Ogulsenem Taňňyýewa
Ömri we döredijiligi
[düzet | çeşmäni düzet]Taňňyýewa Ogulsenem Öwlüýägulyýewna 1953-nji ýylyň 13-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginde dünýä inýär. Geljekki ýazyjynyň durmuş ýoly agyr bolýar. Heniz ol bäş ýaşyndaka atadan ýetim galýar. Dört ýetim çaga bilen öýüň ähli keşigi bolsa Ogulsenemiň ejesi Ogulbegiň boýnuna galýar. Özünden dört ýaş kiçi körpe inisi ese-boýa galýança, Ogulsenem öýde galyp oňa göz-gulak bolmaly bolýar. Şu sebäpden hem ol mekdebe iki ýyl giç barmaly bolýar. Orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlap, Ogulsenem Taňňyýewa Aşgabadyň Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwerstitetine okuwa girýär. Okuwynyň gapdalyndan O.Taňňyýewa respublikan telewideniýesinde işleýär. 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwerstitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini tamamlandan soň, O.Taňňyýewa «Ýaş kommunist» gazetine işe barýar. Hut «Ýaş kommunist» gazetinde hem ýaş ýazyjynyň döredijiligi taplanýar.
Irki çeperçilik döredijiligi
[düzet | çeşmäni düzet]1985-nji ýylda SSSR-de yglan edilen üýtgedip gurmak, aç-açanlyk syýasaty ýaş žurnalistleriň zehinleriniň taplanmagyna getiripdi. Metbugatda berlen söz azatlygy döwrüň aktual hem wawwaly meselelerine ýüzlenmäge, tankydy materiallary gazet sahypalarynda çap etmäge rugsat berilýärdi. «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri bolup işlän döwründe Ogulsenem Taňňyýewa birnäçe aktual temalardan, kriminal temalardan ýiti-ýiti makalalary çap etdirip, respublikada meşhurlyga eýe bolýar. Onuň «Suduň zalyndan» diýen rubrikada ýazan makalalary okyjylaryň hiç birini-de parhsyz goýmaýardy.
Ogulsenem Taňňyýewanyň dramaturgiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]Kyssa žanrynyň ussady Ogulsenem Taňňyýewa döredijilik ýolunda dramaturgiýada hem özüni synap gördi. Onuň galamynyň astyndan ýigrimiden gowrak pýesalar, ownukly-irili intermediýalar çykdy. Ogulsenem Taňňyýewanyň pýesalaryny eger häzirki döwrüň ýaşlary okasa, onda olar üçin köp zatlaryň nätanyş hem geň bolup görünjekdigi köre hasa. Sebäbi pýesalaryň aglabasyndaky wakalar Sowet Soýuzynyň ahyrky ýyllarynda bolup geçýär. Bu döwür ýaş okyjylar üçin bütinleý ýatdyr. «Patmanyň öýi», «Jezany kim çekmeli?» pýesalarynda ýaş gyzlaryň bary-ýogy ýekeje kişilik panbarhat matany özlerine uly baýlyk hasaplamaklary şu günki günüň ýaşlary üçin düýbünden akyla sygmajak ýagdaý. Ýöne geçen asyryň segseninji-togsanynjy ýyllarynda bir kişilik panbarhat matanyň iki-üç sany aýlyk zähmet haky bilen deň bolandygyny bellesek, onda barysy düşnükli bolsa gerek. Ogulsenem Taňňyýewa «Ýaş kommunist» gazetinde işlän döwründe ýurtda ten söwdasy bilen meşgullanýan zenanlar bilen bagly köp makalalary ýazypdy. Olaryň şeýle gabahat işe baş goşmaklaryna näme mejbur edýär? Meslikmi? Azgynçylykmy? Zorlukmy? Awtor «Patmanyň öýi» pýesasynda şu tema ýüzlenipdir. Awtoryň «Pul belasy» pýesasynda pukaraçylyk zerarly alaçsyz ýagdaýda galan adamlaryň ykbalyndan söhbet açylýar. Pýesadaky wakalar şol döwürde Aşgabadyň eteginde bikanun gurlan «Gaža», «Nahalstroý» ady bilen belli raýonlardaky jaýlarda ýaşaýanlaryň durmuşy barada. Eserde beýan edilişine görä, ol ýere awtobusam gatnanok, köçelerem tertipsiz, akanak-da-çukanak. Bikanun gurlan jaýlarda ýaşansoňlar, bu ýeriniň ilatynyň aglabasynyň propiskalary, ýagny, Aşgabat şäherine ýazgylary hem ýok. Paýtagta ýazgysy bolmadyklara döwlet edara-kärhanalarynda iş berilmeýär. Işsizlik, biçärelik sebäpli adamlar jenaýata baş goşmaga, ýaş gyzlar bolsa ýoluny urdurmaga mejbur bolýar. Ýazyjy Ogulsenem Taňňyýewanyň döredijiliginiň kämilleşen döwri, esasan, üýtgedip gurmak ýyllaryna gabat gelensoň, şol döwrüň wakalary onuň pýesalarynda hem açyk bildirýär. Sowet döwrüniň aglaba çeper eserlerinde, kinolarynda sosialistik gurluş mahabatlandyrylyp, kapitalistik jemgyýet ýazgarylýardy. Üýtgedip gurmak döwrüniň gelmegi bilen, çeper edebiýatda hem ähli zada sagdyn pikirlenmäge şert döredilýär. Ogulsenem Taňňyýewa şu mesele bilen bagly iki sany sahna eserini — «Mele saç gelin» hem-de «Ölümden soňky ölüm» dramalaryny döredýär. «Mele saç gelin» dramasynyň baş gahrymany türkmen ýigidi. Ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Berline çenli söweş ýoluny geçýär. Berliniň eteginde agyr ýaralanyp, nemes maşgalasynyň elinde galýar. Nemes maşgalasy ony aýaga galdyrýar. Türkmen esgeri özüni halas eden bu maşgala minnetdar bolýar. Şol öýüň gyzyna aşyk bolýar hem-de ony Germaniýadan öz obasyna alyp gelip, oňa öýlenmek isleýär. Ýöne oba ilaty muňa kes-kelläm garşy çykýar. Ýigidiň ejesem, obadaşlaram şeýle pikirde. Emma «Mele saç gelin» dramasynyň dowamynda nemes gyzy özüni töwerege söýdürmegi başarýar. Pýesada nemes halkynyň hem ynsandygy, olaryň hem, edil türkmen halky kimin, ganhor Gitleriň tutaşdyran odunyň pidasy bolandygy açylyp görkezilýär. Eserdäki wakanyň üsti bilen Germaniýa bilen bolan aldym-berdimli gandöküşikli uruşda tutuş nemes halkyny bir aýakdan sürmegiň nädogrudygy öňe sürülýär. Ogulsenem Taňňyýewanyň «Ölümden soňky ölüm» dramasy hem şeýle ideýa ýugrulan. Eseriň gahrymany rus esgeri Iwan Germaniýada ýesir düşýär. Ýaraly wagty rus esgerine nemes maşgalasy seredip, ony aýaga galdyrýar. «Ölümden soňky ölüm» we «Mele saç gelin» pýesalarynyň üsti bilen täze nesle sowet halky bilen nemes halkynyň arasynda duşmançylyk bolmaly däldigi ündelýär. Awtoryň «Alaja ýüp», «Göz» pýesalarynda nadan adamlar ýazgarylýar. Bu pýesalarda yryma aşa ynanyp, gahrymanlar gülkünç hem gynançly ýagdaýa düşýärler.

Ogulsenem Taňňyýewanyň «Del myhman» dramasyny okanyňda, türkmen sowet intelligensiýasynyň nähili kösençlikde ýaşandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Kyrk ýaşyna ýeten žurnalist Söhbet Saryýew indi näçe ýyl bäri ýetişen ogly, gyzy, aýaly bilen ýekeje otagly jaýda ýaşaýar. Daryşganlyk ýerde ne çagalar ine-gana öý işlerini edip bilýärler, ne arkaýyn telewizor görüp bilýärler. Şeýle ýagdaýda ýaşap ýören žurnalistiň öýüne Amerikadan bir alym myhmançylyga gelmekçi bolýar. Kyn ýagdaýa düşen žurnalist Söhbet Saryýew ýagdaýdan baş alyp çykmak isleýär. Daşary ýurtly myhmany gowy garşylamak üçin ol goňşusynyň öýüni bir günlük diläp alýar. Tanyş-bilişlerinden karz alyp, desserhanda her dürli naz-nygmatlar goýýar. Üýtgedip gurmagyň ruhy ýazyjynyň «Alymlyk derdi» we «Betbagtçylyk» komediýalarynda hem aýdyň duýulýar. «Alymlyk derdi» komediýasynda baş gahryman Ahmediň üsti bilen awtor körzehin alymlary paş edýär. Ahmet zehinli ylmy işgär, emma ylmy işleriniň kämildigine garamazdan, goldawy bolmansoň, ol henize çenli hem ylmy işini gorap, alymlyk derejesini alyp bilmeýär. Muňa derek Gülöwser, Sähetli ýaly hossarlarynyň kömegi bilen ylmy işi gorap, alym bolanlaryň gazykdan ýörütmedikleri, nalajedeýindikleri görkezilýär. Komediýada ylmy institutyň bölüm müdiri Arslan Hanowiç Ahmediň ýerine ýegeni Eşekgulyny işe aljak bolýar. Eseriň dowamynda ylmy edarada edenini edip ýören Arslan Hanowiç kiçi ylmy işgär Ahmediň metbugat sahypalaryndaky tankydy makalalary netijesinde wezipesinden gyrakladylýar. Komediýanyň üsti bilen awtor üýtgedip gurmagyň şeýle diýdimzorlugyň köküne palta urjakdygyna ynam bildirýär. Awtoryň «Betbagtçylyk» komediýasynda «Maslahat» edarasynda bolup geçýän wakalaryň üsti bilen şol döwrüň käbir edaralarynda hiç bir iş edilmän, döwlete diňe zyýan ýetirilýändigi wakalaryň üsti arkaly açylyp görkezilýär. Synag hökmünde açylan «Maslahat» edarasy raýatlara sosial kynçylyklarynda goldaw bermeli, maslahat bermeli. Emma muňa garamazdan, ol edaranyň işgärleriniň ählisi özlerine ynanylan wezipe bilen meşgullanman, ýatan çöpi galdyrman, diňe aýlyk alyp ýör. «Maslahat» edarasynyň bölüm müdiri Şabike Pullyýewnanyň bolsa bar küýi-aladasy gyzy Aýperini gözellik konkursynda ýeňiji etmek. Eserde «Maslahat» edarasynyň organy bolan «Maslahat» gazetiniň hat-petek gatnadyjysy Gytja bu ýagdaýlar barada metbugatda makala çap edýär. Awtor şol döwürlerde internasionalist esgerleriň hem jemgyýetçilige uly täsir ýetirendigini görkezýär. Owganystandaky urşa gatnaşan Seýran «Internasionalist esgerler» klubunyň agzasy bolmak bilen, ogludyr gelniniň bihepbeligi sebäpli garrylar öýüne tabşyryljak bolýan gojanyň dadyna ýetişýär. Seýran oba sowetine baryp, garry babaly meseläni orta goýýar. Kolhozyň prawleniýesine çagyrylan garry babanyň ogly bilen gelni eden işleriniň telekdigine düşünýärler. Netijede gojany garrylar öýüne bermek pikirinden olar el çekýärler. Garrylar öýüne iberiljek babanyň üsti bilen awtor şol döwrüň oba durmuşynyň juda agyr bolandygyny nygtamak isleýär. Aýlyk ýetmezçiligi, işsizlik, eklenç kynçylygy. Hut şu zatlar hem ogul bilen gelniň öýde artyk ýük hasaplanýan garrydan dynmak pikirine getirýär. Meşhur anekdotyň esasynda döredilen «Gijeki başagaýlyk» komediýasynda gytçylyk döwründe dükan müdirleriniň alyp barýan pyssy-pyjurlygy paş edilýär. Halkyň emläginden gyrp-çyrp edip, haram puldan baýan dükan müdiri Gully Myradowiç ahlaksyz hem messepsiz adam. Ol satyjylary Gülbahar bilen Leýlanyň gözüni-başyny aýlap, mes ýaşap ýör. Haçanda dükana gelen araklary ýükçi Sary bilen gijara skladdan ogurlamagyň maslahatyny bişirip, niýetlerine düwen çagy, olar gülkünç ýagdaýa düşýärler. Şu waka netijesinde-de gahrymanlaryň ählisiniň kemçilikleri ýüze çykýar. Degişmäniň üsti bilen awtor şol döwrüň ruhuny bermegi başarypdyr. Awtoryň «Hommadyň gyzy» dramasynda tekepbirligi bilen gyzynyň ykbalyny döwen ata hakda gürrüň berilýär. Hommat gyzy Bägül üçin gelen birgiden sawçylara göwnüýetmezçilik edip, perzendiniň «bazaryny» sowýar, şeýdibem ony betbagt edýär. Ýetginjek ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan «On ýedimiň bahary» dramasy awtoryň adybir powesti esasynda döredilendir. Bu dramada şäherli oglanyň oba durmuşyna ysnyşyşy, ýaşlaryň söýgüsi görkezilýär. Çagalar üçin ýazylan «Öýkelänler» erteki dramada awtor türkmen folkloryna ýüzlenýär. Ogulsenem Taňňyýewa dürli žanrlara, ýagny komediýa, melodrama, drama, erteki-drama ussatlarça çemeleşmegi başarypdyr. Onuň döreden sahna eserleriniň aglabasy öz döwründe welaýat teatrlarynda, halk döredijilik teatrlarynda sahnalaşdyryldy.
Ogulsenem Taňňyýewanyň döredijilik tematikasy
[düzet | çeşmäni düzet]Metbugatda işlän döwründe birnäçe sud oçerklerini ýazmagy Ogulsenem Taňňyýewany soňy bilen detektiw žanrynda çeper eserlerini hem döretmäge itergi berýär. Onuň ýazan «Şaýat bolmak aňsat däl» diýen detektiw powestiniň esasynda «Ýaş kommunist» gazetinde öz adyndan çap eden «Gan tegmilli ýok kurtka» atly sud oçerki ýatýar. Mundan başga-da ýazyjy birnäçe kriminal wakalaryň bir sepine düzülen «Tötänligiň oýny» atly SSSR-iň ahyrky günlerini başdan geçirýän döwründe Türkmenistan respublikasynda ýüz beren jenaýatçylar toparlary barada detektiw powestini ýazdy. Ogulsenem Taňňyýewa türkmen edebiýatynyň taryhynda mistiki triller žanrynda eser ýazan ilkinji ýazyjydyr. 1992-nji ýylda «Türkmenistan» gazetinde yzygiderli çap edilen «Sülçi Soltanowyň ikinji öýlenişi» powesti türkmen edebiýatynda mistiki triller žanrynda döredilen ilkinji eserdir. Ýazyjynyň mistiki triller žanrynda soňy bilen döreden eserleri «Arwah gelýän gijesi», «Kysmat», «Guduz söýgi» powestleridir. Okyjylar köpçüligi ýazyjy Ogulsenem Taňňyýewany, esasan, onuň durmuşy eserleri bilen has içgin tanaýarlar. Ýazyjynyň «Kör söýgi» powesti ony uly meşhurlyga eýe etdi. Durmuşy temalardan ýazylan «Çagalygymyň sezasy», «Bagtym hem ýyldyzym», «Söýgi hem buterbrod»... ýaly eserler giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ogulsenem Taňňyýewanyň çagalar üçin hem ýazan birnäçe eserleri bardyr. «Garakündügiň başdan geçirenleri», «Hanja» powestleri çagalara niýetlenilip ýazylan eserlerdir. Ýazyjynyň ýetginjekler temasyna bagyşlanylyp ýazylan «On ýedimiň bahary» powesti ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ömrüniň ahyrynda O.Taňňyýewa uly göwrümli taryhy epopeýany başlaýar. Bu uly göwrümli eseriň üç kitabyny ýazyp, emma dördünji kitabyny soňlap, ýetişmeýär.
Ogulsenem Taňňyýewanyň kitaplary
[düzet | çeşmäni düzet]- Aýbölegiň hüwdüsi. (Çagalar üçin).
- Gyzyl oglan. (Çagalar üçin).
- Sygan (Цыган) gelin.
- Göroglynyň täze başdan geçirenleri.
- Kiçijik gudrat. (Ertekiler).
- Kör söýgi.
- Arwah gelýän gijesi.
- Sülçi Soltanowyň ikinji öýlenişi.
- Bagtym hem ýyldyzym.
- Hanja.
- Garakündügiň başdan geçirenleri.
- Kysmat.
- Ýeňliş. (Roman epopeýa).
Bellikler
[düzet | çeşmäni düzet]Ogulsenem Taňňyýewanyň ýazan işlerini "Saýlanan eserler" atly elektron programmasynda jemlenildi.