyr, käwagtlarda bolsa gyrmyzy reňk bilen reňklenipdir, diwarlary bezemekde köp wagtlarda bişirilen gyzyl palçyklar, gyzyl palçyk çyzmyklary, palçykdan edlen nagyşly plitalar ulanylypdyr.

Nusaýda parfiýaly ymarat ussalarynyň salan monumental jaýlarynyň galyndylary saklanypdyr. Şol jaýlaryň arasynda Parfuýa han-begleriniň täze Nusaýdaky mazarlarynyň territorýasynda kiçiräk ybadathana bar, bu jaý beýik bolmadyk tekizligiňüstünde göni burçly edlip salnypdyr, töweregine bolsa sütünli eýwan aýlanypdyr. Köne Nusadaky zat saklanýan inedördül jaý hem şol wagtda salnypdyr.Sol jaýyň sütünlenen eýwanly edlip daşyna aýlanan howlusy bar, bu howlunyň her biri tarapynda sütünli edlip salnan üç sany süýrgült otaglar ýerleşdirliopdir. Bu zat saklanýan jaý Parfiya patşalarynyň ata-babalarynuyň dini bilen baglanyşykly bolmaga çemeli.

Köne nusaýyň günorta böleginde köşk-ybadathana jaýlarynyň ägirtuly ymaraty bolupdyr. Şol ýerde 400 kwadrat metr meýdanly ullakan inedördül ýygnak zaly agtarylyp tapyldy. Bu jaýyň diwarlary diwar sütünleri bilen iki gat edlip salnypdyr, şonuň ikinji gatynda palçykdan ýasalan iri statuýalar tagn üstünde goýlupdyr. Pürsler diwarlaryň üstünde we dört sany ullakan dörtgyraň sütüniň üstünde goýlupdyr. Jaýyň kompleksi ýaşaýyş jaýlarynyň we hojalyk jaýlarynyň tutuş bir toparyny, sütünli içki howlujyklary, monumental ybadathana dinini, şol diniň töweregine aýlanan koridorlary we uzynlygyna 17 metr bolan ybadathanany öz içine alýar, şu ybadathananyň içinde bolsa hudaýlaryň esasy statuýalary goýlupdyr.

Günorta Türkmenistanyň Parfiýa skulpturasyndan biziň elimize düşenleri dürli nusgalarda we dürli tehnika bilen ýasalan: eýlenip (köplenç palçykdan) ýasalan, daşdan ýonulyp we gazlyp ýasalan, metaldan guýlup hem zikge edilip ýasalan, keramiki zatlardan (gyzyl palçykdan) ýasalan statuýalardyr. Köşkleriň we ybadathanalaryň içini bezemek üçin palçykdan ýasalan statuýalar adamyň hakyky boýundan hem has uly edilip ýasalypdyr. Bu statuýalar gaty saz edilip, örän timarlanyp ýasalanlygy we formalarynyň birneme umumylaşdyrylyp ýasalanlygy bilen häsiýetlenýär; statuýalar dürli reňkler bilen reňklenipdir. Margianada koroplastika – hudaýlaryň, adamlaryň we haýwanlaryň suratlarynyň gyzyl palçykdan örän çeperçilikli kiçijik edilip ýasalmagy – ýokary kämillige ýetipdir. Parfiýalylarda gliptika, ýagny daş ýonup, ownujak zatlary ýasamak sungaty örän ösüpdir, bu zatlar bolsa bezeg edilip, doga edilip, şahsy möhür edilip ulanylýar ekeni we bu zatlar adatça ýüzüge gaşa edilip oturdylýar ekeni. Köne Nusaýdan şular ýaly möhürleriň birnäçesi we şol möhürleriň onlarça ottiskleri tapyldy, olaryň ýüzünde bolsa patyşanyň täç geýýän suratlary, awçylyk suratlary, dürli-dürli hudaýlaryň, haýwanlaryň, simwollaryň suratlary bar. Uly Arşakitleriň manatlarynda patyşalaryň owadan edlip çekilen suratlary bar, bu suratlary Parfiýa medalçylary çekipdirler. Parfiýa ussalary süňk ýonup surat çekmek hünärine örän ökde bolupdyrlar, bu hünäriň bolsa görnükli nusgalary patyşa ritonlarydyr – Nusaýdan tapylan şah görnüşli gaplardyr. Gadymy dünýäde Parfiýa halylary we Parfiýa ussalarynyň daşdan ýasan zatlary örän gowy görlüpdir, şunda gaty flýuorit daşyndan, çyzmykly daşdan we ş.m. daşlardan ýasalan “daş käseler” aýratyn şöhratly zat bolupdyr. Günörta Türkmenistanda geçirilen arheologik barlaglar dürli-dürli şekillerde bolan ýokary hilli gap-çanaklary ýasan Parfiýa küýzegärçilik önümçiliginiň örän ösendigini takyklady.

Parfiýa medeniýetiniň göýä özbaşdak däl eklektiki häsiýeti bar diýip, buržuaz ylmyň tassyklamalarynyň tersine, şol medeniýet ýadygärlikleri onuň öz esasy boýunça ýerli, özboluşly medeniýet bolup gelendigini, Parfiýanyň esasy welaýatlarynda gadym wagtlardan bäri ýaşap gelen halklaryň döreden medeniýeti bolup gelendigini hem-de ahyryna çenli şeýle medeniýet bolmagyna galandygyny äşgär görkezýär. Bu medeniýet belli bir etapda ellinistik elementleri peýdalanypdyr we olary täzeden işläpdir, emma şunuň özüniň mazmunyny doly suratda saklapdyr.

Karl. Marks özüniň taryhy ýazgylarynda “Parfiýa imperiýasyndan Täze pars emele gelipdir” diýip belläpdir. Günorta Türkmenistanyň Parfiýa döwletiniň tas ýüz ýyl diýen ýaly köp ýaşan oba Parfiýa oturym ýerleriniň soňky ýyllarda öwrenilemgi Arşakitler döwletiniň ýykylmagyna we häkimiýet başyna Sasanitler dinastiýasynyň geçmegine gul eýeçilik formasiýasynyň krizisiniň başlanmagy sebäp bolan bolsa-da, gul eýeçilik jemgyýeti gutarnykly ýykylyp, ykdysady bazisiň çürt-kesik üýtgeşmeginiň diňe IV asyrda bolandygyny we hususan-da oba sebitleriniň şol wagta çenli rowaç bolan durmuşynyň biraz wagtlap pese düşmegi bilen bilelikde barandygyny görkezýär.

Tutuş Günorta Türkmenistanyň taryhy-arheologik taýan öwrenilmegi dürli zamanlarda ýerli medeniýetleriň ösüşiniň dyngysyz barandygyny, şol medeniýetleriň özboluşlylygyny we yzygiderlidigini takyklady hem-de parn-parfiýaly taýpalary bilen türkmen halkynyň medeni we etnogenetik aragatnaşyklarynyň bolandygyny belledi. Türkmenleriň etnogeneziniň prosesi dah-massaget taýpa soýuzlarynyň iň gadymy territorial – syýasy umumylygynyň çäkleri içinde başlanypdyr. Parfiýalylar bolsa gadymy döwrüň birnäçe etnik toparlarynyň biri bolup, türkmen halkynyň-da etnogeneziniň aňyrsy baryp şol tarapa direlýär we türkmen halky özüniň ýaşaýan ýurdunyň baý medeni geçmişiniň mirasdary bolup durýar.