Nusaý galalary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Ruhabat etraby.

Ýadygärligiň döwri: b.e. öň III asyr – b.e. XIX asyry

"Türkmen taryhynda beýik Parfiýa döwletini gurup, rimliler bilen darkaş guran Ärsak şa öz döwründe ylahy Ärsak şa adyny göteripdi. Türkmen taryhynda pygamber kibi yz goýan, ylahy adyny göteren şahslar Ärsak şadan başga-da gaty köp, biz olary keseki halklaryň boýnuna dakmakdan daşda, emma özümiz olaryň keramatly adamlardygyna ynanýarys, ynamymyza hem daş atdyrmarys.”

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Parfiýa Türkmenistanyň çäklerinde dörän özbaşdak döwlet bolup, ony esaslandyran Arşak bolupdyr. Onuň nesillerinden patyşalyk edenleriň hemmesine bir sözde “Arşakitler” diýilýär.

Arşakitleriň ata Watany günbatarda Girkan (Hazar) deňzi, gündogarda Ariýa (Hyrat) sebitleri, günortada Köpetdagyň ilersindäki Deştikebir çöllügi we demirgazykda hem Garagum çöllügi bilen serhetdeşdir. Eger-de ol ýerleri häzirki zaman geografiki kartasyna geçirsek, onda Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplaryny, Owganystanyň demirgazyk-günbatar ýerlerini, Eýranyň bolsa demirgazyk-gündogar çäklerini öz içine alardy.

Parfiýa döwletiniň çäkleri aýry-aýry patyşalyklara (welaýatlara) hem satraplara – (etraplara) bölünipdir. Şoňa görä-de, onuň paýtagty hem bir däl-de, birnäçe bolupdyr. Türkmenistandaky paýtagt şäheri Aşgabadyň 15 km günbatarynda häzirki Bagyr obasynyň çäklerinde ýerleşýän Nusaý galalarydyr. Bu ýerde aralary bir-birlerinden uzak bolmadyk iki sany gala bar. Olaryň gündogarkysy Köne Nusaý, günbatarkysy bolsa Täze Nusaý diýlip atlandyrylýar. Hakykatda bolsa Täze Nusaý galasynyň ýerleşen ýerinde heniz Köne Nusaý galasynyň düýbi tutulmazdan müň ýyldan hem gowrak ozal oturymly ekerançylyk obasy ýerleşipdir. Emma, günbatarky galada ýaşaýyş XVII-XVIII asyrlarda hem dowam edipdir. Şoňa görä-de oňa Täze Nusaý diýipdirler.

Baryp, XIX asyrda rus barlagçylary “Şu harabalyklar gadymy we orta asyr taryhçylarynyň agzan Nusaý şäheriniň galyndylarydyr” – diýip, çak edipdirler. Şäher harabalygynyň Köne Nusaý we Täze Nusaý diýen türkmençe ady hem şol çaklama laýyk gelýärdi. Emma, käbir daşary ýurt alymlary ýaňy-ýakyn wagtlara çenli Gadymy Nusaý kä Nişapuryň ýakynlygynda käte Midiýada ýerleşendir diýip, tassyklaýardylar. Bagyrdaky gadymy şäher harabalyklarynda XX-nji asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenkultyň we ylaýta-da Günorta Türkmenistan Arheologik kompleksleýin ekspedisiýasynyň (GTAKE) 1946-njy ýyldan başlap ýaýbaňlandyran arheologik işi Nusaýyň hut şu ýerdedigini şübhesiz tassykladylar.

salgylanma[düzet | çeşmäni düzet]

gollanma maglumat merkezi