Nikulin Ýuriý Wladimrowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Doly tutulýan ady: Ýuriý Wladimrowiç Nikulin

Doguldy. 18.12.1921. RSFSR (SSSR) Demidow

Öldi, 21.08.1997 (75 ýaşynda) Russiýa Moskwa

Raýat: SSSR→Russiýa raýaty

Käri: Aktýor, Sirk Arstisti (masgarabaz), rejisýor,

Meşhurlyk ýyllary: 1958—1991

IMDb: ID 0631994

Umumy[üýtget | edit source]

Nikulin Ýuriý Wladimrowiç (18 dekabr 1921—21 awgust 1997), russiýaly artist,SSSR-iň halk artisti (1973), Sosialistik Zähmetiň Gahrymany (1990). Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy. Moskwaň sirkiniň ýanyndaky studiýany tamamlandan soň, 1950-nji ýyldan başlap M.I. Şuýdin bilen bilelikde masgarabaz bolup şol sirkde çykyş edip başlaýar. 1982-nji ýyldan başlap, Moskwanyň Swetnoý bulwar sirkinde baş režisýor. Kinorežesýor L. I. Gaýdaýyň filimlerinden(“Kawkaz ýesiri”, 1967; “Brilliantly el”,1969) tanalýan meşhur komediýa artisti.Gaýdaýyň irki gysga metražly filmlerindäki (Balbes) masgarabazlyga ýakyn personažy,onuň hemişelik maska-obrazyna öwrüldi. Artistiň çuň dramatik talanty “Agaçlaryň uly wagty”(1962), “Muhtar, meniň ýanyma!”,“Ýigrimi gün uruşsyz”(1977), “Garantga”(1984)we beýleki filmlerde açyldy. Rossiýa Federasiýasynyň Döwlet baýragynyň eýesi. Birnäçe gezek çap edilen“Çynlakaý diýen ýaly...” memuarlar kitabynyň awtory.1990-njy ýyllarda ilhalar “Ak totyguş” telegepleşigiň alyp baryjysy we ýene-de birnäçe telegepleşikleriň gatnaşyjysydyr. Onuň özüne çekiji ak ýürekliligi, adamkärçiliginiň tebigylygy, durmuşa bolan söýgisi ählihalk hormatyna eýe boldy. Ýuriý Wladimirowiç barada dynman gürrüň edip bolar. Ýöne onuň “Çynlakaý diýen ýaly...” kitabynda özi barada aýdyşy ýaly gowy hem gyzykly hiç kim aýdyp bilmez. Bu gezek ady agzalan kitapdan,

“Ýuriý Wladimirowiçden anekdotlar” kitabyndan bölekler[üýtget | edit source]

Odessa, gedaý el serip otyr. Ýanyna Isaak gelýär, ep-esli wagt jübilerini dörüp durýar, ahyr soňy bir manat çykarýar—da onuň şlýapasyna oklaýar we: --Bagyşla meni Abramçik, düýn men öýlendim, indi meniň aýalym we gaýynenem bar. Şonuň üçin men saňa iki manat berip bilmeýärin—diýýär. Abram ýerinden böküp turýar-da, ähli köçe eşider ýaly gygyryp başlaýar: --Hemmäňiz bäri geliň! Görüň bu nejisi! Düýn ol öýlenenmiş, bu gün bolsa men onuň maşgalasyny eklemeli!

Bazarda. 一Bu atyň bahasy näçe?一Bagyşlaň hanym, bu jüýje. 一Men bahasyna seredýärin.

一Är-aýal Goldbergler şu ýerde ýaşaýarlarmy?一Ýok. Ýöne birinji gatda jenap Gold, dördünji gatda bolsa hanym Berga ýaşaýarlar. 一Düşnükli. Onda olar aýrylyşan bolsalar gerek.

Student öýüne hat ýazýar:“Eje, men institutda okaýaryn. Hemmeler okuwa awtobusda gatnaýarlar, men bolsa takside”. Ejesi ogluna jogap ýazýar: “Oguljugym,özüň ýalylardan saýlanmak nämä gerek. Sen hem awtobus satyn al-da, iller ýaly şonda gatna”.

Sirkiň direktoryna jaň gelýär: 一Aýtsaňyzlaň, size gürleýän at-a gerek däldir?Direktorgaharly trubkany oklaýar. Ýene jaň gelýär. 一Aýdyň ahyryn, size gürleýän at gerekmi ýa-da ýok?一Garagollyk etmäňi goý indi! Ýene-de jaň. 一 Eý, paňkelle! Näme maňa toýnagym bilen nomer aýlamak aňsatdyr öýüdýärmiň?

Ýaş artist ilkinji gezek sirk bilen gastrolagitjek bolýar. Ýoldaşlary oňa: 一Sen bolmanda çemodan bir satyn al ahyryn-diýärler. 一Näme üçin?一Balagyňy,penjegiňi, köýnegiňi... goýarsyň. 一Onda men näme geýip gideýin?

Iki sany ite baş öwredijiler öwünýärler: -Meniň Jildam gazet okap bilýär. 一Hawa, bu barada meniň Şarigim maňa aýdypdy.

Sirkde. Gözbagçy, zalda oturan oglanjygy maneža çagyrýar: 一Oglanjyk, meni birinji gezek görýäniňi oturanlara aýdyp bilermiň?一Hawa kaka.

Çeşme[üýtget | edit source]

pelsepe.com Kakamyrat Geldiýewiň terjimesi.